adminbet
08.10.2023 15:40

Aşakdaky sanawdaky her bir kompýuter ulanyja gerekli bolan "biderek" diýen kategoriýa girmeýän 15 sany programmany paýlaşmakcy. Bu programmalar size dürli ýagdaýda kömekci bolup biler. Ofis programmalar toplumyny we antiwirus goragyny hasaba goşmadym, olaryň möhümligi hemmä belli bolsa gerek.


1. WinRAR

Arhiwator diýlende ilkinji göz öňüne gelýän prog. Uniwersallygy bilen tapawutlanýar.


2. VLC Media Player

Wideo we audio pleýer. Ýeňilligi, göwrüminiň kiciligi bilen tapawutlanýar. Galyberse-de munuň acyp bilmeýän wideofaýlyny tapmak size kyn düşer.


3. Nero Burning ROM

DVD we CD diskler bilen bagly ähli hyzmatlary bitirýär.


4. CCleaner

Kompýuterdäki biderek zibil faýllary arassalamak işini muňa ynanyp bilersiňiz. Windows ulgamyna iň gowy düşünýän arassalaýjy. Beýlekilerden tapawutlylykda sistemanyň niresinde zibil faýllaryň toplanýandygyny anyk we doly bilýär. Ondan başga-da dürli peýdaly funksiýalary bar.


5. Mozilla Firefox

Iň gowy brauzerleriň biri. Tizligi we oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Eger Google Chrome diýýän bolsaňyz, oňa jedelim ýok, emma ol siziň girýän saýtlaryňyzdan daşary mydama Google kompaniýasy bilen "arabaglanyşykda" saklanýar we duýdansyz traffigiň belli bir bölegini eýeleýär.


6. KeePass

Siziň dürli saýtlarda, sosial torlarda ýa-da başga ýerlerde ulanýan login parollaryňyzyň ählisini kelläňizde saklamak kyn bolar. Şeýle ýagdaýda KeePass siziň ücin amatly seýf bolar.


7. AIMP

Artur Izmailov-dan iň bir owadan we gaty oňaýly audio pleýer. Özüniň Windows ulgamyna doly ornaşyp, dürli oňaýly funksiýalary bilen tapawutlanýar. Bu pleýere her dürli "eşikleri (obložkalary)" we plugin-leri catyp bilersiňiz.


8. Scanitto Pro

Kitaplary ýa-da başga resminamalary aňsat skanerlemekde size dürli funksiýalary bilen kömek eder.


9. GIMP

Oňaýly grafiki redaktor. Eger Photoshop programmasyna düşünmeýän bolsaňyz, onda hytaýly dostlarymyzdan onuň aňsatlaşdyrylan görnüşi. Photoshop-da edilýän işleriň aglabasyny bu programmada hem edip bolýar. Kici göwrümliligi we ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Internetde munuň gaty kän plugin-leri bardyr.


10. ABBYY Fine Reader

Bu meşhur programma arkaly siz OCR tehnologiýasynyň üsti bilen surat görnüşli ýa-da skaner eden resminamalaryňyzy az wagtyň icinde tekst görnüşine öwrüp bilersiňiz we .pdf, .docx ýa-da beýleki formatlarda ýatda sakladyp bilersiňiz. Ýagny suratlardaky teksti tanamak hyzmaty.


11. Format Factory

Bu programmany bilmeýän az bolsa gerek. Faýl konwerteri. Dürli görnüşli faýllaryň (tapawudy ýok, wideo, aýdym, surat we ş.m.) formatlaryny başga formata gecirmek işi. Sazlamalarynyň we öwürýän faýl görnüşleriniň gaty känligi bilen tapawutlanýar.


12. Internet Download Manager (IDM)Interden faýllary ýüklemek işi (Download, Zagruzka). Dürli peýdaly funksiýalary bar. Iň gowusy hem faýllary nobata goýmak we ýalňyşlyk sebäpli doly ýüklenmedik faýllary soň dowam etmek.


13. HideFolders

Kompýuterde faýllary we papkalary kod arkaly gizlemek. Başgalaryň görmegini we acmagyny islemeýän maglumatlaryňyz bar bolsa bu programma size gowy kömek eder.


14. NetLimiter

Öňki mowzugymda durup gecipdim. Internet traffigiň ulanylyşyny sazlamak.


15. AIDA 64

Kompýuteriňiz we onuň enjamlary barada mümkin bolan ähli maglumatlar bir programmada. Kompýuteriňiz hemme görkezijileri bilen tanşyp bilersiňiz.


Aslynda bu programmalar islendik disk dükanynda Kompýuteriň programma üpjünçilik diskynda bar. windows ýükleseniz, ýanynda gerekli programmalar hökmünde satyjy özi size hödürläp biler.

13
53
ideallider
5 Aprel 2024
11 we 7 köp ulanýan👍
tmyigit76
8 Oktýabr 2023
Peýdaly maglumatlar. Rekower app goşaly. Udalit bolanlary tapýa
adminbet
8 Oktýabr 2023
@guldesse, NetLimiter hakynda paylasjak welin, bolanok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.