Kino ýa-da teatra baranyňyzda, gyzyl perde we gyzyl mahmal oturgyçlar siziňem ünsüňizi çeken zatlaryň biri bolsa gerek. Siz tomaşaçylaryň oturgyçlarynyň we perdeleriň näme üçin gyzyl reňkde bolýandygyny pikir edip gördüňizmi?
![Näme üçin teatrlarda ýa-da kinoteatrlarda oturgyçlaryň we perdäniň reňki gyzyl reňkde bolýarka?]()
1-nji surat.
Gyzyl ýagtylygy siňdirişi boýunça reňk yzygiderlili ginde dördünji ýerde durýar, ýagny gyzyl reňkiň şöhlelenmesi beýleki reňkler bilen deňeşdirilende ortaça ýygylykda bolýar. Ýagtylygy garaňky gurşawda güýçli siňdirýändigi sebäpli, gyzyl reňkiň şöhlelenmesi hem şol tizlikde azalýar. Bu kinoteatrlar we teatrlar ýaly ýerlerde ünsi jemlemegi üpjün edýär.
![]()
2-nji surat
Adamyň beýnisi reňkleri pes we ýokary ýagtylykda başgaça kabul edýär. Reňkler daş-töweregindäki reňklere we şekillere baglylykda dürli bolup bilýär. Adatça, biz daşky gurşawymyzda ýagtylygyň azalmagy bilen töweregimizdäki reňkleri gök reňkde görýäris.Pes ýagtylykda görüp bilmeýän ilkinji reňkimiz bolsa gyzyl. Şonuň üçin kinoteatrlardaky oturgyçlar gyzyl reňkde bolýar.
![]()
3-nji surat
Teatrda ýa-da kinoteatrda çyralar öçürilende gyzyl reňkli oturgyçlar göze gaty ilmeýär we spektakla ýa-da kino ünsümizi has gowy jemläp, tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.