awesome
11.02.2022 12:56
Görmeksiz gyz

Ine, barýaň umydya büdräp , 
Egnin horlugyňa utanyp çala , 
Uzakda orkestor joşup –titräp, 
Tans edýär owadan gyzlary bile . 


Hor elleriňi çykaraňok ýeňiňden , 
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly . 
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden , 
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. 


Unudyp bilmän görmeksizje doglanyň , 
Ÿüregiňde hoş arzuwlar besleýäň. 


Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar : 
Ÿörite ýag bilen saçlaryn darap . 
Olar wagytdanam ozup barýarlar , 
Özleriniň owadan gyzlaryna tarap. 


Ah, horja gyz ,horluguňdan horlanýaň. 
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede ? 
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar , 
Seni oýe ugradanok biri-de. 


Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip , 
Owadan gülüşip ýüregiňe düşýär . 
Olar görmegini artdyrjak bolup . 
Gezegine seniň bilen tirkeşýär. 


Öýe gelýäň .Gyýýar ýüregiňi ünjiň , 
Harasatdan çekilýär iki owurdyň . 
Aglaýarsyň :”Ah ,eje jan , name üçin 
Meni beýle betgelişik dogurdyň ?” 


Emma goňşy gelin –bir görmegeý dul . 
Atasyz ogluna günäli bakýar. 
Hem seniň tersiňe , 
Gussa-gam çekýär; 
“Owadan dogulma ,bagytly dogul “ 


Aglama,gyz! Uýajygym gam çekme , 
Bilip bolmaz ykbalyňy öňüňden . 
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma . 
Kim gecenok öz bagtynyň deňinden . 


Käte şeýle bolýar :görkdür –görmek 
Gidip otyr il –içinde at alyp , 
Ÿöne namüçindir ,tylla ýüzük dek . 
Ÿolda.Gum içinde galýar sadalyk . 


Tekepbir bol ,çykyp bolmaz gaýa dek , 
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly . 
Şeýle ýigitler bar (olar bar entek ) 
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly ! 

Gurbannazar Eziz
14
59
N.T.
12 Fewral 2022
Älem,Olam Gurbannazar shahyryñ okap göruñ gaty gowy poema! Dove, gowy görýän goshgym shu😊👍👍👍
Älem
11 Fewral 2022
👍👍👍👍👍

Гульхан,"Daş gyz" poemasyny kim ýazan
Gülhan
11 Fewral 2022
"Daş gyz" poemasam gowy
zolushka
11 Fewral 2022
Daşky keşbi Alla döredýär. Allanyň berenine näşükür bolmak dogry däl. Görmeksiz bolmagyň gowy tarapy daşky keşbe görä gatnaşýanlardan uzak bolýan. Esasy kalby owodan ynsanlar bolar ýanynda.😊😊
zolushka
11 Fewral 2022
👏👏👍👍👍👍👍
ylham_1989
11 Fewral 2022
👍👍👍👍👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.