Soňky söz
Boýun bol, geldik biz ýoluň soňuna,
diýme "Janymyzy gaýta barlaly".
Söýgümiz aýdym däl, ýat tutup soňra,
Kä göwnüň joşanda gaýtalar ýaly...
Ynsan islese-de, islemese-de,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyň.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen "Kalbym senden närzadyr"
Sen joraňa ynan,
"Entek öňüňden
has gowsy çykar" diýip, göwnüň göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iň gowy günleň
Geçip gidenine akyl ýetirse...)
Ýazgyt meňzeş daşa,
ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oňa ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyňda bar ýaly ýaşa.
Ýa... ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!...
Mätgurban Mätgurbanow