Pedikulýoz bu kesel adamzada gadymy asyrlardan bäri bellidir.Ol barada birinji maglumatlar Aristoteliň işlerinde duş gelýar.Gurap galam bitleri gadymy hindi,peru,indeýleriň gonamçylyklaryndaky jesetlerden hem tapypdyrlar.Olar Grenlandiýa we Aleut adalarynda tapylan mumýalaşan jesetlerde hem duş gelýar.B.e 500 ýyl öň Geradot "Olar hudaýa gulluk edenlerinde hichili bit ya-da başga mör-mojek ýapyşmaz ýaly ..." diyip,müsur dindarlarynyň kellesiniň hemişe arassa syrylandygyny belläp geçyar.Baryp 200.ýylyň dowamynda Ýewropa yurtlarynda pedikulýeziň köpculikleyin yaýramagy ýuze cykýar.ABŞ-da her ýylda kelle pedikuýeziniň 6-12 mln ýagdaýy duş gelýandir.
Keseliň kop duş gelýan döwri,çagalaryň dynç alyş merkezinden gaýdyp gelýan, güýz pasylynyň başyna gabat gelýändir.
Köplenc pedikulýez bilen keselcilik, adamlaryň bir yerde üýsüp ýaşamagy ýa-da arassacylyk düzgunlerini berjaý edilmedik ýagdaýynda has hem yokarlanýandyr.
Bitler hemişe aladaçyl, haharjaň adamlara ýokuşýanlygy barada geň pikir hem bardyr.Adatca bu ýahday nerw dartgynlygy sebapli adamyň bedeniniň yssynyň üytgeýanligi bilen hem düsundirilýar.
Pedikulez (bitlilik) deriniň we saçlaryň parazitler arkaly ýuze cykýan keseldir.
Bitleriň kelle,koynek we gasyk görnuşleri bardyr.Kelle we koynek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düsek,daraklar we başga öý goşlary arkaly gecip bilyandirler.
Gasyk bitleri köplenç jyns gatnaşygy arkaly geçyar.Köynek bitleri geýimleriň tikin yerlerinde ýaşap, şol yerde ýumurtgalaryny taşlaýandyrlar.Bitler 1 minutda 20 sm aralygy geçmage ukyplydyr.Şonuň ucin olar bilen ýokuşma tiz bolup geçyar.
Gasyk bitleri daşky jyns agzalarynyň gyl örtuginde, yumurtga haltajygyň üstünde, buduň yokarky böleginde ýerleşyandir.
(gasyk bitlerine başgaca "fitirioz" hem diýilýar).
Önüni alynmadyk ýagdaýynda bitler goltuklara, arka, döşlere sakgal-murtlara, gaşlara we kirpiklere yaýrap bilýar.
Kelle bitleri kellede ösýan saçlarda, has hem onuň yeňse, depe we cekge böleginde duş gelýandir.Kelle biti 6-14 gunden kämillige ýetişyandir we şondan soň urkacy bit yumurtga taşlamaga ukyplydyr.Bitlerin yumurtgalary agymtyl bolup goňaklara meňzeşdir.
Ýöne goňaklardan tapawutlylykda sirkler togalak görnuşde bolup,gyllaryn duybunde ýapyşyandyrlar.7-10 gunden yaş bitler yumurtgadan cykýandyr we saçlaryň duybunde boş, ak pilejikler galýandyr.Ortaca bitlerin ömrüniň dowamlylygy 21 gune barabardyr.
Pedikuleziň özune mahsus alamatlary bardyr.
📍Bitiň dişlan yerlerinde gijilemaniň döremegi iň yaýran alamatydyr.Ol bitiň tüykuliginiň täsiri bilen dörap, ýokuşmadan 2-3 gun soň doreýar;4
📍Deride emele gelýan gögumtil, ownuk tegmiller;
📍Deride ýüze cykýan gijilemaniň yzlary.
köplenç bakterial yokanclygyň goşulmagy netijesinde deriniň yokancly keselleri döreýar;,
📍Saçlaryň düýbunde, esasan hem boýnuň yokarysynda, gulaklaryň arkasynda keseliň döremegi;
📍Saçlaryň arasynda uly bitlerin gorunmegi, Öte gecen ýagdaylarda bitiň cykarýan nemi saçlary toppaklaýyn birleşdirip,ýaramaz ysy hem ýuze cykaryp biler;
📍Bitleriň cykarýan neminiň netijesinde, boyunlaryň arka tarapynda örguniň döremegi bolup biler;
Bitlerin hemme görnusi adam gany bile iymitlenýandir.Könek bitleri örgunli garahassalyk keseliniň yokuşmagyna getirip bilýandir.Pedikuleza garşy göreş onuň görnuşine baglylykda alnyp barylýandyr.
Gasyk bitinden saplanmak ucin, mümkin bolandan, bedeniň hemme ýerlerinden gyllary syryp aýyrmalydyr
(goltukdan,daşky jyns agzalardan).Bitlerıň dişlan yerlerini yokançlyklardan goranmak ucin, ol yerlere 10% ak simap melhemini ya 5% simap melhemini calmalydyr.
Gaşlardan we kirpiklerden möjekleri dyrnaklaryň komegi bilen yeke-yekeden aýyrmalydyr.Olaryn zeperlenen ýagdaýynda 0,25% göz melhemine fizotigmin goşup ulanmalydyr.
Pedikuleziň önüni almakda hususy we jemgyýetcilik arassacylyk carelerine uns bermek möhum orny eýeleýandir:
📍Bedeniň kadaly yuwmak (hepde-de iki gezekden az däl) eşikleri we yorgan-düsek daşlaryny çalşyp durmak.
📍Öz daragyňyzy başgalaryna bermekden saklanyň
📍Bitleriň yokuşmagynyň önuni almak ücin, ýeňsaňize we gulagyňyzyň arkasyna çay agajyndan we lawandadan taýynlanan erginleri çalyň
📍Pedikulozyň gaýtadan yokuşmagynyň öňuni almak ucin ulanylýan zatlary (süpurgiç, eşikleri, daşlyklary, yumşak oynawaclary) yuwmak we gaýnatmak hokmandyr.
çeşmesi:tk.m.wikipedia.org