awesome
12.03.2022 23:37
Rowaýata görä, ol örän owadan gyz ekeni. Bir gezek meýdana gezelenje çykanda göripleriň biri, onuň haýsy tarapa gidenligini duşmana aýdýar. Duşman ýaş gyzy kowalap başlaýar. Dagyň düýbünde gaçyp gizlenen Parawbibi «Duşman namysymy depelemesin, maňa ýol salgy bereweri!» diýip, Hudaýtagala ýalbarýar weli, dag darka ýarylyp, açylyp Parawbibi girip gidýär. Dag hem ýapylýar. Şeýlelikde, Parawbibi halallygyň nyşany hökmünde halk arasynda tanalýar. Çaga garaşýan aýallar hem Parawbibiden medet dileýärler.

***

Rowaýata görä, Ybraýym Halylulla haýat dikeldýärmiş weli, ýykylýarmyş. Şonda Azazyl (şeýtan) seredip duran ekeni. Ol örän bilimli perişde bolupdyr. Ol Ybraýyma «Pahna bilen galdyr» diýipdir. Şondan soň Ybraýym pygamber pahna bilen berkidip salypdyr weli, ymarat ýykylman durupdyr. «Käbäniň salynmagynda şeýtanyň hem goşandy bar» diýen gürrüň şondan galypdyr.

***

Rowaýata görä, Eýýup pygamberiň endamyny 40 ýyl ýüpek gurçugy iýip ýatypdyr. Ahyrda sabyr edip, sabyr edip, ýere gaçan bir gurçugy (doýup ýere gaçan) alyp «Senem iý, janawer» diýip, öňki iýen ýerine goýberýär weli, ol öňküden hem beter iýip başlaýar. Eýýup pygamber şonda Allatagala nalyş edýär: «Eý, Taňrym, meniň ne ýazygym bardy, bu indi öňküden hem beter iýip başlady» diýip, zarynlaýar weli, Allatagalanyň rehimi inýär-de, Eýýup pygambere şeýle diýýär: «Sen ol gurçuga nesibesinden artyk iýdirjek bolduň, ol doýup ýere gaçdy, sen bolsa ony ýene-de öňki ýerinde goýduň, hiç kim nesibesinden artyk iýip bilmez» diýýär-de, Eýýup pygamberi şeýle sabyr edeni üçin halas edýär. Ol halk arasynda sabyrlylygyň hem ýüpek gurçugynyň piri hökmünde tanalypdyr.


***

Rowaýata görä, Idris baba bir gezek yssyda günüň aşagynda galypdyr. Ol ýakyp-ýandyryp barýan gün şöhlesine çydaman, «Günüň ýanynda bolýan erenler nädip çydaýarlarka, olary hem Allatagala az wagt bolsa-da, azat edäýmeli ahyry» diýip, pikirlenipdir. Ýerdäki adamynyň erenleriň aladasyny etmegi Allatagalanyň hoşuna gelipdir-de, erenleri bir gün boşadypdyr. Olar «Näme üçin bizi boşadýarsyňyz?» diýip, soranlarynda «Ýerdäki bir bende siziň aladaňyzy etdi, şonuň üçin boşatdym» diýip, jogap beren. Onda erenler: «Bize-de şol bendä bir ýagşylyk etmäge rugsat ber» diýipdirler. Allatagala rugsat berensoň, erenler Idris babanyň ýanyna barypdyrlar-da, onuň näme isleginiň bardygyny sorapdyrlar. Onda Idris baba behişti göresiniň gelýänligini aýdypdyr. Olar «Behişti göresiň gelse, öňürti sen ölmeli, ondan soň görüp bilersiň» diýipdirler. Idris baba razy bolupdyr. Olar Idris babanyň janyny alyp, soňra ony behişte düşüripdirler. Idris baba görse, behiştiň içi görüp doýar ýaly däl ekeni. Onuň gaýdasy gelenokmyş. Erenler ony yzyna alyp gaýtmaga gelipdirler. Ony yzyna äkitmek üçin öldürmekçi bolupdyrlar. Idris baba jennetden gaýtmak islemän, köwşüni galdyryp gaýdypdyr. Şony almak bahanasy bilen hem yzyna gaýdyp, jennetde galypdyr. Idris baba diri behişdi hasaplanylýar.
9
51
ideallider
13 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, Howwa. Şeýleräk bolmaly çagalykda eşdipdim hiç ýadyma düşenok👍🏼
Melikee
13 Mart 2022
Pahna -düşünmedim ?..😕
ideallider
13 Mart 2022
Gowy rowaýatlar. Ýöne Parawbibi barada rowaýat başgaça, ýada üýtgedilipdir(ýadyma düşenok) özüňiz hem pikirlenipgörüň "Salyhatly gyz meýdana ýeke çykmaz"! Ýene Şeýtan öň Allahyň iň eziz-gören perişdesi eken. Soňra Alla ynsany döredýär we Ol eý-gören perişdesine, ynsany söýmegi we ynsana boýun bolmagy buýrýar. Iblis-Şeýtan Allahyň bu buýruguna "Senden beter hiçkimi güýçli söýmerin, senden başga hiçkime boýun bolmaryn" diýip aýdýar we Allahyň gazabyna duçar bolýar. Şondan soňra Şeýtan ähli ynsanyýeti ýigrenýär.👍🏼
Возможность комментирования данной публикации было отключена.