Çigildemler meşhurlygy boýunça dünýäde üçünji orunda durýan güldür.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Çigildem çeper edebiýatda ilkinji gezek Omar Haýýamyň goşgularynda agzalýar.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Aslynda, çigildemler ilki XVI asyrda Türkiýeden Ýewropa getirilip, soňra Gollandiýa ugradylýar.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Çigildem birnäçe asyr Osman imperiýasynyň dolandyryjy neberesiniň nyşany bolupdyr. Türkiýede çigildemlere «läle» diýilýär. Ýurda bu güller ençeme ýyl ozal Eýrandan getirilýär. Indi «läle» ösümligiň diňe bir ikinji ady bolman, gelin gyzlarymyzyň hem ýörgünli adydyr.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
«Çigildemler Ýer ýüzünde millionlarça ýyl ozal bar» diýen maglumatlara taryhda duş gelinýär. Bu günki gün çigildemiň 80-den gowrak görnüşi bar (käbir alymlaryň pikiriçe, 100-den gowrak). Olaryň köpüsi Gollandiýada ösdürilýär. Sebäbi Gollandiýa olary dünýäniň ähli ýurtlaryna eksport edýän esasy ýurt hasaplanýar. Her ýyl Gollandiýadan dünýäniň dürli künjegine, takmynan, 9 milliard ösümlik eksport edilýär.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Taryhy maglumatlara görä, Russiýada çigildemler 1792-nji ýylda Pýotr I kömegi bilen peýda bolýar. Imperator Gollandiýadan bu gülleri eksport edýän ýörite kompaniýa döredýär.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Çigildem satuwynyň ýyllyk dolanyşygy altyn satuwynyň iki essesidir we iň uly monopoliýanyň– Ost-Indskoý kompaniýasynyň girdejisine deňdir.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Çigildemleriň nahar bişirmekde ulanylýandygyny bilýärdiňizmi? Olardan sous, süýjülik taýýarlanylýar. Ol islendik tagama üýtgeşiklik berýär.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Eýranda çigildem gurbanlygyň we şehitligiň nyşany hasaplanýar. Şeýle hem ýurduň baýdagynda çigildemiň bir görnüşi şekillendirilýär.
🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷🌷
Çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri bolup, olaryň hersiniň öz maksady we güýji bar. «Aýralygyň habarçylary» bolan sary çigildemler baýlygy, ak reňkliler — bagyşlamagy, gülgüne — bagty we ynamy, gyzyl reňkliler bolsa güýçli, hakyky söýgini alamatlandyrýar.
![🌷Çigildemler barada gyzykly maglumatlar...🌷]()
Ogulnur NURMYRADOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby