asking
23.05.2024 16:45
Geliň degişeliň

Bir ker adam näsagy soramaga gidipdir.Ol gidip barýarka öz icinden:
"Men bir ker adam.Nasagyň name diyenini eşitmen.İne men baryp:"pylany ýagsymysyň" diyerin.Olam elbetde:
"Ýagşydyrn" diyer.Garaz ol name diyse, öran oňat diyibereýin diyip pikir edipdir.

Ker adam näsagyň yanyna baryp:

–Ýeri ýagşy bolýarsyňmy?–diyipdir.

Bitap adamam:

–Aga,hiç hezilim yok–diyip jogap berýär.Onda ker:

–Örän oňat -diýýar.

Birnäce wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:

–İşdäň barmy?

Bitabam aýdypdyr:

–İşdäm zat alanok.

Kerem öz gezeginde:

–örän oňat diýýar.

–iýip icýan zadyň bir barmy?

Onuň soragyna bitabyň gahary gelip,İndi bir eşitsin diyip,keriň gulagyna gygyrypdyr:

–İşdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?

Onuň sözleri keriň gulagyna:"paltaň sapyny iýýarin" diyen ýaly eşdilipdir.Ol:

–Dişine agyr bolmasa,paltaň sapyny iyseňem,örän oňat bolar-diyipdir.
21
244
suicide
3 Iýun 2024
😂😂😂🤣🤣🤣🤣очень смешно
fl_ower
25 May 2024
@asking Sag boluň aýdanyňyz gelsin
fl_ower
25 May 2024
Griplikam güldürdüňiz köp köp sag boluň😅😅
blok3
25 May 2024
😅😆🤣🤣😂 gaty gowy dowamyna garaşýarys
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.