asking
28.05.2024 17:26
Alaja türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsinden,köňül ylhamyndan, mährinden dörän ajaýyp hem gudratly sungat hasaplanýar.
Türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly,ruhy güýjüň bardygyna ynanylýar.Çünki alajanyň akly-garaly reňk sazlaşygy gözüň agynyň-garasynyň we gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbiniň mysalydyr. Sonuň üçin alajalarda ala gözleriň,gije gundiziň ýaly täsin ajaýyp jadyly owadanlyk bar.Yrymlara we ynançlara görä çaganyň boýnunda gudratly alaja bar bolsa,seredýän gözden cykan güýcli nazar, ilki bilen, alaja siňýarde, togtaýar diýýarler.
Alajanyň owadanlyk jadysy syncynyň nazaryny özüne cekýarde, ol alaja dakynany göz degmekden goraýar.
Alajalaryň nämahrem nazarlardan goraýandygyna ynan enelerimiz olary bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, salançakbag, gundagbag, ücin alaja örüpdürler.
Öýüniň gapysyna, hojalykda ulanylýan zähmet gurallaryna, sygyr düýe yaly mallaryna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atyna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir.Elbet-de parasatly ene-mamalarymyz el hünariniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar.
Alajalary adatça ak we gara sapaklardan işipdirler.Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr.Alajalary ince we ýogun işmek bolsa onuň nämä niýetlenýandigine bagly bolýar.
Alajanyň gudraty bolşy ýaly, onuň dürli görnüşleri hem çylşyrymly, owadan.

Çeşmesi:yashlar.gov.tm
16
91
flowers_
28 May 2024
@arzuwly_ay, Salam, gowy Hudaya sukur, özüñem oñatmy
flowers_
28 May 2024
ynanjymyzda*
flowers_
28 May 2024
@arzuwly_ay, dinimizde ýokdyr, ýõne ynyjymyzda bar
flowers_
28 May 2024
@arzuwly_ay, alaja dakynmak köneden gelýän däbimiz, ynanjymyz diýen ýaly, ýaşulymyz ata dakýara bezeg üçin dakýan däldir
flowers_
28 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.