Günleriň birinde meşhur suratkeş Pikasso
köçeden ýöräp barýan ekeni. Pikassonyň
sungatyna aşyk zenanlaryň biri muny
görüpdir-de, suratkeşiň ýanyna ylgap baryp,
mähir bilen salamlaşypdyr. Ýantorbasyndan bir ak kagyzy çykaryp: “Jenabym, men siziň
çeken suratlaryňyzyň jandan-tenden muşdagy.
Öz täsin hünäriňizden şu ak kagyza bir surat çekip, meni begendirip bilermisiňiz?” diýipdir. Pikasso muňa ýylgyrypdyr. Ak kagyzy alypdyr we onuň ýüzüne surat çekip başlapdyr.
Tamamladym edip, ýaňky suratly kagyzy
eýesine uzadypdyr: “Hanym, bu suraty aýawly sakla, wagty gelende sen ony million dollara satyp bilersiň!” diýipdir.
Muşdak zenan muňa geň galypdyr: “Pikasso halypa, siz bu kiçijik surat üçin bary-ýogy otuz sekunt sarp etdiňiz. Onuň millionlyk gymmaty bolup bilermi?” — diýipdir.
Pikasso ýylgyrypdyr we oňa garap: “Hanym,
otuz sekuntda sowgatlyk (ýadygärlik) surat
çekmek üçin, men ömrümiň otuz ýylyny sarp etdim” — diýipdir.
Ýokardaky söhbetdeşlikde meşhur suratkeş
bize juda ähmiýetli bir maglumaty — ömrüň
wajyp wezipesini ýetirýär: täsinligi, täsin bir
zady döretmegiň köp wagt almazlygy mümkin, ýöne şol derejä barýançaň mazaly
taýýarlanmagyň, taplanmagyň gerek.