amanmyradowna_
03.01.2024 22:45
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag-aman öreniňe monça bol.


Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.

Şat günleriň köp bolmanna gynanma,

Şat günleriň bolanyna monça bol.


Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,

Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.

Aýaklaryň ätjek ädimin äder,

Göreçleriň görer görjek zadyny.


Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,

Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne monça bol.


Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,

Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.

Bagy ikiýana bulanda tupan,

Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.


Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,

Durnalaryň ýyllar kimin hatary.

Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,

Çözülen hem çözülmeli mataly.


Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,

Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne şükür e
25
157
jady
16 Fewral 2024
@amanmyradowna_, .👍👍👍
amanmyradowna_
16 Fewral 2024
@jady, ay plança sagadam dal her gun her wagt tassyklanya
jady
16 Fewral 2024
Gulum bir zat sorajykdym.Goyan postuñ naçe eagtdan tassyklanyarka.?
jady
16 Fewral 2024
@amanmyradowna_, 👍👍
jady
16 Fewral 2024
postler diyjekdim.😊👍
amanmyradowna_
16 Fewral 2024
@jady, minnetdar likelarñyza😉
jady
16 Fewral 2024
@amanmyradowna_, Salam gowy pistlarynyz bar eken.💗👍👍
amanmyradowna_
16 Fewral 2024
@jady, salam.
jady
16 Fewral 2024
G.Ezizow.👍👍👍
amanmyradowna_
6 Yanwar 2024
@Kmg gurt, ha🤣🤣🤣🤣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.