atakulyyewa_humay
26.03.2023 00:27
Arheologlar Ispaniýanyň Balear adasyna degişli bolan Kabrera adasynyň kenarlaryndan Rim imperiýasy döwründäki gämini ýüze çykardylar. Olaryň aýtmagyna görä, 70 metr çuňlukda ýerleşen 20 metrlik gämiden köp sanly juda oňat saklanan küýze görnüşli gap-gaçlar ýüze çykaryldy.

Ispan kenarlaryndan tapylan gämi...
1-nji surat

— Bize mälim bolşuna görä, ilkinji gezek ispan kenarlaryndan gämi tapylyp, ol batan gününden bäri abat saklanyp galypdyr — diýip, arheologik ekspedisiýa gatnaşyjylaryň birisi Hawer Rodriges mälim edýär. Ummanyň düýbünde gadymy gäminiň bolaýmagynyň mümkinligi barada ilkinji bolup, ýerli balykçylar habar berip, olaryň toruna küýze görnüşli gap-gaçlaryň bir parçasy düşen eken. Geçen ýylyň aprel aýynda alymlar ol ýere iki sany robot goýberip, ol ýerdäki gämini surata düşürdiler. Netijede, 15 metr galyňlykdaky çägäniň aşagynda dürli ölçegdäki küýzeleriň bardygy anyklanyldy. Oktýabr aýynda iki sany tejribeli guwwas gämini öwrenmek maksady bilen, birnäçe gezek ol ýere baryp, müňlerçe surat aldylar.


2-nji surat

Arheologlaryň biziň eýýamymyzyň III ýa-da IV asyrlaryna degişli hasaplaýan bu gämisinde iki müňe golaý gap-gaç bolup, olaryň iň ulusynyň diametri 1 metre barabar. Şol döwürde şunuň ýaly gap-gaçlar Demirgazyk Afrikada, kiçi ölçegdäkileri bolsa, Portugaliýanyň günortasynda ýasalýan eken. Söwda gämisiniň Günorta Afrikada, Ispaniýa, Fransiýanyň günortasyna we hatda Rim aralygyna çenli gatnanlygy çak edilýär. Arheologlar onuň bilen gadymy rim aşhanasy üçin niýetlenen garumy — balyk hurşuny daşapdyrlar.


3-nji surat

Balear adasy ýoluň ýarysy bolup, howanyň bulaşan wagtlary deňizçiler üçin iň gowy düşelge ýeri bolup hyzmat edipdir. Arheologlar olaryň haýsydyr bir ýaramaz howa ýagdaýy sebäpli porta ýetip bilmändiklerini we heläkçilige uçrandyklaryny çak edýärler.


4-nji surat
12
270
Myhman Myhman
29 Mart 2023
Diyere sozm yok
Myhman Myhman
27 Mart 2023
Salamaleykum
atakulyyewa_humay
26 Mart 2023
Maýa06, sag bol 🥰
Maýa06
26 Mart 2023
Gaty täsin, gaty gowy post bolupdyr ☺️👍
atakulyyewa_humay
26 Mart 2023
pinokiya, minnetdar:)
pinokiya
26 Mart 2023
Tasir galdyrjy hemde gen spasiba humay
pinokiya
26 Mart 2023
Tasir gqld
atakulyyewa_humay
26 Mart 2023
kowser,hawa skaçat edip alyň soňundanam, k_25n agzaň 21.12.2022 ýylda goýan postuny okaň! Şonda owredýär nädip goýmalydygyny...
atakulyyewa_humay
26 Mart 2023
olia, 70 metr aşakda ýatypdyr diyada şu wagta çenli, belki çuňlukda ýatanyndan şeýle bolan bolaýmasa ...ya bolmasa başga syry bar bolsa-da bilmedim
olia
26 Mart 2023
atakulyyewa_humay,ony aytsan gamin ozunede hic zat bolmandyr🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.