Saňa birnäçe sowal: “Şowsuzlykdan
gorkýarmyň? Işiň ugrukmazlygyndan
howatyrlanýarmyň? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça
durýarmyň?».Eger-de sen “hawa” diýip jogap berseň, onda seniň öňüňde, dogrudanam,
ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we sen aglaba şeýle halatda arzuwlaryňy hasyl edip bilmersiň.
Şowsuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzlyk
üstünligiň ganatydyr, ruhudyr, barlygynyň
jöwher janydyr. Durmuşda haçandyr bir wagt büdremedik ýa-da agsamadyk adamy hiç wagt görmersiň. Işi rowaç adamlaryň ählisi hem şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler. Hiç bir adam Allanyň kesgitlän bu durmuşynda: “Bu ýolda üstünlik hemişe meniň hemram
boldy” — diýip, aýtmaga milt edip bilmez.