Meniň gözellere ähdi-wepam ýok,
Ony birçak bir gyz juwana berdim.
Özgäni ýyladýar kalbymdaky ot,
Ony, dostlar, eli sowana berdim.
Durmuşym, maňlaýma etdigim togap,
Harazdan geçirdi un kibi üwäp.
Men bir sorag hem-de gözlenýän jogap
Aýym-günüm soňsuz sowala berdim.
Ýalňyşdym men özge yza düşüp kä,
Kä gözüm aldyryp ýiti yşykla.
Akyl paýhasymy berip üşüklä,
Syrym yzdan gelýän dowama berdim.
Söýüp-söýülmeli ýaşlyk gijesin,
Alynmadyk posalaryň näçesin,
Kalba goýup ömrüň ähli ajysyn
Süýjüsin suhangöý zybana berdim.
Meniň bar derejäm,
şöhradym-şanym,
Gursagymda kemal tapan ynsabym.
Şükür, girip ykbalyna ynsanyň
Ömrümi ýollara rowana berdim.
Awtory nâbelli