Tayler
04.11.2024 15:33
Hoşlaşyk

Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Söz nämä gerekmiş aýrylmak üçin.
Aslynda, söz
Ulanylýar
Bialaç
Düşünşip bolmasa aýdylmak üçin.

Bar hakykat aýna ýaly gözlerden
Düşüp durka ýüreklere serpilip,
Agramy diller däl, gabaklar çekýär,
Düşer bar dert myžžyk bolan kirpige.

Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Bolardy bolmanda diýemde «hoş gal».
Ýöne,
Biz bar zada gözden başlapdyk,
Başlapdyk bu yşka dilleri goşman.

Söz artykmaç,
Bu çak dymmak-teselli,
Ömürlik geçmişde galanyñ üçin.
Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Sözsüzem bar zady añanyñ üçin.

Ýyllar geçer, galñar geçmiş ýumagy,
Gürrüñ üýşer bir- birege aýdara.
Ykbal işi, ýolda-yzda sataşsak,
Bilýän, bir söz diýmän aglap gaýdarys.

Owadan söz bilen hoşlaşylmaýar,
Gülkünç bagt dilemek galdyryp gamda.
Men saña bir sözem aýtman gaýtdym,
Emma sen bar zada düşündiñ şonda.

Aşyr Hanow
15
315
smiling_
7 Noýabr 2024
@Tayler, hawa wii
Tayler
7 Noýabr 2024
smiling_
7 Noýabr 2024
@Tayler, ... onsoñ gyzykly zat ýok.
smiling_
7 Noýabr 2024
@Tayler, Aý şuwagt üýtgeşik zat ýok.. pylan kakam aýryldy
Tayler
7 Noýabr 2024
@smiling_, bilersiň, bilersiň. Hany täzelikler 🤔
smiling_
7 Noýabr 2024
@Tayler, Wah şol ýalançydygyny bilmän kõsenýändä boş sözler aýdýarlarda...🤦🏿‍♀️
Tayler
7 Noýabr 2024
Ýekeje birini aýdaýyn. Ýalançylardan uzak durmaly@smiling_,
smiling_
7 Noýabr 2024
@Tayler, kyn(
Tayler
7 Noýabr 2024
@smiling_, aýtjak dâl, senem gözlâp kösendâ)
smiling_
7 Noýabr 2024
@Tayler, çäresini tapsañ mañada ayt)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.