Aýnaň aňyrysy
Gör nahili gijä galypdyryn men
Gör nähili ýyndam geçipdir ömür
Arkamda geçmişiň hor homsulygy
Öňimde öňleri gyrçalan ölüm
Aýnaň aňyrysynda seredip duran
Bärsinde durana öýkeli yaly
Ýürek birmahallar unudylan yurduň
Içinde kereplän heýkeli yaly
Ýyrtylan jorapdan öwüsen şemal
Öwrenişdirip barýar sowuklygy-da
Ýok meniň özümem titiräp durun
Çydaman göwnümiň sowuklygyna
Ýöne bir gün öwüsen sowuk şemallar
Bir çümmük uçguny alyp batlansa
Ola duýgym eken goşgularymam
Ýakjak kalbym ojar kimin otlansa
Goşgymy,duýgumy parh etmez soňra
Ýeter maňa umyt hakda aýdymym
Göz ýetirdim munda gerek däldigine
Üýşüp giden otsuz galan odunyň
Şu wagt bolsa aýnaň aňyrsyndaky
Bärsinde durana öýkeli yaly
Ýöne haýyş! Dyza çöküp ýalbarýan
Bir birekden biz bir öýkelemäli.
Tirkiş Sapbyýew