PHP 1995 ýyly, Rasmus Lerdorf Perl/CGI da internet saýtyna girýänleriň
näçedigini hasaplamak üçin kiçik bir programma ýazdy. Şol wagtlary
munuň ýaly işleri bejerýän hiç hili programma ýokdy, şonuň üçin oňa
köp hatlar gelip, onuň bu işi nädip bejerenini bilmek üçin sorap
başladylar. Şonda Lerdorf özüniň bu kiçi programmasyny Ýany
PHP(Personal Home Page ýa-da Hypertext
Processor) ny mugut paýlap başlady. PHP nyň uly tizlik bilen ýaýrap
barýanyny gören Lerdorf PHP nyň işini başlady ýagny goşmaça kodlar
goşup başlady, wagty gelip PERL onuň üçin azlyk edip ol bu
programmany C programmirleme dilinde ýazyp başlady, we PHP ny
işläp çykarmaga bütin dünýä programmistleri gatnaşyp başlaýar.
1997 ýyly PHP 3.0 çykdy, we bütin dünýä boýunça 50 000 den köpräk
adam şu programmany işledip başlady.
1999 ýyla gelip PHP işletýänleriň sany 1 000 000 dan geçip gitdi.
Bu PHP taryhyndan bir bölek .