☕Durmuşymyzda her gün diýen ýaly içilýän esasy içgileriň biri-de kofedir. Kofäniň şähdiňi açýan ysy, lezzete baý tagamy adamy ýakymly duýgulara besläp, düzümindäki kofein fiziki hereketliligi ýokarlandyrýar. Meşhur kofe içgisiniň dürli görnüşleri bar. Ýöne olary nädip taýýarlap bolýar?! Geliň, olaryň käbiri bilen tanşalyň!
1.Espresso. Espresso kofeler dünýäsiniň esasy görnüşleriniň biridir. Içginiň bu görnüşini taýýarlamak üçin, kofe dänesini demläp, süzgüçden geçirmeli. Espressonyň esasynda başga-da onlarça kofe içgisi taýýarlanýar. Espresso, köplenç, ertirlik üçin taýýarlanylýan güýç beriji içgidir.
![☕Kofe içgisi: görnüşleri we taýýarlanylyşy☕]()
1-nji surat
2.Ristretto. Aslynda, ristretto hem espresso meňzeş, ýöne has tagamly. Kofehanalarda ristretto espressodan has az mukdarda hödürlenýär. Ol, esasan, kofe taýýarlanýan enjamda taýýarlanylýar. Italýanlar ony has gowy görüp içýärler.
![]()
2-nji surat
3.Amerikano. Eger içginiň köp mukdarda bolmagyny isleseňiz, onda amerikano görnüşini saýlap bilersiňiz. Espresso görnüşine garanda, oňa suw köpräk goşulýar. Adatça, suw 300 — 400 millilitre çenli aralykda ulanylýar.
![]()
3-nji surat
4.Kapuçino. Kapuçino kofäniň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Bu süýt goşulan espresso esasly içgidir. Kapuçinonyñ ýokarky gatlagy ýalpyldawuk köpük bolýança çalynýar. Süýdüň kofäniň tagamyny ýumşadýandygy we içgini has ýakymly edýändigi sebäpli, gapdalyndan goşmaça süýjülik hökman däldir.
![]()
4-nji surat
5. Latte. Latte dörediji we oýlap tapyjy kofe söýüjiler üçin has peýdalydyr. Dürli şerbetler (karamel, wanil, pisse, badam) goşulýan kofe görnüşi latte diýlip atlandyrylýar.
![]()
5-nji surat
6.Mokkaçino. Mokkaçino, köplenç, «mokko» hem diýilýär. Aslynda, bu latteniň bir görnüşidir. Mokko taýýarlamak üçin gerekli önümleriň sanawyna şokolad goşulýar. Mundan başga-da, ony dürli görnüşlerde goşup bolýar: şerbet, gyzgyn şokolad ýa-da kakao tozy.
![]()
6-njy surat
7.Makiato. Makiato ýörite «süýtli bellikli» espresso. Espresso demlenilip, üstüne çemçe bilen köpürjikli süýt guýulýar.
![]()
7-nji surat
8.Glýasse. Kofäniň bu görnüşiniň taýýarlanylyşy beýle çylşyrymly däl. Ol kofäniň sowuk ýagdaýda içilýän görnüşi. Adaty espresso demlenilip, oňa bir bölejik doňdurma goşulýar.
![]()
8-nji surat
9.Wena kofesi. Bu hakyky sungat eserine meňzeýär. Güýçli espresso kofesiniň üstüne ýaýylan gaýmak galyň depejik edip goşulýar. Üsti, adatça, kokos gyryndysy, dalçyn, kakao tozy ýa-da beýleki süýjülikler bilen bezelýär. Ýeri gelende aýtsak, awstriýalylaryň bu içgini özleriniň oýlap tapandyklaryna ynanýandyklaryna garamazdan, Wena kofesi öz köküni Wenesiýadan alyp gaýdýar.
![]()
9-njy surat
10.Amerikan kofesi. Amerikan kofesiniamerikano bilen garyşdyrmaly däldir. Olar düýbünden başga içgiler. Amerikanoda içgä suw goşulýar.Amerikan kofesi taýýarlanylanda, gury üwelen kofäni süzgüje goýup, üstünden suw geçirilip demlenýär. Netijede, bu iki içgi tagamy we güýçlüligi boýunça tapawutlanýar.
![]()
10-njy surat
11.Wýetnam kofesi. Bu görnüş, başgaça, taý kofesi diýlip hem atlandyrylýar. Ony taýýarlamak üçin, demlenjek bul gurymyza buz bölejigini atyp, üstüne kofe we goýaldylan süýt (sguşýonka) guýmaly. Islege görä, süýt hemde gaýmak goşsa bolýar.
![]()
11-nji surat