asking
19.05.2024 13:59
Geliň dünýanin tasin yerleri barada gysgaca maglumatlara seredeliň

✅Saharanyň gözi:Mawritaniýada yerleşyän halka görnüşli çykgyt dünýanin iň owadan geologik täsinliklerin biri hasaplanýar.Sahara çölundaki göz şekilli täsin halkany diňe kosmosdan görüp bolýar.Bu halkanyň diametri takmynan 50 km-e barabar.Alymlar bu ýerin topragyn eroziýasy netijesinde emele gelendigini çaklaýarlar.

✅Uly gök çukur: Beliz şäherinden 70 km uzaklykda ýerleşyan çukur merjen rifleriniň merkezinde ýerleşyär.Diametri 400 metr bolan tegelek görnüşli cukruň çuňlugy 124 metre barabardyr.Tegelegin goýy reňkiniň geografik emele geliş bolup, onuň daş-töwereginin arasyndaky çuňluk tapawudy bilen baglanşykly aýdylýar.

✅Garagum ýalkymy.Garagum sahrasynyn jümuşunde ýerleşyan bu tasinlik dünýanin syýahat edilmeli ýerlerinin hatarynda hemişe öňdaki ornunlarda durýar.Gıň sähranyň merkezindaki agirt uly alaw gijesine alyslardan görunyar.Onun golaýyna baranyňda bolsa,jadylaýjy duygu gabap alýar.Alawyň özboluşly öwüşgini Günuň yaşyan pursatlary altynsow şapagyň şekili bilen utgaşyp,has tasin gözelligi döredýär.

✅Erebus buz gaýalary.dünýanin in sowuk yklymy bolan Antraktidada buzdan emele gelen tasin gaýalar bar.Boyy 20metre ýetýan bu gaýalar yitip barýan wulkanyň bölekleri hasaplanýar.Bu yerde ýuze cykan lawa akymlary,Saturnyň Ýupiterin we Neptunyň üstündaki şekilleri calym edýar.Dünýanin iň gurak yeri bolan Antarktidanyň kabir ýerlerinde 2 million ýyl bari hiç hili ýagyn ýagmandyr.

✅Gamyş tuýdük gowagy.Hytaýyň demirgazyk Günbataryndaky Guýilin şaherinin merkezinden, takmynan 6 km uzaklykda ýerleşyan gowak gadymylygy bilen tapawutlanýar.180 millionn ýyl ozal
emele gelendigi caklanylýan gowagyň
cuňlugy 240 metre ýetýar.Hazirki wagtda Guyilin in kop syýahatcylyk edilýan merkezlerinin birine öwruldi.

zamanturkmenistan.com.tm
11
63
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.