asking
29.05.2024 08:01
Nagyşly örme joraplar türkmenlerde gadymdan gelýan bolsa-da, ol halk döredijiliginde hala, keşda tara garanda käbir göze ilmeýan senet, ol diňe gülli jorap ýaly bezegli joraplarda ýüze cykdy.
Galyň örme ýüň joraplar Merkezi we Alynky-Aziýa ýurtlarynda hem-de Kawkazda ýüň bol we senetler ösen ýerde ýaýrandyr.

Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary öz bezeg ýollaryny, reňkleri ulanmagyň dürli tilsimlerini özleşdiripdirler,olar hem gülli joraplara milli aýratynlyk berýär.

Joraplar elde taýýarlanan ýüplükden örülýär.Türkmen zenanlary ony taýýarlamak bilen bagly kyn işleriň ählisini ýerine ýetirýarler.Ozal ýüplük ösümliklerden alynýan reňklere boýalan bolsa indi himiki reňkler ulanylýar, el ýüplügine derek fabrik ýüplügi ulanylyp,oňa berklik ücin Wiskoza sapagy goşulýar.Täze ýüpligiň hili ýyly joraplara täsirini ýetirýär.Gadym zamanlarda jorap agaç çışlerde örülen bolsa, häzirem edil demir çişde örülýar.
Bäş cişde şol bir usulda örülýandigine garamazdan, olar garşylykly reňk öwüşgünleriniň we adaty geometrik nagyşlaryň sazlaşygy netijesinde aýratyn bezegi bilen tapawutlanýar.Olaryň suraty dürli görnüşli we takyk berilýär.

Türkmenlerde däbe göra, düýe ýüňinden jorap örülmeýär, çünki bu janawer keramatly saýylýar.Onuň ýüňini döwelemek bolmaýar.Ýöne soňky 30-40 ýylda düye ýüňunden örülýän ýeňsiz, guşak, giň guşaklyk, tumar, ýoň boldy.

Bezegli-ala jorap her oba öýunde görülýär.Dag senitleriniň ilaty ony ýylboýy geýýär.Şäherliler bolsa onuň owadanlygyna guwanýarlar.Çeper elli zenanlar ýerli ýörelgeleri dowam etseler-de , her nagyşa özüçe bir zat goşýarlar.

Häzir nagyşly joraplaryň meşhurlugy hasda artdy.Galyberse-de,soňky 10-20 ýylda milli geýimde umumy özgerişler bolup geçdi.Halk ussatlary öňden gelýän sungaty lybaslarda häzir ýoň bolan usullar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarlar,
şunda häzirki döwrüň önümleri milli lybaslara aýratyn bezeg berýär.Ğülli joraplar hemişe owadan we gelşikli görùnýär.

Çeşmesi:www.turkmenistan.gov.tm
12
81
gonk
1 Iýun 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.