adminbet
06.10.2023 08:35

Android ulgamyny Google döretmedi.

Hat-da häzirki wagtda Android brendiniň ady Google kompaniýasy bilen berk bagly bolsa-da, onuň gözbaşynda başga adamlar durupdy. Android Inc. kompaniýasy zehinli inženerler Andy Rubin, Rich Miner, Nick Sears, Chris White tarapyndan 2003-nji ýylda sanly fotoapparatlar üçin platforma öndürmek maksady bilen döredilipdi. 2005-nji ýylda bu kompaniýanyň geljeginiň uludygyny aňan Google şereketi ony satyn aldy. Öňki kompaniýanyň ähli işgärleri täze edarada işini dowam etdiler. Mobil telefonlar üçin döredilen operasion ulgamyň adyna hem Google täze kompaniýasynyň adyny dakmagy makul bildi. Şeýlelik-de Android OS döredi.


***


Android ulgamynyň döredilmegine BlackBerry firmasynyň gadjetleri nusga boldy. Bu ulgam şondan mysal alnyp döredildi.


***


Android arkaly işläp başlan ilkinji telefon HTC Dream telefonlarydyr.


***


Hemmämize mälim bolşy ýaly, Android ulgamynyň her bir wersiýasyna elipbiý tertibinde bir süýji önüminiň ady dakylýar (Ice-Cream Sandwich, Lolli Pop, Marshmallow...). Android 1.0 we 1.1 wersiýalarda süýji önümleriniň ady däl-de, Alpha we Astro Boy atlary dakylypdyr.


***


Android-yň taryhynda ýekeje wersiýasy telefonlarda oturdylmady. Ol Android 3.0 wersiýasy bolup, diňe planşetler üçin niýetlendi. Onuň sebäbi Apple iPad planşetlary bilen bäsdeşlige girmek üçin bolupdy, emma şowsuz boldy we meşhurlyk gazanyp bilmedi. Tiz wagtdan ol Ice Cream Sandwich wersiýasy bilen çalşyryldy. Şeýdip, 3.0 wersiýa diňe taryhda galyp gitdi.


***


"Android" sözi erkek jynsly roboty aňladýar. Eger zenan bolanda ol "Genoid" diýlip atlandyryljak eken.


***


Ilkinji gymyldaýan oboýlar Android 2.1 (Eclair) wersiýada döredi.


***


Näme üçin deň operatiwkaly bolsa-da, Android ulgamlar iOS telefonlardan haýalrak işleýär? Munuň sebäbi, Java programmirleme dilinde işleýänligidir. Programmalar ýapylandan soň hem operatiwkada galan zibil faýllar sistema tarapyndan işlenýär. Apple bolsa operatiwkany beýle biderek ulanmagy halamaýar. Şonuň üçin onuň smartfonlaryna Android-dan tiz işlemek üçin 2gb RAM hem ýetik bolýar.


***


Google kompaniýasy her bir döredilen Android wersiýanyň şanyna öz ştab-kwartirasynyň territoriýasynda onuň robot görnüşli nyşan heýkelini döredýär.


***


Android diňe bir ýerde däl, kosmosda-da işländir. NASA iki sany Android ulgamly Nexus S kysymly smartfony kosmosda işleýşini we dürli datçiklerini test etmek üçin orbita ugratdy.


***


Şeýle meşhurlyk gazanan ýaşyl robotjygyň dizaýneri kimkä? Ol rus dizaýneri Irina Blok. Ol nyşan 2007-nji ýylda döredildi. Awtoryň aýtmagyna görä, nyşanyň döredilmegine hajathana diwaryndaky çekilen şoňa meňzeş adamjyklaryň şekili sebäp bolupdyr.


***


Google kartalardaky awtoulag dykynlary haýsy maglumatlar esasynda görkezilýär? Ýoldaky wideokameralar esasyndamy ýa-da ýurtlaryň berýän maglumatlary esasyndamy? Ýok. Google kompaniýasy her bir tora çatylan Android ulgamly smartfonuň ýerleşýän ýerini anyklap durýar. Şeýlelik-de ýollarda birtopar Android ulgamlaryň üýşmeginden ugur alyp şol ýolda dykyn bardygy hasaplanýar.


***


Android köpden bäri konkurentlerinden saýlanyp, uly meşhurlyk gazanyp gelýär. Bu ýagdaý ýene uzak wagt dowam edermi, belli däl. Emma birnäçe kompaniýalaryň Android-y çalşyp biljek ulgamlary döretmek ugrunda işleýändigini belläp geçmeli. Şu sebäpden Google kompaniýasy hem bäsdeşlige artykmaç kompaniýalary goşmaz ýaly mobil telefonlar babatynda täze tehnologiýalary döretmek ugrunda işlerini dowam edýär.


(Çeşme: Lifehacker)

17
58
ideallider
5 Aprel 2024
@tmyigit76, tüweleme diýmelidä senem🤦🏻‍♂️👍
tmyigit76
6 Oktýabr 2023
Gyzykly maglumatlar. (Öwrenmelä täze bir zehin gelipdir) 👍👍👍
dmoo
6 Oktýabr 2023
Gowy maglumat eken👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.