Wepaguly
08.05.2020 21:18
Uruş gutarypdy,
dolupdy wokzal
Gojadan,
çagadan,
gyzdan,
gelinden.
Märekäň çetinde durdy bir aýal
Mäkäm tutup oguljygnyň elinden.

Geldi argyn otly persala bolup.
Ýaraly wagonlar doly esgerden.
Agymy, gülkümi bolanok bilip,
Doldy wokzal garym-gatym seslerden.

Bir esgere kän seretdi oglanjyk.
Düşdi ol otludan döşi medally.
Şol esger kakasy bolaýanda-da,
Barybir oglanjyk tanajak däldi.

Düşüp dur esgerler,
tüssesi sowlan
Parawoz käte bir güňlenç ses edýär.
Her esger otludan düşende oglan
Umyt bilen ejesine esedýär.

Bu düşýän esgerleň baram oňat-la,
Baryn öz kakasy saýypdy oglan.
Ejesi görkezse haýsy esgeri,
Boýnuna bökmäge taýyndy oglan



9-njy May Beyik yensimizin 75 yyllygy bn sizin hemmanizi gutlayan
9
87
Myhman Myhman
10 May 2020
Salam✋
Smile
8 May 2020
Sagboluñ siziñkem gutly bolsun
L-minikkalpler
8 May 2020
Sag bolun. Urusda wepat bolan ahli esgerlerin yatan yeri yagty,jayy jennet bolsun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.