asking
31.08.2024 09:27
Ene diymek nahili suyji duygu,
Göyäki yokudur dunyede
Enaň mäheri dey, muňa
Ene diyerler Ene .

Ene bu bizi ak süyt berip
ol mahirli gujagunda ulaldan.
aytmasanam synlap biler
seň halyň niçik,

Dunyede ene dey mylakatly
ynsan barmynka.
seni adam etjek bolup
kosenen ynsandyr Ene

Seniň ücin ähli kyncylyklara
hatda öz janynyn sana
dozjek derejede, gorap saklar
seyle bir gowy zat, Ene

Ceşmesi:özum düzdüm
4
11
asking
25.08.2024 13:27

Ýetginjekler—10 we 19 ýaş arasyndaky adamlar.Ol döwurler hem yetginjegin ozi

hemde onun ene-atasy ucin koplenc in kyn döwur hasaplanýar.


Näme sebäpden? Bu diymek, ähli ýetginjekleriň problemadygyny aňladýarmy ?


ýetginjeklik döwur her bir ynsanyň durmusda in agyr döwri.Onuň manysy —

cagalary uly adama öwurmek.Gürrün dine bir bedendaki fiziologiki uytgesmeler barada dalde, psihologiki kämillesmegi hem öz icine alýar.


Emma özümizi 19 ýaşdan has ir kamil duymaga başlayarys

📌Ýetginjegin ene-atasy ucin ýetginjeklik döwruniň kyncylyklary

ýetginjek ozune kämil adamlary şekillendiryan basga yetginjekleriň kompaniyasy tapmagy ähtimal:


⚫Çilim cekyan


⚫Alkogolly icgileri icyan


⚫jynsy gatnasyklary edyan


⚫duzgunleri we kanunlary bozyan


Ene-atalar şu zatlardan gorkyalar.Çagasyny goramaga dyrjaşýarlar.


Bu ýerde yene bir howp bar. cagany ahli zatdan goramak maksady bilen ene-ata caga ulalmaga yol bermän bilýar.–özbasdak karar almaga, gelejek ucin maksat edinmane tanyşlyk acmaga. ýetginjegi azatlykdan mahrum edýarler.


Näme ucin beyle cylşyrymly🤔


Sebabi bizin dunyamiz garrayar.Hazirki wagtda adam ömrunin uzunlygy 70 yasdan ýokary.onuň fiziki we sosial ısjeňligi 25-30 ýas aralygyna dusyar.

Biz 14-15-16 ýasda kamil adam bolmagymyza ýasayşymyz ucin gazanc etmage we basgalara zerurlyk yok.

Emma tebigat beyle gysga kategoriyalar bilen pikirlenmeyar.Bizin planetamyz ücin adamzat taryhy–pursat onuň dowamynda ol hem oz mehanizmyny hem üytgedip ýetismeýar.


NETİJE

Ene-atanyň we yetginjegiň arasyndaky ylalasyga uns berip gurlesmegidir.Olara bu dowur sıziň hem ýardam bermeginiz gerek.Gurlesiň, oz pozisyanyzy düsundiriň we ylalaşyň.Şeylelik bilen iki tarap ucin hem ýeňillik doredip bilersiniz


Çeşmesi:turkmenistan.unfpa.org

15
57
asking
29.05.2024 08:01
Nagyşly örme joraplar türkmenlerde gadymdan gelýan bolsa-da, ol halk döredijiliginde hala, keşda tara garanda käbir göze ilmeýan senet, ol diňe gülli jorap ýaly bezegli joraplarda ýüze cykdy.
Galyň örme ýüň joraplar Merkezi we Alynky-Aziýa ýurtlarynda hem-de Kawkazda ýüň bol we senetler ösen ýerde ýaýrandyr.

Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary öz bezeg ýollaryny, reňkleri ulanmagyň dürli tilsimlerini özleşdiripdirler,olar hem gülli joraplara milli aýratynlyk berýär.

Joraplar elde taýýarlanan ýüplükden örülýär.Türkmen zenanlary ony taýýarlamak bilen bagly kyn işleriň ählisini ýerine ýetirýarler.Ozal ýüplük ösümliklerden alynýan reňklere boýalan bolsa indi himiki reňkler ulanylýar, el ýüplügine derek fabrik ýüplügi ulanylyp,oňa berklik ücin Wiskoza sapagy goşulýar.Täze ýüpligiň hili ýyly joraplara täsirini ýetirýär.Gadym zamanlarda jorap agaç çışlerde örülen bolsa, häzirem edil demir çişde örülýar.
Bäş cişde şol bir usulda örülýandigine garamazdan, olar garşylykly reňk öwüşgünleriniň we adaty geometrik nagyşlaryň sazlaşygy netijesinde aýratyn bezegi bilen tapawutlanýar.Olaryň suraty dürli görnüşli we takyk berilýär.

Türkmenlerde däbe göra, düýe ýüňinden jorap örülmeýär, çünki bu janawer keramatly saýylýar.Onuň ýüňini döwelemek bolmaýar.Ýöne soňky 30-40 ýylda düye ýüňunden örülýän ýeňsiz, guşak, giň guşaklyk, tumar, ýoň boldy.

Bezegli-ala jorap her oba öýunde görülýär.Dag senitleriniň ilaty ony ýylboýy geýýär.Şäherliler bolsa onuň owadanlygyna guwanýarlar.Çeper elli zenanlar ýerli ýörelgeleri dowam etseler-de , her nagyşa özüçe bir zat goşýarlar.

Häzir nagyşly joraplaryň meşhurlugy hasda artdy.Galyberse-de,soňky 10-20 ýylda milli geýimde umumy özgerişler bolup geçdi.Halk ussatlary öňden gelýän sungaty lybaslarda häzir ýoň bolan usullar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarlar,
şunda häzirki döwrüň önümleri milli lybaslara aýratyn bezeg berýär.Ğülli joraplar hemişe owadan we gelşikli görùnýär.

Çeşmesi:www.turkmenistan.gov.tm
12
81
asking
28.05.2024 17:26
Alaja türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsinden,köňül ylhamyndan, mährinden dörän ajaýyp hem gudratly sungat hasaplanýar.
Türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly,ruhy güýjüň bardygyna ynanylýar.Çünki alajanyň akly-garaly reňk sazlaşygy gözüň agynyň-garasynyň we gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbiniň mysalydyr. Sonuň üçin alajalarda ala gözleriň,gije gundiziň ýaly täsin ajaýyp jadyly owadanlyk bar.Yrymlara we ynançlara görä çaganyň boýnunda gudratly alaja bar bolsa,seredýän gözden cykan güýcli nazar, ilki bilen, alaja siňýarde, togtaýar diýýarler.
Alajanyň owadanlyk jadysy syncynyň nazaryny özüne cekýarde, ol alaja dakynany göz degmekden goraýar.
Alajalaryň nämahrem nazarlardan goraýandygyna ynan enelerimiz olary bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, salançakbag, gundagbag, ücin alaja örüpdürler.
Öýüniň gapysyna, hojalykda ulanylýan zähmet gurallaryna, sygyr düýe yaly mallaryna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atyna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir.Elbet-de parasatly ene-mamalarymyz el hünariniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar.
Alajalary adatça ak we gara sapaklardan işipdirler.Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr.Alajalary ince we ýogun işmek bolsa onuň nämä niýetlenýandigine bagly bolýar.
Alajanyň gudraty bolşy ýaly, onuň dürli görnüşleri hem çylşyrymly, owadan.

Çeşmesi:yashlar.gov.tm
16
91
asking
27.05.2024 23:16
Söýgi-bu göwün göteriji we güýje-güýç goşyan zat.Söýgi bagtsyzlara bagt paýlaýar.Lew Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy.Biz özümüzi öňküdende beter söýmegimiz üçin,beýlekileriň söýgüsini gazanmaga çalyşýarys.
Didro Deni, fransuz filosofy.Söýgiden gorkýan durmuşdanam gorkýandyr, durmuşdan gorkýan bolsa,ölüniň üçden biri ýalydyr.
Rassel Bertan,iňlis filosofy.Söýgi biziň ýaşaýşymyzyň gözbaşy hem-de ahyrydyr
Söýgisiz ýaşaýyş ýokdur.

Çeşmesi:tk.m.wikipedia.org
10
37
asking
23.05.2024 16:45
Geliň degişeliň

Bir ker adam näsagy soramaga gidipdir.Ol gidip barýarka öz icinden:
"Men bir ker adam.Nasagyň name diyenini eşitmen.İne men baryp:"pylany ýagsymysyň" diyerin.Olam elbetde:
"Ýagşydyrn" diyer.Garaz ol name diyse, öran oňat diyibereýin diyip pikir edipdir.

Ker adam näsagyň yanyna baryp:

–Ýeri ýagşy bolýarsyňmy?–diyipdir.

Bitap adamam:

–Aga,hiç hezilim yok–diyip jogap berýär.Onda ker:

–Örän oňat -diýýar.

Birnäce wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:

–İşdäň barmy?

Bitabam aýdypdyr:

–İşdäm zat alanok.

Kerem öz gezeginde:

–örän oňat diýýar.

–iýip icýan zadyň bir barmy?

Onuň soragyna bitabyň gahary gelip,İndi bir eşitsin diyip,keriň gulagyna gygyrypdyr:

–İşdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?

Onuň sözleri keriň gulagyna:"paltaň sapyny iýýarin" diyen ýaly eşdilipdir.Ol:

–Dişine agyr bolmasa,paltaň sapyny iyseňem,örän oňat bolar-diyipdir.
21
244
asking
22.05.2024 16:20
Pedikulýoz bu kesel adamzada gadymy asyrlardan bäri bellidir.Ol barada birinji maglumatlar Aristoteliň işlerinde duş gelýar.Gurap galam bitleri gadymy hindi,peru,indeýleriň gonamçylyklaryndaky jesetlerden hem tapypdyrlar.Olar Grenlandiýa we Aleut adalarynda tapylan mumýalaşan jesetlerde hem duş gelýar.B.e 500 ýyl öň Geradot "Olar hudaýa gulluk edenlerinde hichili bit ya-da başga mör-mojek ýapyşmaz ýaly ..." diyip,müsur dindarlarynyň kellesiniň hemişe arassa syrylandygyny belläp geçyar.Baryp 200.ýylyň dowamynda Ýewropa yurtlarynda pedikulýeziň köpculikleyin yaýramagy ýuze cykýar.ABŞ-da her ýylda kelle pedikuýeziniň 6-12 mln ýagdaýy duş gelýandir.

Keseliň kop duş gelýan döwri,çagalaryň dynç alyş merkezinden gaýdyp gelýan, güýz pasylynyň başyna gabat gelýändir.
Köplenc pedikulýez bilen keselcilik, adamlaryň bir yerde üýsüp ýaşamagy ýa-da arassacylyk düzgunlerini berjaý edilmedik ýagdaýynda has hem yokarlanýandyr.

Bitler hemişe aladaçyl, haharjaň adamlara ýokuşýanlygy barada geň pikir hem bardyr.Adatca bu ýahday nerw dartgynlygy sebapli adamyň bedeniniň yssynyň üytgeýanligi bilen hem düsundirilýar.

Pedikulez (bitlilik) deriniň we saçlaryň parazitler arkaly ýuze cykýan keseldir.
Bitleriň kelle,koynek we gasyk görnuşleri bardyr.Kelle we koynek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düsek,daraklar we başga öý goşlary arkaly gecip bilyandirler.
Gasyk bitleri köplenç jyns gatnaşygy arkaly geçyar.Köynek bitleri geýimleriň tikin yerlerinde ýaşap, şol yerde ýumurtgalaryny taşlaýandyrlar.Bitler 1 minutda 20 sm aralygy geçmage ukyplydyr.Şonuň ucin olar bilen ýokuşma tiz bolup geçyar.

Gasyk bitleri daşky jyns agzalarynyň gyl örtuginde, yumurtga haltajygyň üstünde, buduň yokarky böleginde ýerleşyandir.
(gasyk bitlerine başgaca "fitirioz" hem diýilýar).
Önüni alynmadyk ýagdaýynda bitler goltuklara, arka, döşlere sakgal-murtlara, gaşlara we kirpiklere yaýrap bilýar.

Kelle bitleri kellede ösýan saçlarda, has hem onuň yeňse, depe we cekge böleginde duş gelýandir.Kelle biti 6-14 gunden kämillige ýetişyandir we şondan soň urkacy bit yumurtga taşlamaga ukyplydyr.Bitlerin yumurtgalary agymtyl bolup goňaklara meňzeşdir.

Ýöne goňaklardan tapawutlylykda sirkler togalak görnuşde bolup,gyllaryn duybunde ýapyşyandyrlar.7-10 gunden yaş bitler yumurtgadan cykýandyr we saçlaryň duybunde boş, ak pilejikler galýandyr.Ortaca bitlerin ömrüniň dowamlylygy 21 gune barabardyr.

Pedikuleziň özune mahsus alamatlary bardyr.

📍Bitiň dişlan yerlerinde gijilemaniň döremegi iň yaýran alamatydyr.Ol bitiň tüykuliginiň täsiri bilen dörap, ýokuşmadan 2-3 gun soň doreýar;4

📍Deride emele gelýan gögumtil, ownuk tegmiller;

📍Deride ýüze cykýan gijilemaniň yzlary.
köplenç bakterial yokanclygyň goşulmagy netijesinde deriniň yokancly keselleri döreýar;,

📍Saçlaryň düýbunde, esasan hem boýnuň yokarysynda, gulaklaryň arkasynda keseliň döremegi;

📍Saçlaryň arasynda uly bitlerin gorunmegi, Öte gecen ýagdaylarda bitiň cykarýan nemi saçlary toppaklaýyn birleşdirip,ýaramaz ysy hem ýuze cykaryp biler;

📍Bitleriň cykarýan neminiň netijesinde, boyunlaryň arka tarapynda örguniň döremegi bolup biler;

Bitlerin hemme görnusi adam gany bile iymitlenýandir.Könek bitleri örgunli garahassalyk keseliniň yokuşmagyna getirip bilýandir.Pedikuleza garşy göreş onuň görnuşine baglylykda alnyp barylýandyr.

Gasyk bitinden saplanmak ucin, mümkin bolandan, bedeniň hemme ýerlerinden gyllary syryp aýyrmalydyr
(goltukdan,daşky jyns agzalardan).Bitlerıň dişlan yerlerini yokançlyklardan goranmak ucin, ol yerlere 10% ak simap melhemini ya 5% simap melhemini calmalydyr.
Gaşlardan we kirpiklerden möjekleri dyrnaklaryň komegi bilen yeke-yekeden aýyrmalydyr.Olaryn zeperlenen ýagdaýynda 0,25% göz melhemine fizotigmin goşup ulanmalydyr.

Pedikuleziň önüni almakda hususy we jemgyýetcilik arassacylyk carelerine uns bermek möhum orny eýeleýandir:

📍Bedeniň kadaly yuwmak (hepde-de iki gezekden az däl) eşikleri we yorgan-düsek daşlaryny çalşyp durmak.

📍Öz daragyňyzy başgalaryna bermekden saklanyň

📍Bitleriň yokuşmagynyň önuni almak ücin, ýeňsaňize we gulagyňyzyň arkasyna çay agajyndan we lawandadan taýynlanan erginleri çalyň

📍Pedikulozyň gaýtadan yokuşmagynyň öňuni almak ucin ulanylýan zatlary (süpurgiç, eşikleri, daşlyklary, yumşak oynawaclary) yuwmak we gaýnatmak hokmandyr.

çeşmesi:tk.m.wikipedia.org
12
71
asking
21.05.2024 13:15
"Ýönekeý bol şonda adamlar saňa mylakatly bolar" diýlip berilýan nesihatlara aňsat gulak gabartmaýarys.Eger şular ýaly jümlelere bolan biperway hasiýetimizi cete goýup, "Ýönekeý "diyilýan adamyň nahilidigi dogrusynda oýlansak nahili bolarka?

Köplenç ýonekeý bolmak diyilmegi,size düsunmek isleselerde düsunip bilmeýandigini aňladýar.Bu meselede ilki bilen,siz haysy adamlar ucin düsunmesi kyn we ýapyk adamdygyňyz hakynda oýlanmaly.Eger siz kimdir birini özunize mylakatly hasap etseňiz, onda öz "agyr" hasiýetiňiz dogrusynda hem oýlanara zat bardyr.

Kicigöwunlik
Özune aşa baha berýan adam beýlekilere garanyňda "ýonekeýrak bol" diýen ýaly maslahatlary köp eşidýandir.Bu hili adamlar beýlekilere pasgel bermek bilenem ozlerini beygeltmage synanyşyarlar we kawagt ozlerine ayratyn cemeleşilmegini talap edýarler.Eger tanyş-bilişleri, eden işleri we beyleki "ustunlikleri" bilen owunmegi halaýanlardan bolsanyz, beyle biderek ulumsylyklardan dynmaga synanşyň.

ilki bilen adatca adamlaryň oz ynamsyzlyklaryny ulumsylyk bilen yapyandyklaryna düsunmelidirs."Beyik"
wezipanize garamazdan,üstunlik gazanyp boljak hunar, guymenje yada iş tapmak zerurdyr.

Beyleki adamlara nace gezek öwguli sozler aydyandygynyz, dostlarynyzyň üstunliklerine begenjiniz barada pikirlenmeli!? Ýagşy amallar,beyleki adamlara kömek we üns ruhy ýonekeýligi tapmaga kömek edýar.Özunizi daş towereginizdakileriň yerine goyup gormegi hic yatdan cykarmaň.

Dili salamly bolmak,kopcilikde dil tapmagy basarmak.
Ýapyk adamyň ozuni alyp baryşy koplenc halatda ulumsylyk hokmunde kabul edilýar.Bular ýaly adamlarda ozune bolan ynamy hemde aragatnasyk endikleri bolmaýar.

Tiz netije cykaryp bilmezlik hasiýeti bilen goreşyan bolsa,adam oz yalnyslyklaryndan gorkmagy bes etmeli,beylekilerin sen hakda name pikir etjekdigi barada cuňňur oýlara batmaly dal.Şunuň yaly kadaly,başyňy dync edýan yagdaýdan cykmaga synanşyň

📌durmuşdaky üýtgeşmelerden gorkmaň, taze bir zady synag etdiginiz bolar.Üytgesmeleri global derejedaki müsgillige ýetirmaň.Mysal ucin, beyle yagdayda ekzotik tagamy taýýarlap bilersiniz ,doredijilik bilen meşgullanyp bilersiniz.
📌ustunlik gazansanyz ony bellemegi yatdan cykarmaň,bahbitli bir işden eden bolsaňyz az-kem "öwunin".
📌jemgyýetcilik gatnaşyklary dogrusynda azda kande oýlanyp ýaşaň.
Şeýlelikde,ýakyn wagtda boljak waka dogrusynda mumkin bolan ssenariýalary oylap bilersiniz.

Bilimiňi baýlaşdyrmak.
Adamlar soz alşyp boljak,düsunjesi bolan yakymly hemde gepleşmesi yenil bolan adamlar bilen gyzyklanýar.Munda durli mowzuklarda pikir alyşmak we geplesikleri dowam etdirmek ukuby osdurulip bilner.Kitap okamak, muzeylere we konsertlere gitmek, guymenmek we dunýa dusunmegiň beyleki usullary intellektual we ruhy ösüşe uly yardam edyar.

Diplomatik hasiyetli bolmak
Baskalaryň pikirine hormat goymak garyndaşlaryň yada kärdeşleriň bilen kadaly gatnasyk gurmaga yardam edýar.
Öz nukdaýnazaryň bilen biriniň pikirini bolmek,kimdir birine tazeden düşundirmek ya-da tazeden owretmek synanşyklary düsunişmezlige sebap bolýar.Göz oňune tutmak, dusunmek we beyleki pikirleri kabul etmek adamlaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy dowam etdirmek ucin esasdyr.

Şu aýdylanlardan netije cykaryp,yonekey sadagöwunli hasiyet bilen adamlara garamak, olar bilen yonekey cemeleşmek gatnaşyga zyýan getirmez.
Ýone name diýilse-de boýun almaly, bize yonekey hasiýetli, mylakatly bolmak aňsat düşenok.

Çeşmesi:Turkmenportal.com
15
51
asking
20.05.2024 22:03
Yassyklar we rahatlyk dynç alyş bilen manydaş.Gijaň rahat uklamagy ucin kella yakymly goldaw berýar.Şeýle-de bolsa, geçmişde ýassyklar häzirki döwrüň başy däldi.

Yassyklaryň taryhy takmynan 7000-nji ýyllardan başlap,häzirki Yrak bolan Mesopotamiýada başlaýar.Bu ýassyklar daşdan ýasalyp, rahat däldi, ýöne rahatlyk hakykatdanam olaryň maksady däldi.

Daş yassygyn mor-mojeklerin agzyna, burnuna we gulaklaryna siňmeginiň önüni almakdy.Daşyn yokary bahasy bilen olary diňe baý raýatlar ulanýardy.

Gadymy Müsurde kellanin ruhy durmuşyn oturgujydygyna we her hıli yagdayda goralmalydygyna ynanyardylar.Müsur yassyklary mermer
pil sünki, keramika, daş we ağaç yaly dürli materiallardan ýasaldy.Şeýle hem olaryn dini ähmiýeti bardy, sebabi yassykda hudaýlaryň şekilleri çekilip,erbet ruhlardan goranmak ücin merhumyň kellesiniň aşagyna goýlupdy.

tk.m.wikipediýa.org
16
41
asking
19.05.2024 13:59
Geliň dünýanin tasin yerleri barada gysgaca maglumatlara seredeliň

✅Saharanyň gözi:Mawritaniýada yerleşyän halka görnüşli çykgyt dünýanin iň owadan geologik täsinliklerin biri hasaplanýar.Sahara çölundaki göz şekilli täsin halkany diňe kosmosdan görüp bolýar.Bu halkanyň diametri takmynan 50 km-e barabar.Alymlar bu ýerin topragyn eroziýasy netijesinde emele gelendigini çaklaýarlar.

✅Uly gök çukur: Beliz şäherinden 70 km uzaklykda ýerleşyan çukur merjen rifleriniň merkezinde ýerleşyär.Diametri 400 metr bolan tegelek görnüşli cukruň çuňlugy 124 metre barabardyr.Tegelegin goýy reňkiniň geografik emele geliş bolup, onuň daş-töwereginin arasyndaky çuňluk tapawudy bilen baglanşykly aýdylýar.

✅Garagum ýalkymy.Garagum sahrasynyn jümuşunde ýerleşyan bu tasinlik dünýanin syýahat edilmeli ýerlerinin hatarynda hemişe öňdaki ornunlarda durýar.Gıň sähranyň merkezindaki agirt uly alaw gijesine alyslardan görunyar.Onun golaýyna baranyňda bolsa,jadylaýjy duygu gabap alýar.Alawyň özboluşly öwüşgini Günuň yaşyan pursatlary altynsow şapagyň şekili bilen utgaşyp,has tasin gözelligi döredýär.

✅Erebus buz gaýalary.dünýanin in sowuk yklymy bolan Antraktidada buzdan emele gelen tasin gaýalar bar.Boyy 20metre ýetýan bu gaýalar yitip barýan wulkanyň bölekleri hasaplanýar.Bu yerde ýuze cykan lawa akymlary,Saturnyň Ýupiterin we Neptunyň üstündaki şekilleri calym edýar.Dünýanin iň gurak yeri bolan Antarktidanyň kabir ýerlerinde 2 million ýyl bari hiç hili ýagyn ýagmandyr.

✅Gamyş tuýdük gowagy.Hytaýyň demirgazyk Günbataryndaky Guýilin şaherinin merkezinden, takmynan 6 km uzaklykda ýerleşyan gowak gadymylygy bilen tapawutlanýar.180 millionn ýyl ozal
emele gelendigi caklanylýan gowagyň
cuňlugy 240 metre ýetýar.Hazirki wagtda Guyilin in kop syýahatcylyk edilýan merkezlerinin birine öwruldi.

zamanturkmenistan.com.tm
11
63