amanmyradowna_
25.12.2023 17:54
Ýaşlyk
Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.

Bir zada düşünýän:
                              şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,
Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,
Soňra ökünç bile egilip ýörüs!
Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!

Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...


Gurbannazar Ezizow
29
252
makesh_
28 Dekabr 2023
👍🏻
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, iymeseniz iymañ kowus geyin ayagynyz usar🤣🤣🤣
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, sag bol
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, aytma sony bahany klent kesyan bolly o zat asmandan dusen yaly😄
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, ha dogry
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, haa bah adamlar taze yyla hic zat alanokmyka
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@amanmyradowna_, haa yokla siz nc yyl
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, nirde oturyañay
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, gowy damii anyrda bizda uklady
Miss_Minnosh❤️
28 Dekabr 2023
@Kmg gurt, karzyñy ber taze yyllan on
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.