Tayler
22.10.2024 10:46
Ötegçi

Öz - özünden gaçyp, alňasap barýan,
Bikarar, awara ýeller ötegçi.
Bilmen meni saýmadymy göwündeş,
Bosagamdan ätlän günler ötegçi.

Aýy - solgun,
Ýyldyzlary - öçügsi,
Ötegçi bu ümsüm tukat gijeler.
Ömre inen ýyldyrymdyr pursatlar,
Hiç ynanmaň "Men seniňki" diýseler.

Baharlar ötegçi
Güýzler ötegçi,
Ertirler,
Şu günler,
Düýnler ötegçi.
Ýazlarda bir pursat parç bolup ýaýnap,
Soň salgyma dönýän güller ötegçi.

Müňlerçe barlygyň içinden saýlap,
Kalba eziz gören zadyň ötegçi.
İň aýlyganç ýeri,
İň ýaman ýeri,
Adam ötegçi...

Ýöne däldir abraý ady ötegçi,
Galyp keşbi görejinde dideleriň.
Ýaşar ýörer dünýe bilen ömürdeş,
Hiç ynanmaň "Şol ötegçi" diýseler.

Kakamyrat Rejebow
12
49
PILOT👮‍♂️✈🛩
23 Oktýabr 2024
gowy goşgy eken❤👍
Bitter
23 Oktýabr 2024
Abrayam gaty berk duraymasan hemme zatdan gowsak, in kicijek yalnysynda otegcinem onde baryanydyr oza. Ay gowuda gecsin gitsin, hemme zadynam aşasy zyyan
okan
22 Oktýabr 2024
👍👍👍🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.