adminbet
05.04.2024 16:01
PHP 1995 ýyly, Rasmus Lerdorf Perl/CGI da internet saýtyna girýänleriň

näçedigini hasaplamak üçin kiçik bir programma ýazdy. Şol wagtlary

munuň ýaly işleri bejerýän hiç hili programma ýokdy, şonuň üçin oňa

köp hatlar gelip, onuň bu işi nädip bejerenini bilmek üçin sorap

başladylar. Şonda Lerdorf özüniň bu kiçi programmasyny Ýany

PHP(Personal Home Page ýa-da Hypertext

Processor) ny mugut paýlap başlady. PHP nyň uly tizlik bilen ýaýrap

barýanyny gören Lerdorf PHP nyň işini başlady ýagny goşmaça kodlar

goşup başlady, wagty gelip PERL onuň üçin azlyk edip ol bu

programmany C programmirleme dilinde ýazyp başlady, we PHP ny

işläp çykarmaga bütin dünýä programmistleri gatnaşyp başlaýar.

1997 ýyly PHP 3.0 çykdy, we bütin dünýä boýunça 50 000 den köpräk

adam şu programmany işledip başlady.

1999 ýyla gelip PHP işletýänleriň sany 1 000 000 dan geçip gitdi.

Bu PHP taryhyndan bir bölek .
20
55
adminbet
09.10.2023 09:43

Sizi bu gün ýene bir peýdaly programma bilen tanyşdyrmakçy. Bu programma kompýuterden ýa noutbukdan ýa netbukdan internede girýänler üçin has amatly bolar. Esasan hem traffik meselesinde. Programmanyň edýän işi: Kompýuteriň ähli komponentleriniň we programmalarynyň internete bolan elýeterliligini (доступ к сети) sazlamak. Bilýän bolsaňyz, Windows operasion ulgamyň (esasan hem 8, 8.1 we 10) internet arkaly bilniksiz işleýän služba prosesleri sanardan kän. Eger modem arkaly internet ulanýan bolsaňyz onda, sanalgyja minudyň içinde 20-30 megabaýt traffigiňiz bilen hoşlaşyp bilersiňiz. Hat-da Wi-Fi router arkaly internet ulanýan bolsaňyz hem bu prosesler size gerekmejek biderek zatlar üçin trafik eýeläp, beýleki internet ulanýan programmalaryň işini (meselem, brauzer ýa-da kino ýükleýän bolsaňyz) haýalladyp bilýär. Şu ýerde size NetLimiter programmasy kömek edip biler. Onuň içinde haýsy programmalaryň ineternet ulanyp biljegini, haýsylaryna bolsa internede çatylmagy gadagan etmelidigini sazlap bolýar. Şeýlelikde, mysal üçin siz diňe brauzer arkaly internede girmek isleseňiz, onda diňe şol brauzere hem-de DHCP-клиент we DNS-клиент službalara elýeterlilik berip, galan ähli programmalara gadagan edip bilersiňiz. Mundan başga-da programmada gaty kän sazlamalar bar we siz programmalar üçin öz düzgünleriňizi hem girizip bilersiňiz. Programmalar üçin internedi ýapmakden başga-da, ony belli bir megabaýt möçberinde çäklendirip hem bilersiňiz.

Bu programmanyň göwrümi: ortaça 5-6 megabaýt.

Şu wagt 4-nji wersiýasy aktiwdir.

Öndüriji: Locktime Software.

Ony lrepacks.ru saýtyndan ýükläp bilersiňiz.

Kompýutere ustanowka etmezden ilki antiwirus programmasyny deaktiwleşdirmegi maslahat berýän (wirus ýok, ýöne repack bolany sebäpli).

14
35
adminbet
08.10.2023 15:40

Aşakdaky sanawdaky her bir kompýuter ulanyja gerekli bolan "biderek" diýen kategoriýa girmeýän 15 sany programmany paýlaşmakcy. Bu programmalar size dürli ýagdaýda kömekci bolup biler. Ofis programmalar toplumyny we antiwirus goragyny hasaba goşmadym, olaryň möhümligi hemmä belli bolsa gerek.


1. WinRAR

Arhiwator diýlende ilkinji göz öňüne gelýän prog. Uniwersallygy bilen tapawutlanýar.


2. VLC Media Player

Wideo we audio pleýer. Ýeňilligi, göwrüminiň kiciligi bilen tapawutlanýar. Galyberse-de munuň acyp bilmeýän wideofaýlyny tapmak size kyn düşer.


3. Nero Burning ROM

DVD we CD diskler bilen bagly ähli hyzmatlary bitirýär.


4. CCleaner

Kompýuterdäki biderek zibil faýllary arassalamak işini muňa ynanyp bilersiňiz. Windows ulgamyna iň gowy düşünýän arassalaýjy. Beýlekilerden tapawutlylykda sistemanyň niresinde zibil faýllaryň toplanýandygyny anyk we doly bilýär. Ondan başga-da dürli peýdaly funksiýalary bar.


5. Mozilla Firefox

Iň gowy brauzerleriň biri. Tizligi we oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Eger Google Chrome diýýän bolsaňyz, oňa jedelim ýok, emma ol siziň girýän saýtlaryňyzdan daşary mydama Google kompaniýasy bilen "arabaglanyşykda" saklanýar we duýdansyz traffigiň belli bir bölegini eýeleýär.


6. KeePass

Siziň dürli saýtlarda, sosial torlarda ýa-da başga ýerlerde ulanýan login parollaryňyzyň ählisini kelläňizde saklamak kyn bolar. Şeýle ýagdaýda KeePass siziň ücin amatly seýf bolar.


7. AIMP

Artur Izmailov-dan iň bir owadan we gaty oňaýly audio pleýer. Özüniň Windows ulgamyna doly ornaşyp, dürli oňaýly funksiýalary bilen tapawutlanýar. Bu pleýere her dürli "eşikleri (obložkalary)" we plugin-leri catyp bilersiňiz.


8. Scanitto Pro

Kitaplary ýa-da başga resminamalary aňsat skanerlemekde size dürli funksiýalary bilen kömek eder.


9. GIMP

Oňaýly grafiki redaktor. Eger Photoshop programmasyna düşünmeýän bolsaňyz, onda hytaýly dostlarymyzdan onuň aňsatlaşdyrylan görnüşi. Photoshop-da edilýän işleriň aglabasyny bu programmada hem edip bolýar. Kici göwrümliligi we ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Internetde munuň gaty kän plugin-leri bardyr.


10. ABBYY Fine Reader

Bu meşhur programma arkaly siz OCR tehnologiýasynyň üsti bilen surat görnüşli ýa-da skaner eden resminamalaryňyzy az wagtyň icinde tekst görnüşine öwrüp bilersiňiz we .pdf, .docx ýa-da beýleki formatlarda ýatda sakladyp bilersiňiz. Ýagny suratlardaky teksti tanamak hyzmaty.


11. Format Factory

Bu programmany bilmeýän az bolsa gerek. Faýl konwerteri. Dürli görnüşli faýllaryň (tapawudy ýok, wideo, aýdym, surat we ş.m.) formatlaryny başga formata gecirmek işi. Sazlamalarynyň we öwürýän faýl görnüşleriniň gaty känligi bilen tapawutlanýar.


12. Internet Download Manager (IDM)Interden faýllary ýüklemek işi (Download, Zagruzka). Dürli peýdaly funksiýalary bar. Iň gowusy hem faýllary nobata goýmak we ýalňyşlyk sebäpli doly ýüklenmedik faýllary soň dowam etmek.


13. HideFolders

Kompýuterde faýllary we papkalary kod arkaly gizlemek. Başgalaryň görmegini we acmagyny islemeýän maglumatlaryňyz bar bolsa bu programma size gowy kömek eder.


14. NetLimiter

Öňki mowzugymda durup gecipdim. Internet traffigiň ulanylyşyny sazlamak.


15. AIDA 64

Kompýuteriňiz we onuň enjamlary barada mümkin bolan ähli maglumatlar bir programmada. Kompýuteriňiz hemme görkezijileri bilen tanşyp bilersiňiz.


Aslynda bu programmalar islendik disk dükanynda Kompýuteriň programma üpjünçilik diskynda bar. windows ýükleseniz, ýanynda gerekli programmalar hökmünde satyjy özi size hödürläp biler.

13
53
adminbet
06.10.2023 08:35

Android ulgamyny Google döretmedi.

Hat-da häzirki wagtda Android brendiniň ady Google kompaniýasy bilen berk bagly bolsa-da, onuň gözbaşynda başga adamlar durupdy. Android Inc. kompaniýasy zehinli inženerler Andy Rubin, Rich Miner, Nick Sears, Chris White tarapyndan 2003-nji ýylda sanly fotoapparatlar üçin platforma öndürmek maksady bilen döredilipdi. 2005-nji ýylda bu kompaniýanyň geljeginiň uludygyny aňan Google şereketi ony satyn aldy. Öňki kompaniýanyň ähli işgärleri täze edarada işini dowam etdiler. Mobil telefonlar üçin döredilen operasion ulgamyň adyna hem Google täze kompaniýasynyň adyny dakmagy makul bildi. Şeýlelik-de Android OS döredi.


***


Android ulgamynyň döredilmegine BlackBerry firmasynyň gadjetleri nusga boldy. Bu ulgam şondan mysal alnyp döredildi.


***


Android arkaly işläp başlan ilkinji telefon HTC Dream telefonlarydyr.


***


Hemmämize mälim bolşy ýaly, Android ulgamynyň her bir wersiýasyna elipbiý tertibinde bir süýji önüminiň ady dakylýar (Ice-Cream Sandwich, Lolli Pop, Marshmallow...). Android 1.0 we 1.1 wersiýalarda süýji önümleriniň ady däl-de, Alpha we Astro Boy atlary dakylypdyr.


***


Android-yň taryhynda ýekeje wersiýasy telefonlarda oturdylmady. Ol Android 3.0 wersiýasy bolup, diňe planşetler üçin niýetlendi. Onuň sebäbi Apple iPad planşetlary bilen bäsdeşlige girmek üçin bolupdy, emma şowsuz boldy we meşhurlyk gazanyp bilmedi. Tiz wagtdan ol Ice Cream Sandwich wersiýasy bilen çalşyryldy. Şeýdip, 3.0 wersiýa diňe taryhda galyp gitdi.


***


"Android" sözi erkek jynsly roboty aňladýar. Eger zenan bolanda ol "Genoid" diýlip atlandyryljak eken.


***


Ilkinji gymyldaýan oboýlar Android 2.1 (Eclair) wersiýada döredi.


***


Näme üçin deň operatiwkaly bolsa-da, Android ulgamlar iOS telefonlardan haýalrak işleýär? Munuň sebäbi, Java programmirleme dilinde işleýänligidir. Programmalar ýapylandan soň hem operatiwkada galan zibil faýllar sistema tarapyndan işlenýär. Apple bolsa operatiwkany beýle biderek ulanmagy halamaýar. Şonuň üçin onuň smartfonlaryna Android-dan tiz işlemek üçin 2gb RAM hem ýetik bolýar.


***


Google kompaniýasy her bir döredilen Android wersiýanyň şanyna öz ştab-kwartirasynyň territoriýasynda onuň robot görnüşli nyşan heýkelini döredýär.


***


Android diňe bir ýerde däl, kosmosda-da işländir. NASA iki sany Android ulgamly Nexus S kysymly smartfony kosmosda işleýşini we dürli datçiklerini test etmek üçin orbita ugratdy.


***


Şeýle meşhurlyk gazanan ýaşyl robotjygyň dizaýneri kimkä? Ol rus dizaýneri Irina Blok. Ol nyşan 2007-nji ýylda döredildi. Awtoryň aýtmagyna görä, nyşanyň döredilmegine hajathana diwaryndaky çekilen şoňa meňzeş adamjyklaryň şekili sebäp bolupdyr.


***


Google kartalardaky awtoulag dykynlary haýsy maglumatlar esasynda görkezilýär? Ýoldaky wideokameralar esasyndamy ýa-da ýurtlaryň berýän maglumatlary esasyndamy? Ýok. Google kompaniýasy her bir tora çatylan Android ulgamly smartfonuň ýerleşýän ýerini anyklap durýar. Şeýlelik-de ýollarda birtopar Android ulgamlaryň üýşmeginden ugur alyp şol ýolda dykyn bardygy hasaplanýar.


***


Android köpden bäri konkurentlerinden saýlanyp, uly meşhurlyk gazanyp gelýär. Bu ýagdaý ýene uzak wagt dowam edermi, belli däl. Emma birnäçe kompaniýalaryň Android-y çalşyp biljek ulgamlary döretmek ugrunda işleýändigini belläp geçmeli. Şu sebäpden Google kompaniýasy hem bäsdeşlige artykmaç kompaniýalary goşmaz ýaly mobil telefonlar babatynda täze tehnologiýalary döretmek ugrunda işlerini dowam edýär.


(Çeşme: Lifehacker)

17
58
adminbet
05.10.2023 20:47

Salam dostlar! Men bu mowzukda GTA VC ( Grand Theft Auto Vice City) kod paylaşmakçy. Чит коды на ГТА ВАЙС СИТИ.

Göwnünizden turar diyip umyd edyarin.

Tomminin barjanlygy

PRECIOUSPROTECTION - 100% gorag

ASPIRINE - 100% saglyk (şol sanda ulagda yarylan tekeri bejerya we yanypduran TC söndürya)

THUGSTOOLS - Sadist killerin yaraglary

PROFESSIONALTOOLS - professional jenayatçynyn yaraglary

NUTTERTOOLS - Hakyky dali üçin ahli yaraglar

YOUWONTTAKEMEALIVE - 2 Gözleg yyldyzyny goşmak

LEAVEMEALONE - Ahli gözleg yyldyzlary ayyrmak

ONSPEED - Ahli hereketler çaltlanyar

BOOOOOORING - Ahli hereketler agyrlaşyar

FANNYMAGNET - Ahli zenanlar seni söyyarler

TRAVELINSTYLE - Ulaglar yenilleyar

BIGBANG - Yakyndaky ulaglaryn partlamagy

WHEELSAREALLINEED - Ulaglaryn tekerlerinden başgasy görünmeyar

ICANTTAKEITANYMORE - Özüni öldürmek

SEAWAYS - Ulaglarda suwda yüzüp bolya

PROGRAMMER - Tommy horlanyar (öçürip bolmayar)


DAŞ TÖWEREGI ÜYTGETMEK

APLEASANTDAY - Açyk howa

ALOVELYDAY - Romantiki howa

ABITDRIEG - Bulutly howa

CANTSANDDOGS - Yagyşly howa

CATSEEATHING - Ümür

LIFEISPASSINGMEBY - Oyunda Wagt çalt akya

FIGHTFIGHTFIGHT - Adamlar bir biri bilen uruşyalar

NOBODYLIKESME - Adamlary iteklesen yykylyarlar

OURGODGIVENRIGHTTOBEARARMS - Hemmelere yarag bermek (howply)

COMEFLYWITHME - Ulaglar uçyarlar

GREENLIGHT - Ahli swetaforlar yaşyl renkde

MIAMITRAFFIC - Yol hereketinin düzgünlerini hiç kim berjay etmeya

CERTAINDEATH - Çilim çekya (peydasyz. Name üçin yasanlaryny bilemok)

LOADSOFTLITTLETHINGS - Tekerler uly

AHAIRDRESSERSCAR - Ahli ulaglar gyzymtyl renkde

IWANTITPAINTEDBLACK - Ahli maşynlar gara renkde

AIRSHIP - Gayyklar uçyarlar

GRIPISEVERYTHING - Ulagy dolandyrmaklyk güyçlenyar (men özüm-a tapawudyny görmedim)

CHASESTAT Media Level görkezmek

CHICKSWITHGUNS - Dine zenanlaryn eline yarag bermek


ULAGLARY DÜŞÜRMEK ÜÇIN KODLAR

PANZER - Asmandan geldi geçerler üçin tank düşya

THELASTRIDE - Ölileri daşamak üçin ulag

ROCKANDROLLCAR - Limuzin (Killer Kip bolsa BMW Kareyka)

RUBBISHCAR - Musor maşyn

GETTHEREFAST - Sabre Turbo

GETTHEREQUICKLY - Köne yarş maşyn

GETTHEREVERYFASTINDEED - Yazyp, düşürip görün, bilersiniz. Şulam bir ulag (men düşündirip bilmedim)

GETTHEREAMAZINGLYFAST - Ralli ulagy

BETTERTHANWALKING - Golf ulagy


KEŞBINI ÜYTGETMEK

STILLEKEDRESSINGUP - Duş gelen keşbe girya. (gayta gayta yazsan bashga bashga keşpler çykya. Milsede bolup bolya)

LOOKLIKELANCE - Lasyn keşbi (yumuşlary geçyaka, ulanmajak bolun şu kodlary)

ILOOKLIKEHILARY - Hilarinin keşbi

ROCKANDROLLMAN - Rokçy samsygyn keşbi

ONEARMEDBANDIT - Bir elli bandidin keşbi

IDONTHAVETHEMONEYSONNY - Oyunun başynda gürleyan Sonny mafiozyn keşbi

FOXYLITTLETHING - Polkownigin gyzy Mersedesin keşbi

WELOVEOURDICK - Şotlandyn keşbi

CHEATSHAVEBEENCRACKED- Riçard Diazyn keşbi

DEEPFRIEDMARSBARS - Tommi horlanyar.


Jemi 69 kod

18
106
adminbet
04.10.2023 06:24

Amerikan işewüri Ilon Maskyň kakasy Errol Mask ogly barada çap edilen terjimehal-kitapda beýan edilenleriň galpdygyny, sahna eseri üçin çeşmedigini aýtdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «M24.ru» habar berýär.


Ol oglunyň durmuşda ýetený derejesi we baýlygy üçin özüne minnetdar bolmalydygyny nygtap: «Ol bu günki ýeten derejesi üçin maňa minnetdar bolmalydyr. Men elimden gelenini etdim. Bu kitapda beýan edilenleriň bary galp, bu sahna eseri üçin çeşme. Men awtora elektron hat ýollap, nägileligimi bildirdim» diýip, gürrüň berdi.


Ilon Maskyň ýazyjy Uolter Aýzenson bilen bilelikde ýazan terjimehal kitaby 12-nji sentýabrda satuwa çykdy.

18
118