Wepaguly
07.01.2021 18:19
Pitiwa etmesem-de senli oýlara,
Diýsem-de, «Häki bir hyýaldyr-da bu».
Meni öz goýnuna düýrüp barýar-la,
Ah, duýdansyz gelen yşkyň girdaby.

«Aklyňa gelmeýän başyňa g:ermiş», ...
Yşky akla gelmez nysak saýardym
Ýöne Haýran saňa... Seni göremde,
Keşbiňi öz gözlerimden gabandym.

Ýap-ýaňja-da işiginde söýginiň,
Durdum-a men, syn kylyplar yşyklap.
Duýmankam, gözleriň ýesir alypdyr
Meni yşkyň gujagyna itekläp.

Saňa görünmäge çekinýän juda,
Agşam bolsa... Bak, pelegiň işine.
Ah, göwnüniň döwük penjiresinden
Öz-özüň giräýipsiň meniň düýşüme.

Birhili, düşnüksiz oýlara çümüp,
Gezip ýörün açylmadyk syr ýaly. ...
Halym şygra öwrüp, saňa ýollaýan,
Sen bir diýäýmäwer: «Hyýaldyr-da bu...».

Kakamyrat Rejepow
7
86
safia
20 Mart 2021
Keşbiñi öz gözlerimden gabanyan.❤️❤️❤️
guli_
7 Yanwar 2021
👍👍👍tuweleme gowja gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.