amanmyradowna_
23.11.2023 20:34
Doglan gùnùm
Doglan günüm... Ùýşùp dosty-ýarlarym,
Ýetip sahylygyñ añry hetdine.
Dilàp àhli gowulygyñ barlygyñ,
Uzak-uzak òmùr arzuw etdiler.
💥💥💥
Hoş sòz herne gòwne gop beraýgiçdir,
Men bolsa, tersine... galdym howsala:
Uzak òmùr hakda munça arzuwyñ,
Ýeri, birden-biri hasyl bolsa nà?!
💥💥💥
Mazasy bildirmez maña hiç zadyñ,
Sensizligiñ ezýet-ejirlerinde.
Uzynlygynda dàl...
Ýoluñ manysy,
Megerem kim bilen geçenligiñde.
💥💥💥
Gelsene, ýetiş sen dadyma derhal.
Sowgadam, hoş sòzem... dàl hazir derkar.
Edip boljak àhli arzuw edildi...
Gel, àhli arzuwlañ hasyly bol-da,
Maña uzak òmri bagyşlap serpaý.
36
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.