atakulyyewa_humay
22.03.2023 11:12
• Ada­myň ça­ga­sy — bä­bek, per­zent.
• Per­zen­diň ça­ga­sy — ag­tyk.
• Ag­ty­gyň ça­ga­sy — çow­luk.
• Çow­lu­gyň ça­ga­sy — ýuw­luk.
• Ýuw­lu­gyň ça­ga­sy — gow­luk.
• Gow­lu­gyň ça­ga­sy — ýat­lyk.
• Ýat­ly­gyň ça­ga­sy — taň­lyk («Türk­men di­li­niň düşün­di­riş­li söz­lü­gin­de» taň sö­zü­ne «geň, tä­sin, üýt­ge­şik,il­de ýok zat» di­ýip dü­şün­di­rişberilýär).
•Kör­pe — maş­ga­la­da­ky iň ki­çi, iň soň­ky ça­ga.
•Now­ba­har — il­kin­ji bolan ça­ga (ogul, gyz).
•Önel­ge — ene-ata­syndan önen ça­ga.
•Öw­lat — ne­sil, ça­ga,
per­zent, ogul-gyz.
•Pe­ri­zat — ada­myň gö­zü­ne gö­rün­me­ýän, gör­ke, husna baý bo­lan pe­ri­den dog­lan pe­ri ça­ga­sy.
•Per­zent — ça­ga, zür­ýat.
•Aýy­nyň ça­ga­sy — mer­dek.
•Ba­ly­gyň ça­ga­sy — kö­re­te­ne.
•Baý­ta­lyň ça­ga­sy — taý­ça­nak.
•Çe­kirt­gä­niň ça­ga­sy — çe­kir­ge.
•Dü­ýä­niň ça­ga­sy — kö­şek, bo­ta.
•El­gu­şuň ça­ga­sy — ba­la­guş.
•Eşe­giň ça­ga­sy — kür­re.
•Gap­la­ňyň ça­ga­sy — ba­byr.
•Ge­çi­niň ça­ga­sy — ow­lak.
•Goý­nuň ça­ga­sy — gu­zy.
•Gu­la­nyň ça­ga­sy — go­duk.
•Gur­ba­ga­nyň ça­ga­sy — it­ba­lyk.
•Gu­şuň ça­ga­sy — ete­ne.
•Itiň ça­ga­sy — gü­jük.
•Keý­giň ça­ga­sy — ow­lak, to­kar.
•Mer­de­ki — ça­ga­lyk­dan saý­la­nyp, özü­ni
oňa­ryp ug­ran og­lan.
•Mö­je­giň ça­ga­sy — üzüt.
•Pi­şi­giň ça­ga­sy — gi­jen, mawy­ja.
•Sa­gyr — ki­çi, ýaş ça­ga.
•Sa­kyrt­ga­nyň ça­ga­sy —
mü­tü­rik, gä­ne.
•Salt — ýaş ça­ga­sy bolma­dyk, ça­ga­syz aýal.
•Si­ňe­giň ça­ga­sy — gurt.
•Syg­ryň, su­gu­nyň ça­gasy — gö­le (hö­jek, ta­na).
•Şa­ga­lyň ça­ga­sy — tu­la.
•Til­ki­niň ça­ga­sy — ýyl­pyz.
•Tom­za­gyň ça­ga­sy — toý­çy.
•Tow­şa­nyň ça­ga­sy — çeb­şek.
•Uşak — ça­ga, ba­la, per­zent.
•Ýü­pek gur­çu­gy­nyň ça­ga­sy — joş.
•Ýy­la­nyň ça­ga­sy — ýy­lan­çyr.
•Zür­ýat — ogul-gyz, ça­ga, per­zent




Söz­lük­ler hem-de met­bu­gat mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan
Sähragül BABAÝEWA,
Kerki etrabyndaky 29-njy orta
mekdebiň mugallymy



Bilip goýsaňyz...
16
218
ideallider
23 Mart 2023
atakulyyewa_humay, ok bolýa bolýa🙂
atakulyyewa_humay
23 Mart 2023
ideallider,yok men seniň näme diyjek bolýanyňa gaty gowy düşündim, ýöne artykmaç kom. gerek däl...
ideallider
23 Mart 2023
Kmg gurt, eddil özi, enem şeýdip bir nejis aýala sögýärdi😄
ideallider
23 Mart 2023
atakulyyewa_humay, şolam sögmek üçin ulanylýarda. Ýagny "Kakaň şagal, senem şagaljyk" diýenýaly😄
atakulyyewa_humay
23 Mart 2023
ideallider, ýöne bu ýerde Şagalyň çagasy hökmünde gelýär... Türkmen halky söze baý halklaryň bir-ä... Siz hem her wagt her zadyň gowy tarapyndan serediň:))
ideallider
23 Mart 2023
"Tula" halk-arasynda aýallaryň arasynda paýş söz diýip ulanylýar😏👍
Myhman Myhman
22 Mart 2023
Bkmkdym🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.