atakulyyewa_humay
28.03.2023 05:39
Çigildemler meşhurlygy boýunça dünýäde üçünji orunda durýan güldür.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Çigildem çeper edebiýatda ilkinji gezek Omar Haýýamyň goşgularynda agzalýar.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Aslynda, çigildemler ilki XVI asyrda Türkiýeden Ýewropa getirilip, soňra Gollandiýa ugradylýar.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Çigildem birnäçe asyr Osman imperiýasynyň dolandyryjy neberesiniň nyşany bolupdyr. Türkiýede çigildemlere «läle» diýilýär. Ýurda bu güller ençeme ýyl ozal Eýrandan getirilýär. Indi «läle» ösümligiň diňe bir ikinji ady bolman, gelin gyzlarymyzyň hem ýörgünli adydyr.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

«Çigildemler Ýer ýüzünde millionlarça ýyl ozal bar» diýen maglumatlara taryhda duş gelinýär. Bu günki gün çigildemiň 80-den gowrak görnüşi bar (käbir alymlaryň pikiriçe, 100-den gowrak). Olaryň köpüsi Gollandiýada ösdürilýär. Sebäbi Gollandiýa olary dünýäniň ähli ýurtlaryna eksport edýän esasy ýurt hasaplanýar. Her ýyl Gollandiýadan dünýäniň dürli künjegine, takmynan, 9 milliard ösümlik eksport edilýär.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Taryhy maglumatlara görä, Russiýada çigildemler 1792-nji ýylda Pýotr I kömegi bilen peýda bolýar. Imperator Gollandiýadan bu gülleri eksport edýän ýörite kompaniýa döredýär.


🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Çigildem satuwynyň ýyllyk dolanyşygy altyn satuwynyň iki essesidir we iň uly monopoliýanyň– Ost-Indskoý kompaniýasynyň girdejisine deňdir.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Çigildemleriň nahar bişirmekde ulanylýandygyny bilýärdiňizmi? Olardan sous, süýjülik taýýarlanylýar. Ol islendik tagama üýtgeşiklik berýär.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Eýranda çigildem gurbanlygyň we şehitligiň nyşany hasaplanýar. Şeýle hem ýurduň baýdagynda çigildemiň bir görnüşi şekillendirilýär.

🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷

Çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri bolup, olaryň hersiniň öz maksady we güýji bar. «Aýralygyň habarçylary» bolan sary çigildemler baýlygy, ak reňkliler — bagyşlamagy, gülgüne — bagty we ynamy, gyzyl reňkliler bolsa güýçli, hakyky söýgini alamatlandyrýar.


🌷Çigildemler barada gyzykly maglumatlar...🌷

Ogulnur NURMYRADOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby
16
189
atakulyyewa_humay
27.03.2023 01:27
☕Durmuşymyzda her gün diýen ýaly içilýän esasy içgileriň biri-de kofedir. Kofäniň şähdiňi açýan ysy, lezzete baý tagamy adamy ýakymly duýgulara besläp, düzümindäki kofein fiziki hereketliligi ýokarlandyrýar. Meşhur kofe içgisiniň dürli görnüşleri bar. Ýöne olary nädip taýýarlap bolýar?! Geliň, olaryň käbiri bilen tanşalyň!

1.Espresso. Espresso kofeler dünýäsiniň esasy görnüşleriniň biridir. Içginiň bu görnüşini taýýarlamak üçin, kofe dänesini demläp, süzgüçden geçirmeli. Espressonyň esasynda başga-da onlarça kofe içgisi taýýarlanýar. Espresso, köplenç, ertirlik üçin taýýarlanylýan güýç beriji içgidir.

☕Kofe içgisi: görnüşleri we taýýarlanylyşy☕
1-nji surat

2.Ristretto. Aslynda, ristretto hem espresso meňzeş, ýöne has tagamly. Kofehanalarda ristretto espressodan has az mukdarda hödürlenýär. Ol, esasan, kofe taýýarlanýan enjamda taýýarlanylýar. Italýanlar ony has gowy görüp içýärler.


2-nji surat

3.Amerikano. Eger içginiň köp mukdarda bolmagyny isleseňiz, onda amerikano görnüşini saýlap bilersiňiz. Espresso görnüşine garanda, oňa suw köpräk goşulýar. Adatça, suw 300 — 400 millilitre çenli aralykda ulanylýar.


3-nji surat

4.Kapuçino. Kapuçino kofäniň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Bu süýt goşulan espresso esasly içgidir. Kapuçinonyñ ýokarky gatlagy ýalpyldawuk köpük bolýança çalynýar. Süýdüň kofäniň tagamyny ýumşadýandygy we içgini has ýakymly edýändigi sebäpli, gapdalyndan goşmaça süýjülik hökman däldir.


4-nji surat

5. Latte. Latte dörediji we oýlap tapyjy kofe söýüjiler üçin has peýdalydyr. Dürli şerbetler (karamel, wanil, pisse, badam) goşulýan kofe görnüşi latte diýlip atlandyrylýar.


5-nji surat

6.Mokkaçino. Mokkaçino, köplenç, «mokko» hem diýilýär. Aslynda, bu latteniň bir görnüşidir. Mokko taýýarlamak üçin gerekli önümleriň sanawyna şokolad goşulýar. Mundan başga-da, ony dürli görnüşlerde goşup bolýar: şerbet, gyzgyn şokolad ýa-da kakao tozy.



6-njy surat

7.Makiato. Makiato ýörite «süýtli bellikli» espresso. Espresso demlenilip, üstüne çemçe bilen köpürjikli süýt guýulýar.



7-nji surat

8.Glýasse. Kofäniň bu görnüşiniň taýýarlanylyşy beýle çylşyrymly däl. Ol kofäniň sowuk ýagdaýda içilýän görnüşi. Adaty espresso demlenilip, oňa bir bölejik doňdurma goşulýar.


8-nji surat


9.Wena kofesi. Bu hakyky sungat eserine meňzeýär. Güýçli espresso kofesiniň üstüne ýaýylan gaýmak galyň depejik edip goşulýar. Üsti, adatça, kokos gyryndysy, dalçyn, kakao tozy ýa-da beýleki süýjülikler bilen bezelýär. Ýeri gelende aýtsak, awstriýalylaryň bu içgini özleriniň oýlap tapandyklaryna ynanýandyklaryna garamazdan, Wena kofesi öz köküni Wenesiýadan alyp gaýdýar.


9-njy surat

10.Amerikan kofesi. Amerikan kofesiniamerikano bilen garyşdyrmaly däldir. Olar düýbünden başga içgiler. Amerikanoda içgä suw goşulýar.Amerikan kofesi taýýarlanylanda, gury üwelen kofäni süzgüje goýup, üstünden suw geçirilip demlenýär. Netijede, bu iki içgi tagamy we güýçlüligi boýunça tapawutlanýar.


10-njy surat


11.Wýetnam kofesi. Bu görnüş, başgaça, taý kofesi diýlip hem atlandyrylýar. Ony taýýarlamak üçin, demlenjek bul gurymyza buz bölejigini atyp, üstüne kofe we goýaldylan süýt (sguşýonka) guýmaly. Islege görä, süýt hemde gaýmak goşsa bolýar.


11-nji surat
16
371
atakulyyewa_humay
26.03.2023 00:27
Arheologlar Ispaniýanyň Balear adasyna degişli bolan Kabrera adasynyň kenarlaryndan Rim imperiýasy döwründäki gämini ýüze çykardylar. Olaryň aýtmagyna görä, 70 metr çuňlukda ýerleşen 20 metrlik gämiden köp sanly juda oňat saklanan küýze görnüşli gap-gaçlar ýüze çykaryldy.

Ispan kenarlaryndan tapylan gämi...
1-nji surat

— Bize mälim bolşuna görä, ilkinji gezek ispan kenarlaryndan gämi tapylyp, ol batan gününden bäri abat saklanyp galypdyr — diýip, arheologik ekspedisiýa gatnaşyjylaryň birisi Hawer Rodriges mälim edýär. Ummanyň düýbünde gadymy gäminiň bolaýmagynyň mümkinligi barada ilkinji bolup, ýerli balykçylar habar berip, olaryň toruna küýze görnüşli gap-gaçlaryň bir parçasy düşen eken. Geçen ýylyň aprel aýynda alymlar ol ýere iki sany robot goýberip, ol ýerdäki gämini surata düşürdiler. Netijede, 15 metr galyňlykdaky çägäniň aşagynda dürli ölçegdäki küýzeleriň bardygy anyklanyldy. Oktýabr aýynda iki sany tejribeli guwwas gämini öwrenmek maksady bilen, birnäçe gezek ol ýere baryp, müňlerçe surat aldylar.


2-nji surat

Arheologlaryň biziň eýýamymyzyň III ýa-da IV asyrlaryna degişli hasaplaýan bu gämisinde iki müňe golaý gap-gaç bolup, olaryň iň ulusynyň diametri 1 metre barabar. Şol döwürde şunuň ýaly gap-gaçlar Demirgazyk Afrikada, kiçi ölçegdäkileri bolsa, Portugaliýanyň günortasynda ýasalýan eken. Söwda gämisiniň Günorta Afrikada, Ispaniýa, Fransiýanyň günortasyna we hatda Rim aralygyna çenli gatnanlygy çak edilýär. Arheologlar onuň bilen gadymy rim aşhanasy üçin niýetlenen garumy — balyk hurşuny daşapdyrlar.


3-nji surat

Balear adasy ýoluň ýarysy bolup, howanyň bulaşan wagtlary deňizçiler üçin iň gowy düşelge ýeri bolup hyzmat edipdir. Arheologlar olaryň haýsydyr bir ýaramaz howa ýagdaýy sebäpli porta ýetip bilmändiklerini we heläkçilige uçrandyklaryny çak edýärler.


4-nji surat
12
270
atakulyyewa_humay
25.03.2023 00:31
📌Buzuň astyndaky dag gerşi

Antarktidanyň uly bölegini örtüp oturan, tekiz buzly meýdançanyň aşagynda hakyky dag gerşi ýerleşýär. Alymlar Gambursew dagy barada köp zady eýýäm ýarym asyr bäri bilýän hem bolsalar, biziň döwrümizde diňe ýaňy-ýakynda häzirki zaman tehnologiýasynyň kömegi bilen buzuň aşaky ýüz tarapyna seretmäge we ol ýerdäki dag gerşiniň uzynlygynyň 1200 kilometr, beýikliginiň bolsa 3 kilometrdigini anyklamaga mümkinçilik boldy.

#Gardan tapylan täsinlikler...
1-nji surat

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu beýik geriş az-owlak Alp daglaryna meňzemänem duranok. Ol ýerde dagyň ýaşynyň, takmynan, 1 milliarddygyny tassyklaýan magnit kadadan çykmalary hem bar


2-nji surat

📌 25 million ýaşly köl


3-nji surat

Alymlar 2012-nji ýylda 3 kilometr aşak burawlatdyryp, tötänden Antarktidanyň buzlarynyň aşagynda, örän çuň ýerde ýerleşen ,, Gündogar" kölüne sataşdylar.


4-nji surat

Ol yklymyň iň iri buzasty kölüdir. Öwrenmek maksady bilen kölden nusga alan alymlar ol ýerde üýtgeşik organizmleriň görnüşini hem tapdylar. Olar bize belli bolan bakteriýalara asla meňzemeýän täsin görnüşlerdir.


5-nji surat


6-njy surat


7-nji surat

📌Çekirtgeleriň buzlugy

Buzly tebigatyň ilkibaşky mizemän duran gözelligi ýaly haýran galdyrýan hiç zat ýokdur. Şeýle gözelligiň biri Kuk-Siti şäherinden uzakda bolmadyk, ABŞ-nyň Montana ştatynda ýerleşýär we ony ,,Çekirtgeleriň buzlugy" diýip atlandyrýarlar.


8-nji surat

Hawa, ol buzlugyň içi millionlarça doňan çekirtgelerden doludyr. Ol çekirtgeleriň mundan takmynan 200 ýyl ozal ýaşap geçen görnüşine degişlidigini geçirilen seljermeler tassyklapdyr. Beartut dagyndaky bu çekirtgeleriň buzlugyndan beýleki kiçijik mör-möjekleriň doňup galan görnüşleri hem tapyldy.

9-njy surat
17
262
atakulyyewa_humay
24.03.2023 00:32
Kino ýa-da teatra baranyňyzda, gyzyl perde we gyzyl mahmal oturgyçlar siziňem ünsüňizi çeken zatlaryň biri bolsa gerek. Siz tomaşaçylaryň oturgyçlarynyň we perdeleriň näme üçin gyzyl reňkde bolýandygyny pikir edip gördüňizmi?


Näme üçin teatrlarda  ýa-da kinoteatrlarda oturgyçlaryň  we perdäniň reňki gyzyl reňkde  bolýarka?
1-nji surat.

Gyzyl ýagtylygy siňdirişi boýunça reňk yzygiderlili ginde dördünji ýerde durýar, ýagny gyzyl reňkiň şöhlelenmesi beýleki reňkler bilen deňeşdirilende ortaça ýygylykda bolýar. Ýagtylygy garaňky gurşawda güýçli siňdirýändigi sebäpli, gyzyl reňkiň şöhlelenmesi hem şol tizlikde azalýar. Bu kinoteatrlar we teatrlar ýaly ýerlerde ünsi jemlemegi üpjün edýär.


2-nji surat

Adamyň beýnisi reňkleri pes we ýokary ýagtylykda başgaça kabul edýär. Reňkler daş-töweregindäki reňklere we şekillere baglylykda dürli bolup bilýär. Adatça, biz daşky gurşawymyzda ýagtylygyň azalmagy bilen töweregimizdäki reňkleri gök reňkde görýäris.Pes ýagtylykda görüp bilmeýän ilkinji reňkimiz bolsa gyzyl. Şonuň üçin kinoteatrlardaky oturgyçlar gyzyl reňkde bolýar.


3-nji surat

Teatrda ýa-da kinoteatrda çyralar öçürilende gyzyl reňkli oturgyçlar göze gaty ilmeýär we spektakla ýa-da kino ünsümizi has gowy jemläp, tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.


Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
19
346
atakulyyewa_humay
23.03.2023 05:29
Bu gün ekologik senenamada (kalendarda) meteorologiýa güni!


Meteorologiýa —atmosferanyň fiziki ýagdaýyny we atmosfera hadysalaryny öwrenýän ylym, howa hem-de nähili howa boljagyny öňünden aýtmak usuly hakyndaky taglymat.

Meteorologiýa güni!
1-nji surat

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy 1951-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň döredilmegini hatyralamak üçin döredildi. Bu gurama her ýyl Bütindünýä Meteorologiýa Gününe şygar yglan edýär we bu gün ähli agza ýurtlarda bellenilýär. Türkmenistan bu gurama 1993-nji ýylda girdi.


2-nji surat


15
205
atakulyyewa_humay
22.03.2023 11:12
• Ada­myň ça­ga­sy — bä­bek, per­zent.
• Per­zen­diň ça­ga­sy — ag­tyk.
• Ag­ty­gyň ça­ga­sy — çow­luk.
• Çow­lu­gyň ça­ga­sy — ýuw­luk.
• Ýuw­lu­gyň ça­ga­sy — gow­luk.
• Gow­lu­gyň ça­ga­sy — ýat­lyk.
• Ýat­ly­gyň ça­ga­sy — taň­lyk («Türk­men di­li­niň düşün­di­riş­li söz­lü­gin­de» taň sö­zü­ne «geň, tä­sin, üýt­ge­şik,il­de ýok zat» di­ýip dü­şün­di­rişberilýär).
•Kör­pe — maş­ga­la­da­ky iň ki­çi, iň soň­ky ça­ga.
•Now­ba­har — il­kin­ji bolan ça­ga (ogul, gyz).
•Önel­ge — ene-ata­syndan önen ça­ga.
•Öw­lat — ne­sil, ça­ga,
per­zent, ogul-gyz.
•Pe­ri­zat — ada­myň gö­zü­ne gö­rün­me­ýän, gör­ke, husna baý bo­lan pe­ri­den dog­lan pe­ri ça­ga­sy.
•Per­zent — ça­ga, zür­ýat.
•Aýy­nyň ça­ga­sy — mer­dek.
•Ba­ly­gyň ça­ga­sy — kö­re­te­ne.
•Baý­ta­lyň ça­ga­sy — taý­ça­nak.
•Çe­kirt­gä­niň ça­ga­sy — çe­kir­ge.
•Dü­ýä­niň ça­ga­sy — kö­şek, bo­ta.
•El­gu­şuň ça­ga­sy — ba­la­guş.
•Eşe­giň ça­ga­sy — kür­re.
•Gap­la­ňyň ça­ga­sy — ba­byr.
•Ge­çi­niň ça­ga­sy — ow­lak.
•Goý­nuň ça­ga­sy — gu­zy.
•Gu­la­nyň ça­ga­sy — go­duk.
•Gur­ba­ga­nyň ça­ga­sy — it­ba­lyk.
•Gu­şuň ça­ga­sy — ete­ne.
•Itiň ça­ga­sy — gü­jük.
•Keý­giň ça­ga­sy — ow­lak, to­kar.
•Mer­de­ki — ça­ga­lyk­dan saý­la­nyp, özü­ni
oňa­ryp ug­ran og­lan.
•Mö­je­giň ça­ga­sy — üzüt.
•Pi­şi­giň ça­ga­sy — gi­jen, mawy­ja.
•Sa­gyr — ki­çi, ýaş ça­ga.
•Sa­kyrt­ga­nyň ça­ga­sy —
mü­tü­rik, gä­ne.
•Salt — ýaş ça­ga­sy bolma­dyk, ça­ga­syz aýal.
•Si­ňe­giň ça­ga­sy — gurt.
•Syg­ryň, su­gu­nyň ça­gasy — gö­le (hö­jek, ta­na).
•Şa­ga­lyň ça­ga­sy — tu­la.
•Til­ki­niň ça­ga­sy — ýyl­pyz.
•Tom­za­gyň ça­ga­sy — toý­çy.
•Tow­şa­nyň ça­ga­sy — çeb­şek.
•Uşak — ça­ga, ba­la, per­zent.
•Ýü­pek gur­çu­gy­nyň ça­ga­sy — joş.
•Ýy­la­nyň ça­ga­sy — ýy­lan­çyr.
•Zür­ýat — ogul-gyz, ça­ga, per­zent




Söz­lük­ler hem-de met­bu­gat mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan
Sähragül BABAÝEWA,
Kerki etrabyndaky 29-njy orta
mekdebiň mugallymy



Bilip goýsaňyz...
16
218
atakulyyewa_humay
21.03.2023 01:14
Togsan dolup, ýaza berdi erkini,
Aýdyma beslenip, Nowruzym geldi.
Jan berip, zeminiň tukat keşbine,
Güllere beslenip, Nowruzym geldi.

Asmanda gümmürdäp, ýyldyrym çakdy,
Burkut nur ýagdyryp, keýpden çykdy.
Zeminiň üstüne nagyşlar çekdi,
Ajap keşbe girip, Nowruzym geldi.

Çopan ýigit çalýar gargy tüýdügi,
Tüýdüginiň sesi söýýän diýdigi,
Düşbi gyz ýylgyryp, barýan diýdigi,
Söýgä besleniban Nowruzym geldi..

Ak öýi dikerler hatarma-hatar,
Toýa gelenleriň hezzeti ýeter.
Egsilmez desterhan, bereket artar,
Şatlyga beslenip, Nowruzym geldi.

At çapdyryp, altyn gabak atarlar,
Pälwanlar omzaşyp, göreş tutarlar.
Ýeňenlere baýrak baryn ýaparlar,
Şowhuna beslenip, Nowruzym geldi.


Hezretguly ÖWLÜÝÄGULYÝEW



📌Ýetip gelen Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!



Nowruzym geldi...
19
113
atakulyyewa_humay
19.03.2023 20:46
✔️Zenandan onuň näme üçin aglaýandygyny sorap bolar, ýöne hiç haçan ondan näme sebäpden aglaýandygyny soramak gerek däldir, çünki ol sebäbini unudýar.

✔️Eger erkek adam zenan ýüregine düşünip bilmese, onda zenan erkegiň mertebesine düşünmez.

ALEKSANDR DÝUMA

🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼

✔️Biz uýamyzy-da, aýalymyzy-da, atamyzy-da söýýäris, emma gaýgyly günümizde enemizi ýatlaýarys.

✔️Zenan beýik söz. Onda gyzyň päkligi, dostuň gaýratlylygy, enäniň edermenligi bar.

NIKOLAÝ NEKRASOW

🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺🌺

✔️Ähli zenanlar birmeňzeş, şol sanda her biri-de gaýtalanmaz.

WASILIÝ SUMBATOW

💮💮💮💮💮💮💮💮💮💮💮💮💮💮💮💮

✔️Erkek adam beýnisi bilen pikirlenmäni halaýar, zenanlar bolsa ýüregi bilen.

WISSARION BELINSKIÝ

🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀🥀

✔️Zenan durmuşy soňlanmajak gyzyklanmanyň taryhydyr.

WAŞINGTON IRWING

💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐

✔️ Zenan maşgala erkek adama söýýändigini aýtmaly däldir. Goý, bu barada onuň uçganaklaýan, bagtdan doly gözleri aýtsyn. Olar islendik sözden-de çeperdir.

ERIH MARIÝA REMARK


*Çeşme ,,Nesil" gazetinden


Zenan diýmek dünýedir...
17
269
atakulyyewa_humay
18.03.2023 14:57
Garynja bilen söhbet...


— Heý, garynja, garynja,
Işleýäň çalasynja,
Ýadaňokmy işläbem
Arman-dynman gije-de.

🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

— Ýok, ýadamok, ýadamok,
Zähmet meni taplaýar,
Günümdenem nalamok,
Zähmet meni ekleýär.
🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

— Heý, garynja, garynja,
Gije-gündiz ylgawda,
Nä wagt ýatýaň, aýtsana,
Neçün sen has maýdaja?

🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

— Ýaz günleri işleýän,
Gyşa iýmit çöpleýän,
Halal durmuşda ýaşap,
Öz-özümi ekleýän.

🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

— Heý, garynja, garynja,
Diýýäň: «Durmuşym halalja».
Halal diýmek näme bolýar?
Düşündiräý maňa-da?!

🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

— Halal diýmek — işlemek,
Köp-köp zähmet çekmekdir,
Maňlaýyňdan der döküp,
Iýjegiňi tapmakdyr.

🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

— Heý, garynja, garynja,
Ýaşaýarsyň halal sen,
Halalyň ne peýdasy?
Öwrenjek bolýan men hem.

🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

— Halalyň köp peýdasy,
Öz wagtynda işlemek,
Illere mätäç bolman,
Iliň minnetin çekmän,
Datly çörek dişlemek.

🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜

Işlemeseň hor bolarsyň,
Il ýaltany halamaz,
Döwüm nana zar bolarsyň,
Diýipdir-ä ata-baba:
«Işlemedik — dişlemez».




Annabeg AŞYROW

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň talyby




Garynja bilen söhbet...
1-nji surat
17
171