Durmuş — göreş meýdany. Göreş bolsa käteler
örän zabun bolýar. Birdenkä, bu gowgaly
meýdanyň ortasyna nädip düşeniňi duýman
galýarsyň. Öz gymmatyň, mertebäň, ynanjyň,
maksadyň, pikiriň, prinsipiň, arzuwyň, ýerine
ýetirýän işiň üçin, sen göreşmäge mejbur
bolýarsyň.
Belki ýeňilersiň... kimdir biri iň pis usullary
ulanyp, pes hereketler bilen seni heläk etmek
ýa-da aşak basmak islär. Şol halatda sen näme
etmeli..?! Näme edesiň geler? Gör, ikimiz
pikirdeş ekenik — ar alasymyz geler.
Ine, şeýle ýagdaýlarda, hormatly professor
Abdyl Mutawygyň sözleri ýerlikli
görünýär:“Saňa ýamanlyk edýänlerden ar
almagyň iň gowy usuly — olaryň özi ýaly
bolmazlykdyr. Durmuşyňda olaryň sökel
ýörelgelerini, näsag garaýyşlaryny, keselli
düşünjelerini gaýtalamakdan, olaryň özleri
ýaly bolmakdan gaça durmakdyr. Olara özleri
ýaly jogap bermekden özüňi belent tut, goý,
olar özleriniň pesdigini, düşünjeleriniň
çüýrükdigini, ahlaklarynyň nogsanlydygyny
duýsunlar”.
Kerim Aş Şazili-"Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary"