Wepaguly
30.05.2021 14:43
Dunyade in agur dert name diyseler ilki bilena ene atany yitirmek ikinjidenem uzakdanam bolsa soyen gyzyn toy suratyny gormek sonam basy oymeli yanyndada yan yoldasy bilen yolda baryarkan gormek diyerdim.In erbeden on yan yoldasy men kursdasym💔💔💔💔
11
246
Wepaguly
29.05.2021 21:38
Ataş içre ýangynlarym sönşenok,
Näme üçindir durmuş bilen alşamok,
Wah erkege aglamagam gelşenok,
Emma gözim ýaşlap aglasym gelýär,


Göwünlik berýäñiz heriñ bir ýandan,
Derde em etýäñiz ondan hem mundan,
Ynanyñ ýalan däl möññürip çyndan,
Hemmeden gizlenip aglasym gelýär.

Sebäbi ýok şükür hemme gowluk-la,
Emma kalbym bir ýerlere howlukýar,
Ejir berýär goyberenje säwliklem,
Ýene ökinç bilen aglasym gelýär.

Kagyz tapsam çyrşap sere geleni,
Undup bolsa her ýüregñi dileni,
Haýry näme iñ soñunda bileniñ,
Ajala elimi salgasym gelýär.

A sen geñem görme meniñ bolşumy,
Arzuwmy alysa ýollasym gelýär,
Eger etjeklerim günä bolmasa ,
Menem seniñ ýaly aldasym gelýär
8
112
Wepaguly
07.01.2021 18:19
Pitiwa etmesem-de senli oýlara,
Diýsem-de, «Häki bir hyýaldyr-da bu».
Meni öz goýnuna düýrüp barýar-la,
Ah, duýdansyz gelen yşkyň girdaby.

«Aklyňa gelmeýän başyňa g:ermiş», ...
Yşky akla gelmez nysak saýardym
Ýöne Haýran saňa... Seni göremde,
Keşbiňi öz gözlerimden gabandym.

Ýap-ýaňja-da işiginde söýginiň,
Durdum-a men, syn kylyplar yşyklap.
Duýmankam, gözleriň ýesir alypdyr
Meni yşkyň gujagyna itekläp.

Saňa görünmäge çekinýän juda,
Agşam bolsa... Bak, pelegiň işine.
Ah, göwnüniň döwük penjiresinden
Öz-özüň giräýipsiň meniň düýşüme.

Birhili, düşnüksiz oýlara çümüp,
Gezip ýörün açylmadyk syr ýaly. ...
Halym şygra öwrüp, saňa ýollaýan,
Sen bir diýäýmäwer: «Hyýaldyr-da bu...».

Kakamyrat Rejepow
7
86
Wepaguly
21.05.2020 23:06
Men hakyky soyginin barlygyna sana dusan gunum dusindim.Birinji gezek senin ullydan garamyk gozlerine seredenimde ummanda gark bolyan yaly duydym. Soydim yone soyulip bilmedim.Her gun senli duygylar bilen yasadym senli duygyly arzuwlar bilen gezdim arman sen menin soygimi etmedin ayan duymadyn yada duymazlyga calysdyn. Her gun seni gormek umydy bilen okuwa begenip gelyan, janda seni gorup bilmek ucinem senin okayan okuw otagyna baryan gorsem ozumi sol gun dunyadaki in bagtly adam sayyan.Senin habarynam yokdur belki men sana duydurmazdan ozume dine EZIZIM diyip sana yuzlenyan.Sen menin ucin dunyanin mana beren in ajayyp owadan sowgady hemem.....Bu gun bolsa men sana sonky soygi hatyny yazyan.Indi gaydyp sana azar berip yuregine dusmerin.JENNET kim bilen bolsanam kimin bagtyndan cyksanam sen sol oye bezeg berip dine bagt getirersin.Manada name ejemin tapyp beren gyzyna oylenaymek galyar.Yone gyzym bolanda senin adyny goyaryn goy olam edil sen yaly bolsun.Sag bol ey menin garamyk gozli jenanym.Bagtly bol.

Göz öñümden gitmez, seniñ syratyñ,
Men bilmen läläm, kimde bagtyñ.
Ýürekden çekýärin, aý gyz suratyñ
Söýmeýän bolsañ, bagyşla meni!

Ýa-da söýdiñmi başga birini,
Söýmeýän bolsañ, bagyşla meni!
Ýa-da gördüñmi mençe söýeni
Söýmeýän bolsañ, bagyşla meni!

Aşyk oglan aýdar " göwnüm sende "
Señ göwniñ mende bolmasa onda ol kimde?
Ýa-da gördìñmi mençe söýeni
Söýmeýän bolsañ, bagyşla meni!
17
230
Wepaguly
17.05.2020 23:12
SMS

Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň,
Ýok sowgatlar, şirin-şirin wadalar.
Böwrümi diňledip ýanyp ýörün men,
Gysga hem çuň garaýyşlaň oduna.

Gözleriňden jogabymy gözleýän,
Duçar bolup “Söýgi” atly kesele.
Ýok, gelenok.
Gelýär diňe her gün agşam ýatmankam,
“Gijäň rahat bolsun!” diýen SMS.

Gijelerim müň mertebe asuda,
Telim görýän düýşlerimem süýji meň.
Ýöne, welin, biraz bagtym gijigen.

Säherlerne seni ýatlap oýanýan,
Gündizlerne gözlerimiň gözlegi.
Bilýäňmi sen, gün ýaşarna howlugyp,
uzynly gün sekunt sanap gezýänim,
okamaga şol arzyly sözlemi ?!

Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň,
Ýok wadalar, şirin sözler, gezelenç.
Ýöne, maňa umyt berýär şeýlebir,
Her gün agşam buşluk bolup okalýan
“Gijäň rahat bolsun!” diýen SMS.
10
108
Wepaguly
14.05.2020 23:34
Öz ilimiñ gyzlary

Ülkämiziñ bezegi hem ýüregi,
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.
Ähli gülüñ soragy hem geregi,
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Şeýle gözel görse,baglar baş eger,
Edebi-ekramy köp gyza deger,
Dünýäniñ hüýr gyzy şulardyr meger
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Aklyñ haýran eder gara gözleri
Mylaýym bal şeker sözlän sözleri
Elmydama nurdan doly ýüzleri
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Arzuw eder hemme şeýle gözeli
Dostum yadama entek yazaly
Siz ücin yadaman yazdym gazaly
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Öz ilimiñ gyzlary
Nurdan doly ýüzleri
Sadadyr oz ilimiñ
Gözel gyzlary..

7
98
Wepaguly
Wepaguly
14.05.2020 23:13
Sensiz günler yzda galdy Armanym bütin yogyñy Ömrimi sana baglayan Seni gorenimden bari Seni soyenimden bari Señ bilen bagtly bu günler Güle meñzeýär bu söýgi Bu alemin bezegi Sen gözel söýgi
Wepaguly
08.05.2020 21:18
Uruş gutarypdy,
dolupdy wokzal
Gojadan,
çagadan,
gyzdan,
gelinden.
Märekäň çetinde durdy bir aýal
Mäkäm tutup oguljygnyň elinden.

Geldi argyn otly persala bolup.
Ýaraly wagonlar doly esgerden.
Agymy, gülkümi bolanok bilip,
Doldy wokzal garym-gatym seslerden.

Bir esgere kän seretdi oglanjyk.
Düşdi ol otludan döşi medally.
Şol esger kakasy bolaýanda-da,
Barybir oglanjyk tanajak däldi.

Düşüp dur esgerler,
tüssesi sowlan
Parawoz käte bir güňlenç ses edýär.
Her esger otludan düşende oglan
Umyt bilen ejesine esedýär.

Bu düşýän esgerleň baram oňat-la,
Baryn öz kakasy saýypdy oglan.
Ejesi görkezse haýsy esgeri,
Boýnuna bökmäge taýyndy oglan



9-njy May Beyik yensimizin 75 yyllygy bn sizin hemmanizi gutlayan
9
87
Wepaguly
06.05.2020 23:18
Bagtym bolup gel!

Ak bagtyma deñäp söýen maralym,
Sen meniñ dünýäme bagtym bolup gel!
Ýaşlygymdan söýüp göwün alanym,
Sen meniñ dünýäme bagtym bolup gel!

Bahar ýaly, gözellige baýsyñ sen
Ykbalyma ýagty salan aýsyñ sen,
Bu dünýade ahli gyza taýsyn sen,
Sen meniñ dünýäme bagtym bolup gel

Pysyrdapjyk salam diyip yuzlener
Sol badada ahli isim duzlener
Kalbym joşup şygyr bilen sözlener
Sen meniñ dünýäme bagtym bolup gel
7
88
Wepaguly
06.05.2020 23:01
Gözleriñ

Gözle
Gözel gözleriñe bakaýyn,
Gözleriñde gördüm men, yşkyñ tokaýyn.
Şemalsyz gijeler uka batañda,
Şöwür çekip goragyñda duraýyn.

Şol gözleñ balkyldap oýanan çagy,
Öñüñde epilip dyza çökeýin.
Bilmedim men
Bilmedim men,
Bilmedim......
Nädip döredikä seniñ gözleriñ?

Onuñ nury ne gülde bar, ne günde,
Bar röwşen jemlenipdir,bir sende.
Şu çaka çen syzylmadyk duýgymy,
Oýartdy şol gözler, seredip mende

Bir ökde suratkeş bolsadym käşkä,
Señ keşbiñ sygdyrmak ne agyr goşga,
Gara gözleñ maña bakyşy ýaly,
Bakmasyn, bakmasyn hiç haçan başka!

Wasp ederden ejiz gelýär sözlerim
Söz gün bolsa, älem seniñ gözleriñ!
Goý, nädip dörese şeydip döresin,
Şol gözlerden aýrylmasyn gözlerim.
Şol gözlerden aýrylmasyn gözlerim!!!!!



10
81