adminbet
04.10.2023 06:24

Amerikan işewüri Ilon Maskyň kakasy Errol Mask ogly barada çap edilen terjimehal-kitapda beýan edilenleriň galpdygyny, sahna eseri üçin çeşmedigini aýtdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «M24.ru» habar berýär.


Ol oglunyň durmuşda ýetený derejesi we baýlygy üçin özüne minnetdar bolmalydygyny nygtap: «Ol bu günki ýeten derejesi üçin maňa minnetdar bolmalydyr. Men elimden gelenini etdim. Bu kitapda beýan edilenleriň bary galp, bu sahna eseri üçin çeşme. Men awtora elektron hat ýollap, nägileligimi bildirdim» diýip, gürrüň berdi.


Ilon Maskyň ýazyjy Uolter Aýzenson bilen bilelikde ýazan terjimehal kitaby 12-nji sentýabrda satuwa çykdy.

18
118
ideallider
5 Aprel 2024
@tyllayev_allanur, teswirleriňi udalit etjek bolsaň nämçün ýazýaň? Ýazaňdan soň nämçün udalit edýäň?🤷🏻‍♂️
adminbet
5 Oktýabr 2023
@tmyigit76, Sagja bol! saňa-da üstünlik arzuw edýän
tmyigit76
5 Oktýabr 2023
Ýogsada birinji post gutlyş. Geljekde üstünlik arzuw etýän
tmyigit76
5 Oktýabr 2023
Milliardere ýallaklap kitap ýazandyr. Birazajyk ýonmak üçin.
adminbet
5 Oktýabr 2023
@Crazy, olam dogry
adminbet
5 Oktýabr 2023
@tyllayev_allanur, ine men öz tanyslartmdan biri seýtdi
adminbet
5 Oktýabr 2023
@tyllayev_allanur, Aý hawa-da nätjek indi? olarynam durmuşdaky synaglary seýle
adminbet
5 Oktýabr 2023
@tyllayev_allanur, ýok tolemedi. Ýöne agtygyny okuwa däl-de gulluga iberendigini üçin ogly bilen urşup, alimente berdi
adminbet
5 Oktýabr 2023
@tyllayev_allanur, Gaty kän çagasyna göriplik edýänler, ene-atasyny taşlanlar, ogluny alimente beren ene-atalar gaty kän
adminbet
5 Oktýabr 2023
@tyllayev_allanur, belki kakasy ogluny gorübilmeýändir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.