Täze ýyl keýpiň ýok bolsa näme etmeli?
Psihologiýada adamyň özüni bagtly we durmuşdan kanagatly duýmagy bilen bagly resurs ýagdaýy düşünjesi bar. Bu ýagdaýda biz garmoniýany, rahatlygy, deňagramlylygy duýýarys. Biz energiýaly bolup, maksatlarymyza aýdyň göz ýetirýäris.
Täze ýyl keýpine hem resurs ýagdaýynyň bir görnüşi diýip düşünmek bolar. Ol baýramçylyk duýgulary bilen baglanyşykly ýüze çykýar: Täze ýylyň simwolikasy, çagalykdan hakydada galan süýji ýatlamalar, ajaýyp baýramçylygyň ýetip gelýändigi baradaky duýgy, ýakynlaryňyz bilen duşuşmak hem-de sowgat alyşmak we ş.m.
Täze ýyla bary-ýogy birnäçe gün galanda baýramçylyk keýpiňem, şatlanmaga bolan gujuryňam zym-zyýat bolýan ýagdaýlary seýrek däl. Bu näme üçin bolýarka?
Psihologlaryň pikiriçe, munuň şeýleräk sebäpleri bardyr:
Ýalňyzlyk. Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Eger siz ony ýekelikde bellemek isleýän bolsaňyz, ýüregiňiz gysyp, özüňizi gussaly duýmagyňyz ikuçsuzdyr.
Maddy kynçylyklar. Täze ýyla taýýarlyk görmekde isle-isleme ýeterlik derejede çykdajy edilýär. Sowgatlary, gerekli harytlary, täze ýyl geýimlerini satyn almak... — bularyň ählisi gürrüňsiz stress ýagdaýyna düşürip biler.
Geçen ýyldan nägile bolmak. Eger tamamlanýan ýylda öňde goýan maksatlaryňyz ýa garaşan zatlaryňyz başa barmadyk bolsa, bu hem sizde göwnüçökgünligi, birahatlygy döredýändir. Täze ýylyň öňüsyrasynda keýpiň bozulmagyna sebäp bolup bilýändir.
Pikiriň üýtgäp durmagy. Eger Täze ýyly nirede, kim bilen bellejegiňizi bilmeýän bolsaňyz, bu sizde howsalalylygy hem-de birahatlygy döretse gerek.
Soňa goýmak. Täze ýyla taýýarlyk görmegi ýetişerin diýen umyt bilen soňa goýsaňyz, soňam muňa ökünseňiz, isle-isleme ýadawlyk we stress duýgusy gurşap alar.
Ýadawlyk duýmak. Iş, öýüň hysyrdylary, özüňi ýaramaz duýmak, umuman, ýadawlyk ýaly ýagdaýlar gujursyzlyga getirip biler.
Täze ýyl keýpiň bolmasa näme etmeli?
Ine, bu meselede ýardam edip biljek birnäçe maslahatlar: geçmiş hakda oýlanyp oturmaň, Täze ýylyňyzy öňünden meýilleşdiriň, taýýarlyk görmegi soňky pursata goýmaň, özüňize gowja serediň.
Ýatda saklaň, adam eli gyzyl güldür, onuň başarmajak zady ýokdur.
Peýdalanylan çeşmeler: tion.ru
Tàze ýyl her òýe şatlyk-şowhun, rysgal-dòwlet, bagt getirsin! 😊