Wepaguly
17.05.2020 23:12
SMS

Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň,
Ýok sowgatlar, şirin-şirin wadalar.
Böwrümi diňledip ýanyp ýörün men,
Gysga hem çuň garaýyşlaň oduna.

Gözleriňden jogabymy gözleýän,
Duçar bolup “Söýgi” atly kesele.
Ýok, gelenok.
Gelýär diňe her gün agşam ýatmankam,
“Gijäň rahat bolsun!” diýen SMS.

Gijelerim müň mertebe asuda,
Telim görýän düýşlerimem süýji meň.
Ýöne, welin, biraz bagtym gijigen.

Säherlerne seni ýatlap oýanýan,
Gündizlerne gözlerimiň gözlegi.
Bilýäňmi sen, gün ýaşarna howlugyp,
uzynly gün sekunt sanap gezýänim,
okamaga şol arzyly sözlemi ?!

Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň,
Ýok wadalar, şirin sözler, gezelenç.
Ýöne, maňa umyt berýär şeýlebir,
Her gün agşam buşluk bolup okalýan
“Gijäň rahat bolsun!” diýen SMS.
10
108
Myhman Myhman
17 May 2020
Smsdam gowy zat yoga?

Smsdam gowy zat yoga?
Bitter?
17 May 2020
?...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.