Wepaguly
06.05.2020 23:01
Gözleriñ

Gözle
Gözel gözleriñe bakaýyn,
Gözleriñde gördüm men, yşkyñ tokaýyn.
Şemalsyz gijeler uka batañda,
Şöwür çekip goragyñda duraýyn.

Şol gözleñ balkyldap oýanan çagy,
Öñüñde epilip dyza çökeýin.
Bilmedim men
Bilmedim men,
Bilmedim......
Nädip döredikä seniñ gözleriñ?

Onuñ nury ne gülde bar, ne günde,
Bar röwşen jemlenipdir,bir sende.
Şu çaka çen syzylmadyk duýgymy,
Oýartdy şol gözler, seredip mende

Bir ökde suratkeş bolsadym käşkä,
Señ keşbiñ sygdyrmak ne agyr goşga,
Gara gözleñ maña bakyşy ýaly,
Bakmasyn, bakmasyn hiç haçan başka!

Wasp ederden ejiz gelýär sözlerim
Söz gün bolsa, älem seniñ gözleriñ!
Goý, nädip dörese şeydip döresin,
Şol gözlerden aýrylmasyn gözlerim.
Şol gözlerden aýrylmasyn gözlerim!!!!!



10
81
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.