adminbet
09.10.2023 09:43

Sizi bu gün ýene bir peýdaly programma bilen tanyşdyrmakçy. Bu programma kompýuterden ýa noutbukdan ýa netbukdan internede girýänler üçin has amatly bolar. Esasan hem traffik meselesinde. Programmanyň edýän işi: Kompýuteriň ähli komponentleriniň we programmalarynyň internete bolan elýeterliligini (доступ к сети) sazlamak. Bilýän bolsaňyz, Windows operasion ulgamyň (esasan hem 8, 8.1 we 10) internet arkaly bilniksiz işleýän služba prosesleri sanardan kän. Eger modem arkaly internet ulanýan bolsaňyz onda, sanalgyja minudyň içinde 20-30 megabaýt traffigiňiz bilen hoşlaşyp bilersiňiz. Hat-da Wi-Fi router arkaly internet ulanýan bolsaňyz hem bu prosesler size gerekmejek biderek zatlar üçin trafik eýeläp, beýleki internet ulanýan programmalaryň işini (meselem, brauzer ýa-da kino ýükleýän bolsaňyz) haýalladyp bilýär. Şu ýerde size NetLimiter programmasy kömek edip biler. Onuň içinde haýsy programmalaryň ineternet ulanyp biljegini, haýsylaryna bolsa internede çatylmagy gadagan etmelidigini sazlap bolýar. Şeýlelikde, mysal üçin siz diňe brauzer arkaly internede girmek isleseňiz, onda diňe şol brauzere hem-de DHCP-клиент we DNS-клиент službalara elýeterlilik berip, galan ähli programmalara gadagan edip bilersiňiz. Mundan başga-da programmada gaty kän sazlamalar bar we siz programmalar üçin öz düzgünleriňizi hem girizip bilersiňiz. Programmalar üçin internedi ýapmakden başga-da, ony belli bir megabaýt möçberinde çäklendirip hem bilersiňiz.

Bu programmanyň göwrümi: ortaça 5-6 megabaýt.

Şu wagt 4-nji wersiýasy aktiwdir.

Öndüriji: Locktime Software.

Ony lrepacks.ru saýtyndan ýükläp bilersiňiz.

Kompýutere ustanowka etmezden ilki antiwirus programmasyny deaktiwleşdirmegi maslahat berýän (wirus ýok, ýöne repack bolany sebäpli).

14
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.