amanmyradowna_
03.01.2024 22:45
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag-aman öreniňe monça bol.


Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.

Şat günleriň köp bolmanna gynanma,

Şat günleriň bolanyna monça bol.


Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,

Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.

Aýaklaryň ätjek ädimin äder,

Göreçleriň görer görjek zadyny.


Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,

Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne monça bol.


Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,

Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.

Bagy ikiýana bulanda tupan,

Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.


Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,

Durnalaryň ýyllar kimin hatary.

Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,

Çözülen hem çözülmeli mataly.


Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,

Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne şükür e
25
157
amanmyradowna_
01.01.2024 16:53
ÇAGALARYÑ JANY SAG BOLAWERSIN. Griplemedik çagada yok oytyan şuwagta😟
27
170
amanmyradowna_
31.12.2023 02:53
ĸüýѕeмeĸ gowydyr, ѕoñυnda вιr- вιrege gowυşмaĸ вar вolѕa.
28
86
amanmyradowna_
30.12.2023 01:30
ꜱᴀʟᴀᴍ ᴍàʜʀɪʙᴀɴ ᴀɢᴢᴀʟᴀʀ! ꜱᴀɢᴀᴍᴀɴᴊᴀ ɢᴇᴢɪᴘ ýòʀꜱùñɪᴢᴍɪ?🙃ýᴀʟᴛᴀɴᴍᴀɴᴊʏᴋ ᴛàᴢᴇ ýʏʟᴀ ᴛᴀýýᴀʀʟᴀɴýᴀñʏᴢᴍʏ?😁

ᴍᴇɴ ʙᴜ ᴘᴏꜱᴛʏ @ʙᴇɢʜᴀɴʏᴍ ᴀɢᴢᴀᴍʏᴢʏñ ʙᴀýʀᴀᴍçʏʟʏᴋ ʙàꜱʟᴇşɪɢɪɴɪñ 5- ɴᴊɪ ғɪɴᴀʟ ᴛᴀᴘɢʏʀʏ ùçɪɴ ᴛᴀýýᴀʀʟᴀᴅʏᴍ.

ɪʟᴋɪ ʙɪʟᴇɴ ᴍᴇɴ ʜᴇᴍᴍᴇᴊàñɪᴢɪ ýᴇᴛɪᴘ ɢᴇʟᴇɴ ᴛàᴢᴇ ýʏʟ ʙᴀýʀᴀᴍçʏʟʏɢʏñʏᴢ ʙɪʟᴇɴ ɢᴜᴛʟᴀýᴀʀʏɴ!

ɢᴏý ʙᴜ ᴛàᴢᴇ ýʏʟ ᴋᴇʟʟᴇʀᴇ ꜱᴀç, ʜᴀꜱꜱᴀʟᴀʀᴀ ᴅᴇʀᴍᴀɴ, ɪşꜱɪᴢʟᴇʀᴇ ɪş, ᴅɪşꜱɪᴢʟᴇʀᴇ ᴅɪş, ʙᴏʟᴍᴀýᴀɴᴀ çᴀɢᴀ, ɴᴀʜᴀʀᴀ ᴅᴜᴢ, ᴅᴜʀᴍᴜşᴀ çʏᴋᴍᴀᴅʏᴋʟᴀʀᴀ ýᴏʟᴅᴀş, òýʟᴇɴᴍᴇᴅɪᴋʟᴇʀᴇ ɢᴇʟɪɴ, ɪññɪʀᴅɪʟᴇʀᴇ ᴀᴋʏʟ, ᴏɴʏ çᴇᴋɪᴘ çʏᴅᴀýᴀɴᴀ ꜱᴀʙʏʀ ᴅɪʟᴇýᴀɴ!🤭😁

ɪɴɴɪ ʙᴏʟꜱᴀ òᴡʀᴇɴᴍᴇʟɪ ᴘʀᴏɢʀᴀᴍᴍᴀᴅᴀ òᴢùᴍᴇ ýᴀᴋʏɴ ᴅᴜýýᴀɴ ᴀɢᴢᴀᴍ @ғʟᴏᴡᴇʀꜱ ɢᴇʟɪɴɪᴍɪᴢɪ ᴛàᴢᴇ ýʏʟʏ ʙɴ ɢᴜᴛʟᴀᴍᴀᴋ ɪꜱʟᴇýᴀɴ. 2023-ɴᴊɪ ýʏʟᴅᴀ ýᴇᴋᴇ ýᴇᴋᴇ ᴊùʙùñᴇ ɢᴏýᴀɴ ᴜᴍʏᴛʟᴀʀʏñ 2024-ɴᴊɪ ýʏʟᴅᴀ ýᴇᴋᴇ ýᴇᴋᴇᴅᴇɴ ɢᴀʀşʏñᴀ çʏᴋꜱʏɴ! àʜʟɪᴊᴇ ᴇᴅᴇɴ ᴀʀᴢᴜᴡʟᴀʀʏñ ʜᴀꜱʏʟ ʙᴏʟꜱᴜɴ! ýùᴢùñᴅᴇ ýʏʟɢʏʀʏşʏñ, ýùʀᴇɢɪñᴅᴇ ꜱòýɢɪñ ʜìç ʜᴀçᴀɴ ᴇɢꜱɪʟᴍᴇᴊᴇᴋ ýʏʟʏ ʙᴏʟꜱᴜɴ! ᴀɢᴢʏʙɪʀ ᴏᴊᴀɢʏñᴅᴀ çᴀɢᴀ ɢùʟᴋùʟᴇʀɪñ ýᴀñʟᴀɴʏᴘ ᴅᴜʀᴍᴀɢʏɴʏ, çᴀɢᴀʟᴀʀʏñ ʙᴀɢᴛʏɴᴀ ɢᴜᴡᴀɴᴍᴀɢʏñʏ ᴀʀᴢᴜᴡ ᴇᴅýàɴ! ᴛàᴢᴇ ýʏʟʏñʏᴢ ɢᴜᴛʟʏ ʙᴏʟꜱᴜɴ!

ᴍᴇɴɪñ ᴛᴀɴᴀýşʏᴍ ʙᴏýᴜɴçᴀ (jynym alýany ùçin)ғʟᴏᴡᴇʀꜱ ᴅᴇɢɪşɢᴇɴ,ɢòᴡɴɪ ᴀçʏᴋ, ᴘàᴋ ɢòᴡùɴʟɪ, ᴘᴇꜱ ᴘàʟ, ᴀʟçᴀᴊʏᴋ ʙɪʀᴀᴢᴀᴊʏᴋ òýᴋᴇʟᴇɢʀàᴊɪᴋ😳(ᴅᴇɢɪşýàɴ òýᴋᴇʟᴀýᴍᴇ😉) ᴀɢᴢᴀ.

ýᴇɴᴇᴅᴇ ʙɪʀ ɢᴇᴢᴇᴋ ᴛàᴢᴇ ýʏʟʏñʏᴢ ɢᴜᴛʟʏ ʙᴏʟꜱᴜɴ!


@ʙᴇɢʜᴀɴʏᴍ ꜱɪᴢᴇᴅᴇ ɪşɪñɪᴢᴅᴇ ùꜱᴛùɴʟɪᴋ!çᴀɢᴀʟᴀʀʏñʏᴢʏñ ɢùʟᴋɪ ꜱᴇꜱʟᴇʀɪɴɪñ ᴀɢᴢʏʙɪʀ ᴏᴊᴀɢʏñʏᴢᴅᴀ ýᴀñʟᴀɴʏᴘ ᴅᴜʀᴍᴀɢʏɴʏ ᴀʀᴢᴜᴡ ᴇᴅýàɴ!
36
272
amanmyradowna_
29.12.2023 10:06
Kofeniñ barada ýalñyş pikir etýànler ùçin!

Men bu posty
@beghanym agzamyzyñ geçirýàn baýramçylyk bàsleşiginiñ 4-nji şerti ùçin açdym.


Kofe☕ (gaýnadylyp ýasalýan)bedene energiýa berýàr, beýniñ işleýşini gùýçlendirýàr. Gùnde 2 çaşga kofe içmek gùnuzyn bedeni gùýçli saklaýar ýadawlygy duydurmaýar emma, gùnùñ dowamynda aşa kòp içilse saglygyñ bozlumagyna ýol açýar. Gùnde 5 çaşka kofenyñ ýùrek keselleri bilen dahyly ýoklygy anyklandy. Hatda gùnde 2-4 çaşga çenli kofe ýùrek we ýùrek bilen bagly keselleriñ òñùni almaga peýdaly. Kofeny aç gatna içmek maslahat berilmeýàr.

Kofe haýsy organlara peýdaly?
Bagyra, içegelere, beýnà, ýùrege, madda çalşygyna,  sùýjùli diabetde, Alzgeimer keselinde, Parkinson keselinde peýdaly.

Kofenyñ zyýanly taraplary şulardy: aşa kòp içilen ýagdaýynda sùñkleriñ eremegine, ukusyzlyga, gaharjañlyga, duýujylygyñ ýokarlanmagyna getirýàr.

Haýsy kofe peýdaly?

Sada gara kofe iñ peýdalysy. Sùyt we şeker goşulmadyk ýagdaýda içilse kaloriýasy pes hem antioksidant hàsýete eýe bolýar.


Men bu temada kofe barada ýazmak islemegimiñ sebàbi kofeni hemme kişi diýen ýaly içýàr. Onuñ peýdasyny we zyýanyny, haýsy kofeni içmek has dogrydygyny dùşùndiresim geldi.


@amanmyradowna
31
199
amanmyradowna_
25.12.2023 17:54
Ýaşlyk
Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.

Bir zada düşünýän:
                              şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,
Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,
Soňra ökünç bile egilip ýörüs!
Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!

Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...


Gurbannazar Ezizow
29
252
amanmyradowna_
23.12.2023 15:28
Kenaryñ gyrasynda 1 ýolbars, 1 goýun we 1 dañy ot bar. Bular bir-birlerini iýmez ýaly edip kenaryñ beýleki gyrasyna geçirmeli. Name etmeli?🧐
26
243
amanmyradowna_
22.12.2023 11:54
Täze ýyl keýpiň ýok bolsa näme etmeli?

Psihologiýada adamyň özüni bagtly we durmuşdan kanagatly duýmagy bilen bagly resurs ýagdaýy düşünjesi bar. Bu ýagdaýda biz garmoniýany, rahatlygy, deňagramlylygy duýýarys. Biz energiýaly bolup, maksatlarymyza aýdyň göz ýetirýäris.

Täze ýyl keýpine hem resurs ýagdaýynyň bir görnüşi diýip düşünmek bolar. Ol baýramçylyk duýgulary bilen baglanyşykly ýüze çykýar: Täze ýylyň simwolikasy, çagalykdan hakydada galan süýji ýatlamalar, ajaýyp baýramçylygyň ýetip gelýändigi baradaky duýgy, ýakynlaryňyz bilen duşuşmak hem-de sowgat alyşmak we ş.m.

Täze ýyla bary-ýogy birnäçe gün galanda baýramçylyk keýpiňem, şatlanmaga bolan gujuryňam zym-zyýat bolýan ýagdaýlary seýrek däl. Bu näme üçin bolýarka?

Psihologlaryň pikiriçe, munuň şeýleräk sebäpleri bardyr:

Ýalňyzlyk. Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Eger siz ony ýekelikde bellemek isleýän bolsaňyz, ýüregiňiz gysyp, özüňizi gussaly duýmagyňyz ikuçsuzdyr.

Maddy kynçylyklar. Täze ýyla taýýarlyk görmekde isle-isleme ýeterlik derejede çykdajy edilýär. Sowgatlary, gerekli harytlary, täze ýyl geýimlerini satyn almak... — bularyň ählisi gürrüňsiz stress ýagdaýyna düşürip biler.

Geçen ýyldan nägile bolmak. Eger tamamlanýan ýylda öňde goýan maksatlaryňyz ýa garaşan zatlaryňyz başa barmadyk bolsa, bu hem sizde göwnüçökgünligi, birahatlygy döredýändir. Täze ýylyň öňüsyrasynda keýpiň bozulmagyna sebäp bolup bilýändir.

Pikiriň üýtgäp durmagy. Eger Täze ýyly nirede, kim bilen bellejegiňizi bilmeýän bolsaňyz, bu sizde howsalalylygy hem-de birahatlygy döretse gerek.

Soňa goýmak. Täze ýyla taýýarlyk görmegi ýetişerin diýen umyt bilen soňa goýsaňyz, soňam muňa ökünseňiz, isle-isleme ýadawlyk we stress duýgusy gurşap alar.

Ýadawlyk duýmak. Iş, öýüň hysyrdylary, özüňi ýaramaz duýmak, umuman, ýadawlyk ýaly ýagdaýlar gujursyzlyga getirip biler.

Täze ýyl keýpiň bolmasa näme etmeli?

Ine, bu meselede ýardam edip biljek birnäçe maslahatlar: geçmiş hakda oýlanyp oturmaň, Täze ýylyňyzy öňünden meýilleşdiriň, taýýarlyk görmegi soňky pursata goýmaň, özüňize gowja serediň.

Ýatda saklaň, adam eli gyzyl güldür, onuň başarmajak zady ýokdur.


Peýdalanylan çeşmeler: tion.ru



Tàze ýyl her òýe şatlyk-şowhun, rysgal-dòwlet, bagt getirsin! 😊
25
214
amanmyradowna_
21.12.2023 16:19
Salam hemmelere!

Bu meniñ
@beghanym agzamyzyñ geçiryan bäsleşiginiñ 3-nji şerti ùçin taýýarlan postym . Men bu bàsleşik ùçin òzùmde tàsir galdyran post @sazsoft agzañ \\\"Çagasyny ùwràp otyr bir ene\\\" atly posty barada òz pikirimi ýazasym geldi.

Dünýäde iň köp taryp edilen, iň köp ýüzlenilen tema bu megerem Ene bolsa gerek.  Emma ejelerimiz näçe taryp edilse, näçe arşa göterilse az ýaly. Sebäp diýseň: ejelerimiz bizi 9 aý garnynda, 3 ýyl elinde we ömür boýy ýüreginde gòterýàr.

«Enä tagzym - mukaddeslige tagzym» atly kitapda okan bir rowaýatymy ýadyma düşdüginden beýan etmek isleýän:
Bir waglar bir adamyň hiç işi oňmaýar. Näme etse tersine bolýar. Ol adam bir dana adamyň ýanyna baryp ýagdaýyny aýdyp, ozüne maslahat bermegini soraýar. Parasatly goja ony diňläpdirde:

- Soňky wagt ejeňden haçan habar tutdyň diýýär.

- Ýadyma düşenok. Ep-esli wagta bolandyr\\\\\\\"- diýip ýaňky adam jogap berýär.

Goja bolsa:

- \\\"Düşnükli, sen eneňi razy etmänsiň. Enäniň göwnüni tapyp, razylygyny gazansaň işiň oňup gider\\\"- diýip jogap berýär

Ýaňky adam bolsa goja sag bolsun aýdyp ejesiniň ýanyna gelýär.

- Eje, meniň hiç işim oňanok. Näme etsem tersine. Bir dana goja bolsa ejeňi razy et. Şonda işiň oňar duýdi. Aýt ejejan. Men seni nädip razy edip bilerin\\\" diýýär.

Ýüreginde ogluna az-kem kine bolan ejesi bolsa:

-Oglum, sen maňa bir käse ene süýdüni getirseň, men senden razydyryn\\\" diýýär.
Ogly enäniň islegini ujypsyzja zatdyr öýdüp begenip, bir käse ene süýdüniň gözlegine çykýar. Emma oňa hiç kim ene süýdüni bermeýär. Sebäbi hiç kim öz balasynyň ryskyndan kesipbir damja hem ene süýdüni bermek islemeýär.
Ogly nirlere barsada, näçe urunsada ene süýdüni tapyp bilmeýärde.
Ol ahyry enäniň islegine düşünip, lapykeç bolup ejesiniň ýanyna barýar.

- Eje ýalňyşyma düşündim. Ene südüni hiç zada deňäp bolmaz eken. Men bolsa ony ujypsyzja zatdyr öýtdüm.Men bagyşla. Men seni ynjytdym.- diýip ejesiniň aýagyna başyny goýup aglaýar.

- Ejesi bolsa oglunyň ýalňyşyna düşüneniňe begenýär. Ony bagyşlaýar.

Rowaýatdan görnüşi ýaly enäniň ak süýdüni hiç zat bilen deňäp bolmaz. Enelerimiz üçin wapaly perzent bolup ene süýdüni haklamak her bir perzendiň borjudyr.

⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘

Men şu ýerde şahyr Kerim Hallyñ \\\"Zenanlara tagzym\\\" atly goşgusyny size ýetiresim geldi.

Òzge ýurtlañ gùllerinden òndùrilen
Gymmatbaha atyrlardan sepýàris,
Òmrùmiziñ gùli bolup inderlen-
Tùrkmen zenanlaryna tagzym etýàris!
💫
Mydam dogry ýerden ýòremek çetin,
Kàte şeýtan bile ýola gidýàris.
Imansyz galsak-da, imany bùtin,
Tùrkmen zenanlaryna tagzym etýàris!
💫
Olar ýokka tapman òýùñden kerem,
Aýralygyñ agramyna ýetýàris.
Gùl dek çagalary doguryp beren-
Tùrkmen zenanlaryna tagzym etýàris.

⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘⚘

Postym uzynragam boldy. Kyn gòrmàn okamagyñyzy haýyş edýàn. Minnetdar🙂
34
246
amanmyradowna_
20.12.2023 13:32
👩‍🍳Mindalyñ 9 sany peýdasy.💫
💥1. E witamin deposy. ( ýùzùñ koźasyna gaty peýdaly).
💥2. Zyýanly holesterine garşy göreşýär.
💥3. Kletçatka baý ( içegeler ùn gerek).
💥4. Dok saklaýa ganyñ dùzùmindäki süýjùni kadalaşdyrýar.
💥5. Gan basyşy kadalaşdyrýar.
💥6. Içegeleri hereketlendirýär. ( 👆 gòrkezilen 3 nji).
💥7. Dùzùmindäki kalsiý magniý bilen sùñkleri berkitýär.
💥8. Wejaterýanlar hem iýip biler.
💥9. Kansere garşy. (esasanam içegelerde döreýan gornüşine)

Gùnde 30 gr (23 sany) iýmek ýeterlik.

Öz saglygyñyza ùns beriñ!👌
25
89