Wepaguly
14.05.2020 23:34
Öz ilimiñ gyzlary

Ülkämiziñ bezegi hem ýüregi,
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.
Ähli gülüñ soragy hem geregi,
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Şeýle gözel görse,baglar baş eger,
Edebi-ekramy köp gyza deger,
Dünýäniñ hüýr gyzy şulardyr meger
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Aklyñ haýran eder gara gözleri
Mylaýym bal şeker sözlän sözleri
Elmydama nurdan doly ýüzleri
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Arzuw eder hemme şeýle gözeli
Dostum yadama entek yazaly
Siz ücin yadaman yazdym gazaly
Sada öz ilimiñ gözel gyzlary.

Öz ilimiñ gyzlary
Nurdan doly ýüzleri
Sadadyr oz ilimiñ
Gözel gyzlary..

7
97
Myhman Didar
15 May 2020
Ay edil sana dal Jennede duzulen gosgy
Myhman Myhman
15 May 2020
Bravoooo mana duzulen yalydaaa sps
Myhman Myhman
15 May 2020
Waaaaawwww????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.