Tayler
06.11.2024 08:57
Meniň gözellere ähdi-wepam ýok,
Ony birçak bir gyz juwana berdim.
Özgäni ýyladýar kalbymdaky ot,
Ony, dostlar, eli sowana berdim.
Durmuşym, maňlaýma etdigim togap,
Harazdan geçirdi un kibi üwäp.
Men bir sorag hem-de gözlenýän jogap
Aýym-günüm soňsuz sowala berdim.
Ýalňyşdym men özge yza düşüp kä,
Kä gözüm aldyryp ýiti yşykla.
Akyl paýhasymy berip üşüklä,
Syrym yzdan gelýän dowama berdim.
Söýüp-söýülmeli ýaşlyk gijesin,
Alynmadyk posalaryň näçesin,
Kalba goýup ömrüň ähli ajysyn
Süýjüsin suhangöý zybana berdim.
Meniň bar derejäm,
şöhradym-şanym,
Gursagymda kemal tapan ynsabym.
Şükür, girip ykbalyna ynsanyň
Ömrümi ýollara rowana berdim.



Awtory nâbelli
7
55
Tayler
04.11.2024 15:33
Hoşlaşyk

Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Söz nämä gerekmiş aýrylmak üçin.
Aslynda, söz
Ulanylýar
Bialaç
Düşünşip bolmasa aýdylmak üçin.

Bar hakykat aýna ýaly gözlerden
Düşüp durka ýüreklere serpilip,
Agramy diller däl, gabaklar çekýär,
Düşer bar dert myžžyk bolan kirpige.

Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Bolardy bolmanda diýemde «hoş gal».
Ýöne,
Biz bar zada gözden başlapdyk,
Başlapdyk bu yşka dilleri goşman.

Söz artykmaç,
Bu çak dymmak-teselli,
Ömürlik geçmişde galanyñ üçin.
Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Sözsüzem bar zady añanyñ üçin.

Ýyllar geçer, galñar geçmiş ýumagy,
Gürrüñ üýşer bir- birege aýdara.
Ykbal işi, ýolda-yzda sataşsak,
Bilýän, bir söz diýmän aglap gaýdarys.

Owadan söz bilen hoşlaşylmaýar,
Gülkünç bagt dilemek galdyryp gamda.
Men saña bir sözem aýtman gaýtdym,
Emma sen bar zada düşündiñ şonda.

Aşyr Hanow
15
324
Tayler
23.10.2024 13:10
Özüme sensizem bagtlydygmy düşündirip bilen günüm, içimdäki "Seni" öldüren günümdir.

♡♡♡

Didäňde ýaş görse, bagtyň ýadyrgar,
Şonuň üçin süpür, gözde ýaşyňy.
Durmuş geçmez, şatlygyny dadyrman,
Dünýä-de kän her gülüňem aşygy,
Şonuň üçin, süpür gözden ýaşyňy.

Çary Yegenmyradow

Posa diňlän şol çolaja baglyga,
Gijelerne ýekesiräp köp gelýän.
Göz öňümde göz süzüşiň, ýadymam,
Diňe seniň ýylgyrşyňa seplenýär 🥰

— Seýitmyrat Geldiýew.
20
332
Tayler
22.10.2024 10:46
Ötegçi

Öz - özünden gaçyp, alňasap barýan,
Bikarar, awara ýeller ötegçi.
Bilmen meni saýmadymy göwündeş,
Bosagamdan ätlän günler ötegçi.

Aýy - solgun,
Ýyldyzlary - öçügsi,
Ötegçi bu ümsüm tukat gijeler.
Ömre inen ýyldyrymdyr pursatlar,
Hiç ynanmaň "Men seniňki" diýseler.

Baharlar ötegçi
Güýzler ötegçi,
Ertirler,
Şu günler,
Düýnler ötegçi.
Ýazlarda bir pursat parç bolup ýaýnap,
Soň salgyma dönýän güller ötegçi.

Müňlerçe barlygyň içinden saýlap,
Kalba eziz gören zadyň ötegçi.
İň aýlyganç ýeri,
İň ýaman ýeri,
Adam ötegçi...

Ýöne däldir abraý ady ötegçi,
Galyp keşbi görejinde dideleriň.
Ýaşar ýörer dünýe bilen ömürdeş,
Hiç ynanmaň "Şol ötegçi" diýseler.

Kakamyrat Rejebow
12
53
Tayler
19.10.2024 19:47
Aýnaň aňyrysy

Gör nahili gijä galypdyryn men
Gör nähili ýyndam geçipdir ömür
Arkamda geçmişiň hor homsulygy
Öňimde öňleri gyrçalan ölüm

Aýnaň aňyrysynda seredip duran
Bärsinde durana öýkeli yaly
Ýürek birmahallar unudylan yurduň
Içinde kereplän heýkeli yaly

Ýyrtylan jorapdan öwüsen şemal
Öwrenişdirip barýar sowuklygy-da
Ýok meniň özümem titiräp durun
Çydaman göwnümiň sowuklygyna

Ýöne bir gün öwüsen sowuk şemallar
Bir çümmük uçguny alyp batlansa
Ola duýgym eken goşgularymam
Ýakjak kalbym ojar kimin otlansa

Goşgymy,duýgumy parh etmez soňra
Ýeter maňa umyt hakda aýdymym
Göz ýetirdim munda gerek däldigine
Üýşüp giden otsuz galan odunyň

Şu wagt bolsa aýnaň aňyrsyndaky
Bärsinde durana öýkeli yaly
Ýöne haýyş! Dyza çöküp ýalbarýan
Bir birekden biz bir öýkelemäli.

Tirkiş Sapbyýew
9
35
Tayler
18.10.2024 11:54
Belki seni başda maýyl edenem,
Daşymdan görünýän hoşgylawymdyr.
Seň öňüňde bir iş bitiren bolsam,
Olam sen hakynda goşgularymdyr😊

Ýusup Meredow

Özüňe "iş bilenmi ýa bolmasa boş zatlar bilen meşgullanýaryn" diýen soragy bermek hiç haçanam giç däldir.

Maýis Alezade

Bir gün
Söýgi daragtyna çyksam hasaly,
Haýyşym, yramaň münen şahamy❤️

Tirkeş Amanklyçow

Lybasyň ýüpek bolup, namysyň nah bolandan, goý lybasyň nah bolup namysyň ýüpek bolaýsyn.ö

Kerim Gurbannepesow

Lybasyň ýüpek bolup, namysyň nah bolandan, goý lybasyň nah bolup namysyň ýüpek bolaýsyn.ö

Kerim GurbannepesowHoş söze teşne kimin,
Men bir ýarylan zemin.
Seň garaşýanyň üçin,
-Saňa garaşýan😊❤️

Gurbannazar Ezizow
8
56
Tayler
16.10.2024 18:33
Boş kelle - şeýtanyň iş otagy.

— Platon.

Men seni söýemok söýýäniň üçin,
Men seni söýýän, söýýänim üçin.

— Halyl Kulyýew.

Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz, özümiz ýitirýäris ýaşlygy 🍂

— Gurbannazar Ezizow.

Kiçijek bagt isleýän özüme, kiçijek bagt... Hatda ony menden almaga hem dözmezler ýaly...🥲

— Nazım Hikmet.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije duýgulam boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni,
Käbir zatlar üçin...😔

— Sapa Hommadow.

Görýän zatlaryň ýarysyna ynan,
Eşidýän zatlaň hiçisine.

— Edgar Allan Poe.

Men ölerin.
Şeýdip mazaram dörär.
(Alaç barmy — tebigatyň emri bu).
Söýgim gelip mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meň ömrümi.

— Gurbannazar Ezizow.

Ynsan üçin iň agyr zat — günde ynsan bolup galmak...

— Çingiz Aýtmatow.
17
190
Tayler
12.10.2024 17:19
Soňky söz

Boýun bol, geldik biz ýoluň soňuna,
diýme "Janymyzy gaýta barlaly".
Söýgümiz aýdym däl, ýat tutup soňra,
Kä göwnüň joşanda gaýtalar ýaly...

Ynsan islese-de, islemese-de,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyň.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen "Kalbym senden närzadyr"

Sen joraňa ynan,
"Entek öňüňden
has gowsy çykar" diýip, göwnüň göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iň gowy günleň
Geçip gidenine akyl ýetirse...)

Ýazgyt meňzeş daşa,
ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oňa ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyňda bar ýaly ýaşa.
Ýa... ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!...

Mätgurban Mätgurbanow
8
48
Tayler
12.10.2024 09:00
Tötänlik

Tötänlik ýok,
Bar bolşy ýaly Taňryň,
Adam döräp bar kalbynyň gümany.
Ykbal üçin müň bir sebäp bar wagty,
Heý,
Tötänden duşurarmy ynsany?!

Özünden arzuwy süýji köp zadyň,
Bagtyndan bihabar,
Arzuwda ýören.
...Tötänlik — ahwaldyr garaşylmadyk,
Bir ýerlerde saňa garaşyp duran.

Gurbansähet Gurbansähedow
10
55
Tayler
09.10.2024 22:20
Gowy gyz

Maňa sataşmady senden gowy gyz,
Seniňki deý görki kämil duşmady.
Bir enaýy gülüp duran gözleriň,
Uly bagta ýetjegmi buşlady.

El bilen däl, tutdum seni göz bilen,
Sen depäme söýgi bolup urjagym.
Oýna meni pursat tapan mahalyň,
Bolaýyn seň döwülmeýän gurjagyň.

Ruhumyň aýdymna öwrüldi adyň,
Gün görmeli bolýan ysyňdan ogşap.
Arzuwlaň içine edýän syýahat,
Seni her göremde bedenim gowşap.

Jynyň çüýşesinden çykan jady sen,
Şeýtanym sen perişdeden zyýada.
Seni ykbalyma ýazyp giderin,
Ömür baky pozulmaýan syýada.

Eşdenler görküňi höwesläp ýaşar,
Meşhur gyza öwrülersiň menden soň.
Menem başga gyzy söýerin öýdemok,
Bu dünýäde ýaşap ýörsem senden soň.

Naziňe çolaşyp uzyn saçlaryň,
Duýgularmy öz yzyna tirkedi.
Menä seniň bir pursatlyk taryhyň,
Senem meniň bir ömürlik ertekim.

Ýazmyrat Çörli
8
72