amanmyradowna_
23.11.2023 20:34
Doglan gùnùm
Doglan günüm... Ùýşùp dosty-ýarlarym,
Ýetip sahylygyñ añry hetdine.
Dilàp àhli gowulygyñ barlygyñ,
Uzak-uzak òmùr arzuw etdiler.
💥💥💥
Hoş sòz herne gòwne gop beraýgiçdir,
Men bolsa, tersine... galdym howsala:
Uzak òmùr hakda munça arzuwyñ,
Ýeri, birden-biri hasyl bolsa nà?!
💥💥💥
Mazasy bildirmez maña hiç zadyñ,
Sensizligiñ ezýet-ejirlerinde.
Uzynlygynda dàl...
Ýoluñ manysy,
Megerem kim bilen geçenligiñde.
💥💥💥
Gelsene, ýetiş sen dadyma derhal.
Sowgadam, hoş sòzem... dàl hazir derkar.
Edip boljak àhli arzuw edildi...
Gel, àhli arzuwlañ hasyly bol-da,
Maña uzak òmri bagyşlap serpaý.
36
88
amanmyradowna_
15.11.2023 23:17

Günleriň birinde bir dananyň ogly elem-tas

bolup, ylgap gelipdir: “Kaka, buşluk, bir hoş

habar bar, bazarda kilosy bir dinardan hurma satylýan eken. Satyja bir çuwal hurmany aýryp goýmagyny haýyş etdim, pulumy alyp

gelýänçäm garaşmagyny soradym...” —

diýipdir. Dana ýaşuly bu sözlere ýylgyrypdyr

we ogluna bakyp: “Şu iki dinary al-da, oňa

düşýän zerur zatlary al” — diýipdir.

Ogly kakasynyň sözlerine geňirgenipdir-de,

hiç hili garşylyk görkezmezden, bazara

eňipdir. Aradan köp wagt geçmänkä, kakasy ogluny ýanyna çagyrypdyr: “Bu günler bazarda hurmanyň nyrhy näçe boldy?” — diýip sorapdyr. Ogly: “Bir kilosy bäş dinara çykdy” — diýipdir. Kakasy: “Bar, onda, gitde, bir çuwal hurma getir” — diýip, ogluna pul

uzadypdyr. Ogly muňa geň galypdyr: “Kaka,

seniň bolşuň birgeňsi, hurmaň bahasy bir

dinarka almakdan ýüz öwürýäň. Bäş dinarka bolsa göwünjeň satyn alýaň” — diýipdir.

Kakasy: “Oglum, hurmaň bahasy bir dinarka

meniň ýanymda iki dinardan başga pul ýokdy, emma bu wagt pulum kän, gurbum bar, şonuň üçin hem arkaýyn alýaryn” — diýipdir.


Akyldarlaryň ýöreýän iň dogry durmuş

ýörelgesi — zada zar bolmazlyk strategiýasy. Gazanyp bilmeýän, häzirki pursatda ýagdaýyň ýok zady küýsäp, isläp başlasaň, dessine onuň tamasyny hem, pikirini hem kalbyňdan çykar. Diňe şeýtmek bilen ony gazanmak şehwetinden we onuň täsirine berilmekden halas bolarsyň. Ýogsam, ýagdaýyň ýok zada gultunyp, gaýta-gaýta ýatlap ýa-da göz gezdirip dursaň, ol seni birahat we ynjalyksyz eder. Köp zatlara ünsüňi jemlemekden ünsüňi sowar. Has ýamany-da, özüňde bar zatlaryň we daş-töweregiňdäki zatlaryň ajaýyplygyny,

gözelligini görmekden mahrum bolarsyň,

ýakymly zatlaryň gözelligini duýup bilmersiň

33
87
amanmyradowna_
14.11.2023 00:06

Günleriň birinde meşhur suratkeş Pikasso

köçeden ýöräp barýan ekeni. Pikassonyň

sungatyna aşyk zenanlaryň biri muny

görüpdir-de, suratkeşiň ýanyna ylgap baryp,

mähir bilen salamlaşypdyr. Ýantorbasyndan bir ak kagyzy çykaryp: “Jenabym, men siziň

çeken suratlaryňyzyň jandan-tenden muşdagy.

Öz täsin hünäriňizden şu ak kagyza bir surat çekip, meni begendirip bilermisiňiz?” diýipdir. Pikasso muňa ýylgyrypdyr. Ak kagyzy alypdyr we onuň ýüzüne surat çekip başlapdyr.


Tamamladym edip, ýaňky suratly kagyzy

eýesine uzadypdyr: “Hanym, bu suraty aýawly sakla, wagty gelende sen ony million dollara satyp bilersiň!” diýipdir.


Muşdak zenan muňa geň galypdyr: “Pikasso halypa, siz bu kiçijik surat üçin bary-ýogy otuz sekunt sarp etdiňiz. Onuň millionlyk gymmaty bolup bilermi?” — diýipdir.


Pikasso ýylgyrypdyr we oňa garap: “Hanym,

otuz sekuntda sowgatlyk (ýadygärlik) surat

çekmek üçin, men ömrümiň otuz ýylyny sarp etdim” — diýipdir.


Ýokardaky söhbetdeşlikde meşhur suratkeş

bize juda ähmiýetli bir maglumaty — ömrüň

wajyp wezipesini ýetirýär: täsinligi, täsin bir

zady döretmegiň köp wagt almazlygy mümkin, ýöne şol derejä barýançaň mazaly

taýýarlanmagyň, taplanmagyň gerek.

36
53
amanmyradowna_
04.11.2023 00:54

Durmuş — göreş meýdany. Göreş bolsa käteler


örän zabun bolýar. Birdenkä, bu gowgaly


meýdanyň ortasyna nädip düşeniňi duýman


galýarsyň. Öz gymmatyň, mertebäň, ynanjyň,


maksadyň, pikiriň, prinsipiň, arzuwyň, ýerine


ýetirýän işiň üçin, sen göreşmäge mejbur


bolýarsyň.


Belki ýeňilersiň... kimdir biri iň pis usullary


ulanyp, pes hereketler bilen seni heläk etmek


ýa-da aşak basmak islär. Şol halatda sen näme


etmeli..?! Näme edesiň geler? Gör, ikimiz


pikirdeş ekenik — ar alasymyz geler.


Ine, şeýle ýagdaýlarda, hormatly professor


Abdyl Mutawygyň sözleri ýerlikli


görünýär:“Saňa ýamanlyk edýänlerden ar


almagyň iň gowy usuly — olaryň özi ýaly


bolmazlykdyr. Durmuşyňda olaryň sökel


ýörelgelerini, näsag garaýyşlaryny, keselli


düşünjelerini gaýtalamakdan, olaryň özleri


ýaly bolmakdan gaça durmakdyr. Olara özleri


ýaly jogap bermekden özüňi belent tut, goý,


olar özleriniň pesdigini, düşünjeleriniň


çüýrükdigini, ahlaklarynyň nogsanlydygyny


duýsunlar”.





Kerim Aş Şazili-"Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary"

38
65
amanmyradowna_
17.10.2023 18:05

Awraam Linkolnyň bir sözi bar: “Dymyp


durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan, ýene-de dymyp duranyň gowudyr”.

37
113
amanmyradowna_
09.10.2023 22:54

Garaşylmadyk ýagdaýda gelen gòzellikler bardyr Rebbim şo gòzellikleri durmuşymyzdan kem etmesin.

39
137
amanmyradowna_
05.10.2023 17:01

Dört gylyk


«Ulumsylyk – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne ulumsylyk etmejek bolup,


Ýyrşaryp ýörmegem gowy däldir, dost.



«Geplemseklik – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne geplemseklik etmejek bolup,


Dommaryp ýörmegem gowy däldir, dost.



«Ýaranjaňlyk – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne ýaranjaňlyk etmejek bolup,


Gomparyp ýörmegem gowy däldir, dost.



«Ýaltaçylyk – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne ýaltaçylyk etmejek bolup,


Hars urup ýörmegem gowy däldir dost.



«Başga-da köp erbet gylyk» diýýärler.


Olaryň köpdügem rastdyr rast.


Ýöne her bendimde bir söz üýtgedip,


Samyrdap durmagam gowy däl-dä, dost.

41
164
amanmyradowna_
29.09.2023 15:14

Adam bedeninde: peşew haltada we bòwreklerdàki emele gelen daşlar.

42
283
amanmyradowna_
28.09.2023 17:40

Siziñ pikiriñizçe jùbùtlriñ ýaş tapawudy naçe bolsa gowy?

53
1 047
amanmyradowna_
27.09.2023 18:49

Saňa birnäçe sowal: “Şowsuzlykdan


gorkýarmyň? Işiň ugrukmazlygyndan


howatyrlanýarmyň? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça


durýarmyň?».Eger-de sen “hawa” diýip jogap berseň, onda seniň öňüňde, dogrudanam,


ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we sen aglaba şeýle halatda arzuwlaryňy hasyl edip bilmersiň.


Şowsuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzlyk


üstünligiň ganatydyr, ruhudyr, barlygynyň


jöwher janydyr. Durmuşda haçandyr bir wagt büdremedik ýa-da agsamadyk adamy hiç wagt görmersiň. Işi rowaç adamlaryň ählisi hem şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler. Hiç bir adam Allanyň kesgitlän bu durmuşynda: “Bu ýolda üstünlik hemişe meniň hemram


boldy” — diýip, aýtmaga milt edip bilmez.

34
137