Relax
04.05.2024 07:29

Bahalaryñ beýle gymmatlamagyna sebäp boljak näme üýtgeşme bolup geçdi?

Şirmaýy kenardaky we Ganadaky uly kakao zawodlary tohuma çykarylýan çykdajylaryñ öwezini dolup bilmeýämdigi üçin önümçiligi bölekleýin ýa-da tutuşlygyna duruzma kararyny aldy


Günbatar Afrikadaky hasyllar önüme bolan talaby garşylamakda ýetersiz bolup galandygy üçin global kakao çigidiniñ gytlygynyñ hasam ýaramazlaşýan ugrundaky habaryñ yzyndan kakaonyñ bahasy geçen hepde rekord derejesine çykdy.Londondaky möhletli iş şertnamalary 10%-e golaý artyp, bir tonnanyñ bahasyny 9 müñ 500 sterling çemesi gymmatlatdy.Kakaonyñ bahasy geçen ýylam görlüp-eşdilmedik derejede galypdy, ýöne şol wagt bir tonnanyñ bahasy 2 müñ sterlingden geçmändi.Bu gymmatlaşyk bütin dünýädäki şokolad pudagyna täsirini ýetiripdi, çünki dünýäniñ bu önüme bolan işdäsi şindizem açyk we özüne gönükdirilen talap her ýyl azyndan 2% artýar.Bu ýurtda bahalaryñ beýle gymmatlamagyna sebäp boljak näme üýtgeşme bolup geçdi?Gysga wagtdaky sebäp, global kakao önümçiliginiñ üçden iki bölegini tutýan Gananyñ we Şirmaýy kenaryñ (Kot'd-Iwuar) şu ýyl ikitaraplaýyn zarba duçar bolmagy.Iki goñşy bir ýandan agaçlara ýolugan wirus ýokanjy, bir ýandanam ýaramaz howa şertleriniñ täsiri bilen iki urgy aldy.Bular aýratynam dünýäniñ iñ uly kakao öndürijisi bolan Şirmaýy kenarda önümçiligiñ peselmegine getirdi.Netijede ýurduñ kakao önümçiliginiñ dörtden bir bölegine golaýy azaldy.Emma kakao gytçylygy krizisiniñ ýeke-täk sebäbi bu däl, krizis has beteri bu pudaga ýatyrylan maýa goýumlaryñ birnäçe ýyllap bozulyp gelinýänliginiñ netijesi boldy.Bu sektora goýumlaryñ gowşamagy pudagyñ güýçden gaçmagyna, sarsgynlara, aýratynam klimat sarsgynlaryna garşy dözümsiz bolmagyna getirdi.Bulara birem önümçiligiñ diñe bir ýerde, ýagny Günbatar Afrikada alnyp barylmagy-da goşulýar.Kakao krizisi dünýädäki ekin meýdanlarynyñ 60%-ne eýe bolan we bu ýerleri janlandyryp bilme güýjüne eýe barha attýan ýaş ilatyñ ýerleşen Afrikadaky oba hojalyk pudagynyñ ýagdaýyna diñe bir şaýatdyr.Afrika şular ýaly artykmaçlyklarynyñ bardygyna garamazdan, dünýäniñ başdan geçirýän ekerançylyk rewolýusiýasynyñ daşynda galdy.Altmyşynjy ýyllardan başlap kämilleşdirilen täze tohumlaryñ we dersleriñ ekin meýdanlaryna baryp ýetmeginiñ gowulanmagy ýaly bir topar faktor dünýä derejesinde ekerançylyk hasyllylygynyñ iki essä çykmagyna ýardam etdi. Mysal üçin şeýle ýagdaý 1965-1995-nji ýyllar aralygynda bürünç önümçiliginiñ iki essä çykmagyna goşant goşdy.

Afrikanyñ ekerançylyk problemalary munuñ bilenem gutaranok:

Infrastrukturasynyñ gowşaklygy, uly böleginde syýasy durnuklylygyñ ýoklugy, ykdysady sarsgynlara garşy ejizligi birnäçe ekerançy maýadary yklyma maýa goýumlaryny goýmakdan saklaýar.Hiç bir kompaniýa töweregi demirýol, gara ýol, hatda ogurlyga garşy logistiki ýollar bilen gurşalmadyk ekin meýdanlaryna maýa goýumlaryny goýasy gelmeýär.Şonuñ üçinem Afrika häzirem ýokary tejribä ýa-da önümçiliklerini artdyrmak üçin ýeterlik çeşmelere eýe däl ownuk telekeçilere bagly.Köp sanly ekin meýdanynda eýýäm otuz ýaşdan geçen agaçlardan hasyl alynýar we täze agaç nahallary oturdylmaýar.Munuñ bir sebäbi-de, birnäçe ýurtlarda ekin meýdanlarynyñ häzirem tire-taýpa kethudalarynyñ eýeçiliginde bolmagydyr.Ýene bir sebäbi bolsa üpjünçiligiñ pesligi sebäpli banklardan maddy kömek alyp bilmeýändikleri.Meýilnamalaşdyryş derejesinde Afrika yklymy ekerançylyk meýilnamalaşdyryşdan doly diýen ýaly mahrum.Käbir afrika ýurtlarynyñ aýry-aýry eden işleriniñ daşynda yklym ýerleriniñ kartasy ýok we önümçilik meýilnamasy doly ýok diýen ýaly. Ýagny birnäçe daýhan hasylyny satmaga bazar bardygyny-ýokdugyny öwrenmezden ýetişdirýär.Mundan on ýyl öñ afrikaly daýhanlara paýlanan ýokary hasylly kartoşka tohumy munuñ aýdyñ subutnamasydyr.Daýhanlaryñ gereginden artyk kartoşkasyny satmaga ýeri ýokdy, şonuñ üçin bahalar peseldi we ekin meýdanlaryndaky hasyl entek ýygylmanka çüýräp galdy.Kakao bahalaryndaky artyş Afrikada ekerançylyk pudagynyñ gowşaklygynyñ we baý gorlara eýe bu materigiñ yzygiderli gytçylyklara uçramagyna sebäp bolan ekerançylyk pudagyna ünssüzligiñ alamatydyr.Bu ýerdäki ironiýa şunda: häli-häzirlerem Günbayat kolonializminiñ netijelerinden ejir çekýän materigiñ ýaşaýjylaryna duýulýan nebsiagyryjylykly duýgudan zyýada şokolada bolan alaçsyz mätäçligiñ dünýäni Afrikadaky bu möhïm pudak bilen gyzyklanmaga iterip biljekligidir.Häzirki wagtda Afrikanyñ Latyn Amerikada we Aziýada bolup geçenlere meñzeş giñ gurşawly ekerançylyk üýtgeşmesine zerurlyk duýýar we bu üýtgeşme üçin hökümetler derejesinde umumy tagallanyñ görkezilmegi gerek.Belli bir sebitde ýa-da belli bir ýurtda öñe saýlanyp biljek girdeji maksady bolmadyk guramalaryñ tagallalar ýa-da pudaga gönükdirilen giñ gerimli işlere eýe däl ýekebara edilen işler hiç hili peýda bermeýär.Afrikada ekerançylyk pudagynyñ gowulanmagy we aýaga galmagy bu materigi bütin dünýäniñ azyk torbasyna öwrüp biler.


Abdylla RADDADI,

Kitapcy

Saud Arabystanly derñeýji žurnalist, ykdysady hünärmen.

27
257
Relax
03.05.2024 08:31
(Makala gysgaldylyp alyndy)

Adolf Gitleriñ nemes halkyndan gören goldawy onuñ diñe häkimiýete gelmegini we 12 ýyllap jemgyýetiñ ähli gatlaklarynda örän uly üýtgeşmeleri geçirip häkimiýetde galmagyny üpjün edip bilmändir, barha ýaramazlaşyp barýan uruş ýyllarynda-da birnäçe ýyllap nemes halkynyñ ony goldamagyny üpjün edipdir. Diñe bir nesil öñ nemes ýurdunda duşman garasyny görmezden öz islegleri bilen hökümet sistemalaryny çalşyran nemesler Gitler boýun bolandan we öz janyna kast edenden soñam söweşi dowam etdiripdir. Eýsem-de bolsa, Gitleri kimler we näme sebäpli goldapdyr?

• Fýurer¹ legendasy: Gitlere bildirilen söýgi

Gitleriñ we nasist režiminiñ nemes halky tarapyndan goldanmagynyñ açary hut Gitleriñ özünde ýatyr. Propoganda ministri Paul Žosef Gebbels² tarapyndan goldanan we öwlüp arşa çykarylan Gitler özüni nemes halkyna adatdan daşary we hatda hudaýtarapyn adam hökmünde tanatmagy başarypdyr. Gitler nemes halkyna syýasatçy hökmünde tanadylmandyr. Germaniýada syýasatçy kän. Alnyp barylýan propoganda emelleri Gitleriñ nemes halkymyñ añynda syýasatdan has ýokardaky şahsyýet hökmünde kabul edilmegini gazanypdyr. Germaniýada ýaşaýan birtopar etniki azlyklar häkimiýet başyna gelmeginden soñ kän wagt geçmänkä Gitleriñ olaryñ goldawyny gereklemeýändigini, gaýtam özlerine azar bermek we hatda ýok islemeýändigini bilipdirler. Emma Gitler birnäçe adamyñ göz guwanjyna öwrülipdir, elmydama iñ ýokardadygyny öñe sürüp we berýän signallaryny göz öñüne tutulan gatlaklara siñdirip, biri-birlerinden doly tapawutly toparlaryñ goldawlaryny Germaniýany dolandyrmaga, üýtgetmäge we gorkunç soñuna äkitmegi başarypdyr.
Birinji jahan uruşynda ýeñilen Germaniýada bolup geçýän ykdysady kynçylyklar, inflýasiýa, işsizlik, jemgyýetdäki görnetin bölünişik we agzalalyklar bilen dürli gozgalañlaryñ bolýan çylşyrymly şertlerinde Adolf Gitler Germaniýanyñ Işçiler partiýasyna agza bolupdyr. Ol partiýanyñ arasynda çaltlyk bilen ösüpdir. Partiýanyñ adyny Germaniýanyñ Sosialistik işçiler partiýasy diýip üýtgeden Gitler nasionalistik ideýanyñ astynda nemes jemgyýetiniñ her gatlagyndan bolan adamlary bir agza bakdyrmagy başarypdyr.
Gitleriñ absolýut häkimiýetini berkiden waka 1933-nji ýylyñ 27-nji fewral gijesi Germaniýanyñ parlamentiniñ ýakylmagyndan soñ bolup geçipdir. Esasy saýlawlaryñ öñüsyrasynda ýakylan bina Adolf Gitlere ýeke özi häkimiýetiñ başynda çäklendirilmedik güýç bolup oturmagyny üpjün edipdir.

Ýalan şeýle bir uly we ýönekeýje bolsun. Ýalan sözläberiñ, sözläberiñ, ahyry ynanarlar.

Adolf Gitler birnäçe garşydaşy ýaly sosialist, monarhiýanyñ tarapdary, demokrat bolmakdan zyýat, özüni Germaniýa bilen bir bitewi hasaplapdyr we hasap etdiripdir. Gitler nemes halkynyñ gözünde Germaniýadaky birnäçe gahar-gazabyñ we agzalalygyñ sakasyny bilýän, olary düzedip biljek adam bolupdyr.
Ol gözüni häkimiýet yşkyna gapdyran milletparaz biri bolmasa-da, Germaniýany we nemesleri hemme zatdan ýokarda görüpdir. Hakykatdanam Adolf Gitler jemgyýet tarapyndan Germaniýany ekstremizme itermegiñ ýerine hemmeleri birleşdirip biljek biri hökmünde görünip, şeýle obrazy adamlaryñ añyna guýmagy başarypdyr. Adolf Gitler ilki sosialistleri we kommunistleri ýanap (ilkibaşda köçe uruşlary we saýlawlar, soñra olary konslagerlere salyp) sosialistik rewolýusiýanyñ öñüni alandygy üçin ýene bir mertebe öwgä mynasyp bolmagy başarypdyr. Häkimiýete ýeke özi eýe bolmak islän Adolf Gitler taryha "Uzyn pyçaklylar gijesi" ("Night of the Long Knives")³ diýip giren operasiýada öz sagçy garaýyşly (käbir çepçi garaýyşlylary-da) ýoldaşlarynyñ agdarylyşygynyñ öñüni almagy başarandygy üçin has beter öwülip başlanypdyr. Nemes halkynyñ gözünde Gitler mundan beýläk birleşdiriji, agzalalygyñ öñüni alyp bilýän, duruzýan we hemmeleri bir agza garadýan belent mertebeli beýik şahsyýete öwrülipdir.
Nasistik režimiñ aýgytlaýjy sepgidinde propoganda maşynynyñ "Fýurer" legendasyny durmuşa geçirme işini bilgeşleýin saklandygy we Adolf Gitleriñ öz at-abraýynyñ propoganda serişdesi hökmünde ulanylmaga başlandygy öñe sürülýär. Adamlar uruşda ýeñiş gazanyljakdygyna we Gebbelsiñ hüşgärlik bilen işiñ hötdesinden geljekdigine ynanypdyr, çünki hemme zadyñ başynda Gitler durupdyr. Şu tapgyrda Gitlere şowlulyk we birkemsiz bähbitçilligi-de kömek edipdir. 1933-nji ýylda ykdysady krisiz sebäpli häkimiýet başyna gelen Gitleriñ döwründe global ykdysadyýet eýýäm 1930-njy ýyldan bäri kem-kemden düzelip başlapdyr. Gitlere üstünlige eýe çykmakdan başga edere iş galmandyr, şowlulyk hiç zat etmedik Gitleriñ ebeteýine gelip duruberipdir.
___________________________
[1] Nemes öñbaşçy manysyny berýän fýurer sözi iñlis dilinde diktator we awtokrat manysyny berýär.
[2] 1897-nji ýylyñ 29-njy oktýabrynda Germaniýanyñ Rheýdt diýen ýerinde dünýä inen Gebbels Üçünji reýh döwründe Faşistik Germaniýanyñ propoganda ministri bolup işläpdir. Ol faşistik režimiñ nemes halkynyñ añyna siñdirip boljak ýaşaýyş-durmuş formasy hökmünde wagyz-nesihat edilmegine jogap beripdir. Gitleriñ öz janyna kast etmeginiñ ertesi güni bary-ýogy bir gün nemes kansleri bolup işlån Gebbels aýaly Magda bilen bilelikde alty çagasyny öz elleri bilen öldürenden soñ öz janlaryna kast edipdir.
[3] "Ýagyş suwy operasiýasy" ("Operation Hummingbird") diýilýän operasiýa Faşistik Germaniýada 1934-nji ýylyñ 30-njy iýunyndan 2-nji iýulyna çenli dowam edipdir. Faşistik režim Gitleriñ absolýut agalygyny berkitmek maksady bilen syýasy ölüm jezalaryny amala aşyrypdyr. Öldürilenleriñ birnäçesi nasistleriñ ýarym harby edarasy "SA"-nyñ ("Sturmabtellung") agzalarydyr. Gurban edilenleriñ iñ tanhmaly-da Gitleriñ uzak wagtdan bäri dosty we goldawçysy bolan Ernst Rýohm eken. Öldürilenleriñ arasynda nasistik partiýanyñ çepçi garaýyşly ýolbaşçylary-da bolupdyr. Jenaýatlaryñ bir sebäbi-de nemes jemgyýetiniñ gözünde Gitler hökümetiniñ at-abraýyny we agramyny galñatmakdyr. Operasiýada azyndan 85 adam öldürilipdir, müñlerçe adam tussag edilipdir. Jenaýatlaryñ köpüsi "SS" we Gestapo tarapyndan amala aşyrylypdyr. Tutha-tutlyk çäresi Gitlere garşydaşlaryny ýok etme we häkimiýetini berkitme mümkinçiligini beripdir. Şu wakadan soñ Gitler nemes halkynyñ gözünde ýokary adalaty ýola goýujy öñbaşçy pozisiýasyna göterilipdir.
Kitapcy
Robert UAÝD.
27
204
Relax
02.05.2024 14:32
Ärlerini arkasynda göterip jeñ meýdanyndan alyp gaçan aýallar

Weýnsberg gabawy

Taryhda diýseñ täsin wakalar bolup geçipdir. Aslynda munuñ düýp sebäbi taryhyñ düýn bolup geçen durmuş hakykaty bilen baglanyşykly.
Durmuşyñ özi ýaşap ýörkäñ juda täsin. Wakalar sebäp-netije baglanyşygyñ çäginde elmydama garaşylyşy ýaly bolup geçmändir.
Käbir hadysalara ýalanyñ hapasy bulaşyp biljegi ýaly, legendalaryñ ýüki astynda-da ezilipdir. Weýnsbergiñ günortasyndaky orta asyr galasynda bolup geçen waka-da hakykat bilen legendalaryñ arasynda gysylyp galypdyr.
"Royal Chronicle of Cologne" ýaly ygtybarly çeşmede agzalmagy waka üns bermegimize sebäp bolýar.
Konrad III Mukaddes Rim-German imperiýasynyñ çäklerini berkidip ýörkä bolup geçen waka Weýnsbergiñ biziñ günlerimizde "Aýal wepalylygy" ("Weibertreue") diýip ýatlanmagyna sebäp bolupdyr.
Wakanyñ hronikalarda birinji gezek 1175-ni ýylda bolandygy ýazylanam bolsa, 1140-njy ýylda bolup geçendigini bilýäris.
Nemesleriñ öz aralaryndaky häkimiýet ugrunda alyp barýan göreşlerinde Konrad haýal etmän agzybirligi üpjün etmek üçin gozgalañçy ilatly nokatlary ýekän-ýekän basyp almaga başlapdyr.
Welf dinastiýasynyñ baştutany Genri şol bir wagtyñ özünde Konradyñ öweý dogany bolupdyr, şonuñ üçin ol tagta özüniñ mynasypdygyny öñe sürüpdir. Bu ýagdaý Konradyñ gozgalañçylara garşy rehim-şepagatsyz çemeleşmegine sebäp döredipdir.
Weýnsberg galasyndaky goranyşam şu manyda Konrad üçin örän bökdençli ýagdaýa öwrülipdi.

Weýnsberg galasy

Uzaga çeken işleriñ netijesinde galanyñ gabawy böwüsme mümkinçiligini aradan aýran Konrad iñ soñky zarbany urup, ganly gyrgynçylyga taýýarlyk görüpdir. Bu gozgalañçy şäherdäki gyrgynçylyk beýleki begzadalara-da sapak bolmalydy.
Konrad etjek gyrgynçylygyndan öñinçä aýallaryñ galadan çykmagyna rugsat berjekdigini we arkalaryna ýükläp bilen zatlary bilen galadan çykyp biljekdiklerini habar berdi.
Galadakylar munuñ merhemetden nyşan däldigini we soñky garşylyklaýyn hüjüm bilen galadaky ähli erkekleriñ gylyçdan geçiriljekdigini bilýärdiler.
Dañ atan nadyna galanyñ diwarlary açylsy.
Gören zatlarynyñ garşysynda Konrad we onuñ esgerleri añk bolup galypdyr, çünki aýal-gyzlar arkalaryna galany goran ärleridir erkek doganlaryny alyp daşaryk çykypdyr.
Konrad gören ýagdaýyna näme etjegini bilmän galypdyr. Ilki aýallaryñ galadan ärleri bilen çykmagyna rugsat berilipdir.

Konrad

Yzyndan galadan çykanlaryñ daşy gabaldy. Konrad göz üçin galadakylary gylyçdan geçirmegi meýilleşdirip durka gören zadyna näme etjegini bilmän galypdyr.
Gersog Fridrih we serkerdeler ilkibada muña gülenem bolsalar, gören zatlary ýiti täsirini ýetiripdir. Ol Konradyñ ýanyna gelip, aýal-gyzlaryñ we arkalaryndaky erkekleriñ arkaýyn geçmegine rugsat bermegini sorapdyr. Konrad ilki özüni aldanan ýaly duýanam bolsa, korola sözünden dänmek bolmaýandygyny aýdyp, olaryñ geçmegine rugsat beripdir.
1140-njy ýylda Weýnsbergde bolup geçen bu waka nemes aýallarynyñ batyrgaýlygynyñ we wepalylygynyñ nyşany hökmünde taryha giripdir.
Weýnsbergiñ aýallary ärlerini ölümiñ gujagyna taşlap gitmegiñ ýerine, olary jeñ meýdanyndan alyp gaçyrmagy başarypdyr.
Konradyñ bu bolşy rehimsizliginden has beter täsir edipdir, ahyrynda ol 1150-nji ýylda Genri bilen söweş meýdanynda ýüzbe-ýüz bolşupdyr.
Bu ýerdenem ýeñiş bilen aýrylan Konrad öz dinastiýasynyñ tagtyñ absolýut eýesi bolmagyny gazanypdyr.
Şol gabaw döwründe Konradyñ gyrgynçylyk etmeginiñ öñüni alan gersog Fridrih Morsakal (Barbarossa) indiki tagta geljek şahsdy.
Fridrihiñ agalyk süren döwrüniñ taryh taýdan iki möhüm netijesi bar:
Biri nasistleriñ "Altyn asyr" diýip ideallaşdyran döwrüniñ hökümdary bolanlygydyr. Beýleki möhüm hadysa onuñ Ikinji haçly ýörişinde boýnuna alan jogapkärçilikli roludyr. Siriýany musulmanlardan arassalamak üçin girişilen bu operasiýada Mahmyt Nureddin Zeññi ýewropalylary ýol söküp gelenine puşman etdiripdir.

Mehmet MAZLUM ÇELIK.
Kitapcy
27
179
Relax
29.04.2024 08:28

TIKTOK SÖWEŞI



Amerikanlar Hytaýyñ TikTok ulgamynyñ ulanşygyny togtatmak isleýär.


Respublikan partiýanyñ gözegçiligindäki Wekiller mejlisi kompaniýa iki saýlaw ýoluny hödürleýän kanunnamany 65 garşy sese garşylyklaýyn 352 oñyn ses bilen makullady.


Esasy kompaniýa (\"ByteDance\") ýa-ha ulgamy satmaly bolar, ýa-da ýurt derejesinde doly gadagan ediler.


\"Amerikanlary kese ýerli duşmanlaryñ kontrolly programmalaryndan goramak hakdaky kanun\" diýip atlandyrylan bu kanunnama indi tassyklanmak üçin Senatyñ garamagyna ugradylar.


Kanunyñ tassyklanmagy öñki prezident Trampyñ birnäçe ýyl öñ prezident kararnamasy bilen \"TikTok\"-y gadagan etmäge synanyşyp başlan söweşiniñ soñky halkasydyr. Emma şol döwürde kompaniýanyñ beren şikaýatnamalaryna sereden amerikan sudlary Trampyñ bu programmany gadagan etmegine ýol bermändi.


Şeýle-de bolsa, bu söweş häzirem dowam edýär we ýokarda agzalan kanun hytaý hökümetiniñ ABŞ-nyñ içerki işlerine goşulmagynyñ öñüni almagy maksat edinýär.


Kompaniýa hytaý hökümetiniñ programmanyñ goruna el urýandygy hakdaky aýyplamalary yzygiderli ret edýändigine garamazdan, amerikanlar Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyñ ştab-kwartirasy Pekinde bolan hytaý kompaniýasynyñ üstünde gözegçiliginiñ ýokdugyna ynanmaýarlar.


\"TikTok\"-yñ hytaýly kompaniýasynyñ amerikan ulanyjylarynyñ maglumatlaryny edinmeginiñ öñüni alýan \"Tehas\" kanunnamasy hakda telim gezek beýanat berendigini-de aýtmak gerek. Emma görnüşinden şeýle beýanatlar dowam edýänem bolsa, ABŞ hiç kimi özüne gulak asdyryp bilenok.


Hakykat ýüzünde programmanyñ 1%-ne eýe we adminstrasiýanyñ üç agzasyndan biri tarapyndan wekilçilik edilýän hytaý hökümeti \"TikTok\" goruny ulanýandygyny ýerliksiz boýun alman gelýär.


Köp sanly iş \"TokTok\"-yñ agzalaryñ paýlaşýan maglumatlaryna syýasy gadagançylyk edýändigi hakda anyk subutnama ýokdugyny görkezdi.


Emma görlüşi ýaly, ABŞ-nyñ \"TikTok\" hakdaky pikiri bilen käbir ýurtlar hem ylalaşýar.


Eýýäm Hindistan, Nepal ýaly ýurtlar bu programmany gadagan etdi. Hindistan ulgamy özi bilen Pekiniñ arasynda geosyýasy dartgynlylyklaryñ bolup geçendigi sebäpli gadagan etdi.

Owganystan, Belgiýa, Awstraliýa, Kanada, Daniýa, Ýewropa bileleşiginiñ ýurtlary, Taýwan, Täze Zelandiýa ýaly beýleki ýurtlaram programmanyñ döwlete degişli enjamlarda ulanylmagyny gadagan etdiler.

Bu meseläniñ täzeden üns merkezinde goýulmagynyñ sebäbi, programmanyñ amerikan halky üçin diñe güýmenje platformasy bolmakdan çykyp, geçen aýlaryñ dowamynda Gaza uruşy boýunça habar çeşmesine öwrülmegi.

ABŞ-daky jöhitler programmany algoritmlerinde ysraýyl tarapdarlygyny edýänlerden has köp palestin tarapdarlygyny edýän seslere üns bermekde aýypladylar.

Programma şol bir wagtyñ özünde geçen hepde Kongresiñ agzalary bilen aragatnaşyga geçmegini we olara kanunnama garşy ses bermekleri üçin basyş etmeklerini teklip edýän klipler hödürläp, köpçülikleýin manipulýasion taktikallary ulanmakda-da günäkärlendi.

Bu meselä amerikanlaryñ ýarysyndan gowragy üns berýär, şeýle-de programmanyñ ABŞ-da 170 million ulanyjysy bar.

"TikTok"-yñ 2023-nji ýyldaky jemi 120 milliard dollarlyk global girdejisiniñ içinde ABŞ-da gazanan puly geçen ýylka garanda kyrk esse köpelip, 16 milliard dollara ýetdi.

Bu görkezijiler juda köp we edil häzirki wagtda mejbury satyş ýa-da gadagan edilme bilen ýüzbe-ýüz bolam kompaniýa degişli. Hytaý hökümeti programmanyñ mejbury satylmagyna gazaply garşy çykýandygyny aýtdy.

Birnäçe gün öñ Hytaýyñ Daşary işler ministrliginiñ press-sekretary ABŞ-nyñ programma garşy "garakçy mantygy" bklen hereket edýändigini öñe sürdi.

Programmanyñ potensial müşderisiniñ kimdigi entek belli däl. Geçmişde prezident Tramp şuña meñzeş proseduralary amala aşyrmaga synanyşanda, "Microsoft" satyn alma ylalaşygy boýunça "TikTok" bilen gepleşikleri geçiripdi, emma bu gepleşikler netije bermändi.

Yzyndan "Oracle and Walmart" ABŞ-daky operasiýalaryny satyn almak üçin kompaniýa bilen ylalaşyga gelipdi, emma bu ylalaşygam Baýden hökümetiniñ ylalaşygy gözden geçirmek pikirine gelmeginiñ yzyndan ýatyp galypdy.


Wekiller mejlisiniñ kanunnamany tassyklamagy hytaýly kompaniýany kyn ýagdaýda goýdy, çünki ol amerikan hökümetine garşy hukuk ýoly bilen göreşmäge mejbur bolar.

Bu göreş arkaly bäsdeşi Trampyñ ýeñişi bilen Baýdeniñ wezipe möhletiniñ gutarmagy umydy bilen dawada belli karara gelinmegini gijikdirmäge synanyşar. Kompaniýa Tramp döwründe edenini gaýtalaýar, şol wagtam dawada belli karara gelinmegini Baýden üstün çykýança gijikdirmäge synanyşypdy.

Ýöne ýeke-täk ironiýa bulam däl, hytaýlylaryñ amerikan hökümetiniñ söz azatlygyny çäklendirýän, metbugat azatlygyny bozýan ýa-da parahatçylykly ýygnanyşyk geçirme hukugyny gadagan edýän kanunlary kabul etmeginiñ öñüni alan ABŞ-nyñ Konstitusiýasynyñ Birinji üýtgeşmä eýerilmäge çagyrmagy-da geñdi.

Amerikanlar bolsa muña tutaryk hökmünde Hytaýyñ öz ýurdunda eden işlerini, ýagny daşary ýurt mediýa serişdeleri bilen sosial mediýa saýtlaryny gadagan etmegini görkezýärler.


Abdylla RADDADI,

Kitapcy

Saud Arabystanly derñeýji žurnalist, ykdysatçy hünärmen.

24
148
Relax
23.04.2024 10:37
#sykedali #tireparaz
62
709
Relax
18.04.2024 23:15

Baý bir adamyň 4 sany aýaly bardy.


Emma ol 4-nji aýalyny has köp söýýär we esasy oňa üns berýärdi. Oňa iň owadan köýnekler, göwniniň islän ähli zadyny alyp berýärdi.


3-nji aýalyny hem 4-njisiçe söýýärdi. Ol örän owadan bolany üçin ony hemme ýere ýanynda äkidýädi. Emma birden biri bilen gaçaýmasyn diýip hem elmydama gorkýardy.


2-nji aýalyny hem gowy görýärdi. Onuň bilen elmydama syrdaş bolupdy. Haçan bir meselesi bolsa onuň bilen maslahatlaşýardy. Aýallarynyň içinde iň ynanýany 2-nji aýalydy.


1-njy aýalynyň ýagdaýy üýtgeşikdi. Maşgalasyny, baýlygyny gazanmakda onuň möhüm orny bardy. Emma ol adam ol aýalyny söýmeýärdi. Ol adam ony söýmese hem aýaly ony ýürekden söýýärdi. Emma ol baý adamyň iň az söýýän aýalydy.


Bir gün baý adam hassalanýar.

We kän wagt geçmän öljegine göz ýetirýär. Lýuks durmuşyny we 4 aýalyny pikir edip 4 sany aýalym we lýuks durmuşym bar. Ýakyn wagtda bolsa ölýärin ýeke-ýalňyz gidýärin diýip pikirlenýär.


4-nji aýalyny ýanyna çagyrýar we "Saňa elmydama iň gowy zatlary aldym, iň köp saňa üns berdim. Emma indi ölýärin, we o dünýäde ýalňyz bolmak islämok. Meniň bilen birlikde gelersiňmi diýip soraýar. Aýaly: "Asla bolmaz!" diýip jogap berýär we başga hiç zat diýmän çykyp gidýär.


Lapykeç ýagdaýda 3-nji aýalyny ýanyna çagyrýar we: "Iň köp seni söýdim, seni elmydam ýanymda sakladym, emma indi ölýärin. Meniň bilen birlikde gelersiňmi?!" Diýip soraýar. 3-nji aýaly hem: "Ýok! Durmuş örän gowy we dowam edýär, indi başgasy bilen durmuş sürmek isleýärin. Sen öleniňden soň başga biri bilen durmuş gurjak" Diýip çykyp gidýär. Baý adam elmydama şeýle bolmagyndan gorkýardy.


Soňra 2-nji aýalyny hem ýanyna çagyrýar we: "Kyn günlerimde elmydama ýanymda bolduň, iň ýakyn syrdaşym bolduň. Meniň bilen o dünýä gidersiňmi?!" Diýip soraýar. 2-nji aýaly: "Menden muny isleme. Ýaşaýarkaň elimden gelen ähli kömegi ederin. Mazaryňa çenli saňa ýoldaş hem bolaryn, emma o dünýä seniň bilen bile gelmegimi menden isleme" diýip jogap berýär. Bu jogaby alyp baý adam has hem gynanýar..


Baý adam çäresiz ýagdaýda gama batyp ýatyrka: "Men seniň bilen bile gelerin. Nirä gitseň git, seni asla ýalňyz goýmaryn!" Diýen ses eşidýär. Kellesini galdyryp seretse 1-nji aýaly. Baýyň ol aýalyna seretmedigi üçin daşyndan lapykeç görünýärdi. Baý kellesini ýaýkaýar we: "Wagtynda saňa örän gowy seretmelidim., indi düşündim. Meni bagyşla!" Diýýär ýuwaşja pyşyrdap.


Baý adamyň ýagdaýyny gördik. Aslynda her birimiziň durmuşda 4 aýalymyz bar.


4) 4-nji aýal biziň bedenimizi görkezýär. Bedenimizi söýýäris, ol owadan görünsin diýip elmydama oňa üns berýäris. Emma ölenimizde ony o dünýä ýanymyz bilen äkidip bilemzok.


3) 3-nji aýal dünýäde eýe bolan zatlarymyz, baýlygymyz. Ölenimizde ol hem derrewjik başgalaryna geçäýýär.


2) 2-nji aýal maşgalamyz we dostlarymyz. Bize näçe ýakyn, wepaly bolsa bolsun, bize diňe mazara çenli ýoldaş bolup bilýärler. Ondan soňuna asla güýçleri ýetmez.


1) 1-njy aýal bolsa biziň ruhumyz. Şan-şöhrat, baýlyk ugrunda gözden salan zadymyz.


Hawa, bu dünýäden gidenimizde biziň bilen gitjek ýekeje zat - bu biziň RUHUMYZ. Oňa üns berip, adalatly, dogruçyl, halal bolup, ony soňuna çenli güýçli we arassa saklalyň...

98
1 346
Relax
17.04.2024 09:28

SELFI-sözüniñ manysy


Biziñ her birimiz selfiniñ nämedigini bilýäris. Eger-de siz onuñ atlandyrylyşyny eşitmedik bolsañyz hem ony internetden gören bolsañyz gerek.

Selfi- bu siziñ öz - özüñizi aýna seredip ýa-da ýörite selfi taýagynyñ kömegi bilen düşüren suratyñyz. Internetde şeýle suratlaryñ her dürlüsine gabat gelmek bolýar. Häzirki wagtda birnäçe meşhur adamlaryñ, hatda kosmonawutlaryñ hem suratlary köpçülige elýeterlidir. Aslynda, selfiniñ şeýle meşhurlyga eýe bolmagynyñ sebäbi diýseñ gyzyklydyr. Geliñ, şeýle suratlaryñ näme üçin meşhur trende öwrülendigine seredeliñ.


ÖZÜÑI GÖRMEK GÖRKEZMEK ÜÇIN MÜMKINÇILIK.

Öz şahsy dünýäñi aýan etmegiñ ähli görnüşi köpçülige görkezmek üçin niýetlenen däldir. Ýöne käwagtlar adamda şeýle hereketleri etmek islegi döreýär. Şeýle ýagdaýda el telefonyñ kamerasy ýardama ýetişýär. Bu ýerde selfi araçy hökmünde çykyş edýär. Belli bir seslenmä eýe bolmak däl-de diñe haýsydyr bir seslenmäniñ barlygy adamyñ esasy maksady bolup durýar. Ony başga adamlaryñ öz içki dünýäsine üns berendigi begendirýär. Şeýlelikde, her bir adamyñ özüne degişli bolan hyýaly onuñ içki dünýäsini döredýär.

Şeýle suratlar adamyñ döredijilik ukybyny hem artdyrýar. Islendik suratyñ hatda iñ ýönekeýje suratyñ hem özüniñ manysy görnüşi we pikiri bardyr. Şeýle sungaty döretmek üçin bolsa döredijilik ukyby zerurdyr. Internet torunda şahsy keşbiñ eýesi bolmak-bu mydama üsti ýetirilip durlan täzeçillikdir.


ÝASAMA "Men".

"SELFI" sözüniñ özi iñlisçe "self"-terjime edilende "men" manyny berýän sözden gelip çykandyr. Şeýle suratlary dûşürip, biz öz ýasama " menimizi"

döredýäris, ýagny öz-özümize öýkünýäris. Özümize ýörite köpçülige görkezmek üçin keşp döredýäris. Şeýle ýagdaýda suratlaryñ añrybaş gowy bolmagy esasy zarurlyk däl. Ýöne ol hemişe häzirki zaman trende utgaşmalydyr. Adamlar mydama iñ soñky ýoñ hasap edilýän zatlary surata dûşürip goýýarlar. Emma bulara garamazdan, ýasama "meniñi" döretmek adamyñ öz hususy şahsyýetiniñ kemala gelmeginde bökdençlikleri döredip biler.


DURMUŞDA HAKYKY WAKALARYÑ ÝOKLUGY.

Meselem, selfi düşmegi gündelik durmuşy endigine öwren adam söýgä duçar bolýar. Tiz wagtda onuñ söýgüsi selfi dûşürmek endiginden üstün çykýar. Netijede, onuñ hakyky şahsy durmuşy mazmuna, gyzykly wakalara eýe bolup, internet torundaky durmuşy ikinji orna geçýär. Ýöne selfä ýaramaz endik diýmek hem ýalñyşdyr. Esasy zat, onuñ size näme üçin gerekdigini bilmekdir. Eger-de oña çynlakaý bagly bolmasañ ýa-da ol hakyky zatlaryñ üsti bilen döredijilik ukybyñy artdyrýan bolsa, hakyky durmuşda ýaşamagy başarsañ, onda selfide hiç hili ýaramaz many ýokdur. Hatda köp halatlarda selfiniñ peýdasy hem bardyr. Meselem, ol döredijilik bilen meşgullanýan adamlara öz döredijiligini has uly köpçülige, esasan hem häzirki zaman gajetlerden añsatlyk bilen çykarýan ýaşlara ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle suratlarda esasy ýatda saklamaly zatlaryñ biri bolsa, hakyky şahsyýetiñ bilen oýlanyp tapylan selfiniñ arasyndaky serhedi saklamagy başarmakdyr.

49
390
Relax
16.04.2024 17:27

Dünýäniñ iñ uly 4 bombasy. Ýadro bombalar


Dünýäde ýadro ýaraglary gaty uly ösüşe eýe boldy. Hawa, el bombalaryndan dälde ýadro ýaraglary barada gürrüñ etýäs. Siz iñ uly bomba Atom bombasy hasap etýäñizmi ? Gelin onda bombalar barada biraz gürrüñ edeliñ.


Atom bombasy

Atom ýadrosy ýok edilende uly energiýany ulanýan aşa weýran ediji güýji bolan bomba. ABŞ-nyň Manhattan taslamasy bilen Ikinji jahan urşy döwründe ony ösdürip, Hirosima we Nagasakide ulandy. Soň bolsa SSSR-iň önümçiligi sowuk urşa sebäp boldy.

Adamlarda uly ýigrençli gorky duýgusyny döreden, hiç kimiñ ulanmaga gaýraty çatmaýan Atom bombasyny Amerika Ýaponiýa garşy ulanandyr.

Atylan bombalaryñ her biri 20 tondadyr. Ýarylanda ilki bilen gaty erbet ses bilen göz kör ediji ýagtylyk peýda bolýar. Bomba ýarylan ýerinden 3-5 km içinde näme bar bolsa kül eder. Bu Atom bombasy 200 mün adamyñ ölümüne sebäp boldy. Atom bombasy ýarylanda güýji we reaksiýasy 7-15 km e çenli täsir edip biler. 15 km dan soñ hiç güýji bolmaz.

Bomba ýarylandan göni 1 minut soñra gaty gyzgyn ýylylyk, gaty uly yşyk, ýadro radiasiýa we basyş Elektromagnitly Pals emele geldi. Soñ Radioaktiw düşüş peýda boldy. Radioaktiw düşüş bomba ýarylandan 20 30 minut soñra emele geler. Bomba ýarylanda jaýlar muzeýler kitaphanalar kiçiräk binalar küle döner. Agaçlar yerinden oýnap, daşdaky jaýlar gelýän uly tizlikli tozanyñ netijesinde pytrar. Ýyldyrym ýadro yşygy ady berilen yşyk peýda bolar. Bu yşyga ýalañaç göz bilen seredilende 15-45 minut geçiji bolan körlüge sebäp bolýar. Bu yşykdan goranmak üçin kagyz hem ýetip biler. Bu yşygyñ öldürme güýji ýokdyr. Esasy howply bolan ýylylyk ýadro radiasiýasy bilen ýadro ýyldyrym yşygynyñ birlikde gelmegidir. Bu daşdaky ýaşaýjylar üçinem gaty howply bolup biler. Bu ýylylyk radiasiýasy yşyk tizliginde hasaplanýar. Ýylylyk radiasiýasynyñ ýarag güýjüne daýanýan dowamlylygy bardyr. Ýöne ýarylan ýerinden uzaklaşdykça güýji ýatyşýandyr. Bu radiasiýalary hiç bir zat durduryp bilmez näme bolsada ýakyp eretýändir. Bu güýç gaty uly ses bilen birleşip binalary köprüleri ýykýandyr. Elektromagnitly Pals bolsa bar bolan enjamlary bozup, islenmeýän signal çykaryp maddy zepere sebäp bolýar. Iñ esasy howplardan biri hasaplanýan serpikme radiasiýasy bardyr. Başgada Atom bombasy atylanda Galyjy we yzarlaýjy kesele sebäp bolýar. Nagasaki we Hiroşima atylan Atom bombalaryñ her biri 20 tondadyr. Atom bombasy gaty erbet kesele sebäp bolýandyr bu keseliñ yzarlaýjylygy sebäpli Ýaponiýada şuwagtam maýyp çagalar dogýandyr. Bir Atom bombasy 15.000 TNT deñdir.


B83

B83 1970-nji ýyllarda “Liwormor” barlaghanasynda işlenip düzülen we 1983-nji ýylda kabul edilen ABŞ nyñ öndüren bombasydyr. Atom bombasyndan 3 esse beter güýçlüdir. Agramy 1 mln tondyr. Ýarylanda boýy 20 km çenli uzap bilýär. Göz öñüne getiriñ Atom bombasy 1 km da ýetenok. B83 iñ boýy bolsa 20 km çenli ýetip bilýär. Bu iñ uly daglaryñ biri bolan Ewerest dagyndanam hatda ondan ýokary uçyp bilýän uçarlardanam beýik bolýar. Bu uly termon ýadro bombasydyr. Bomba 1970 nji ýyllarda başgada köp ýurtlar tarapyndan öndürlip ugrady. 1984 nji ýylyñ 15 nji dekabrynda barlag edilendir. Bombanyñ uzynlygy 3,67 m; diametri 45,7 sm.

B83 enjamlaşdyrylan bombaçynyň uzynlygy 3,67 m, diametri 457 mm. Üýtgeýän kuwwaty 1,2 Mt çenli bolan termiki ýadro zarýady, uzynlygy 90-dan 120 santimetre çenlidir. Bomba daşaýjy uçaryň gitmegini üpjün etmek üçin “Kevlar PTS” bilen enjamlaşdyryldy. B83 aşakdaky uçarlarda ulanylyp bilner :

B-1B

B-2

B-52H

F-15E

F-16

F/A-18A


Castle bravo

Castle Bravo - 1954-nji ýylyň 1-nji martynda Bikini atolunda (ABŞ bilen baglanyşykly Marşal adalary respublikasy) termon ýadro partlaýjy enjamynyň Amerikanyň synagy tarapyndan döredilen bomba. Partlama energiýasy 15 megata ýetdi we “Bravo Castle” ABŞ-nyň ähli ýadro synaglaryndan iň güýçlüsi boldy. Partlama, daşky gurşawyň radiasiýa hapalanmagyna sebäp boldy, bu bolsa bütin dünýäde alada döretdi we ýadro ýaraglary baradaky bar bolan pikirleriň çynlakaý gözden geçirilmegine sebäp boldy.

Bu bomba B83 den hem beter howplydyr.

Uzynlygy 4,5 m; we diametri 1,35 m bolan silindr görnüşlüdir, agramy 10,5 tonna. Partlaýjy enjam Ulam - Teller shemasy boýunça ýasaldy. Ýarylanda gaty uly termon ýadro reaksiýa peyda bolýar.

Ýarylanda 6 Mt bilen 4-8 Mt aralygynda bolup biler diýip hasaplanylýardy. B83 1,2 MT dyr.

Bombanyñ içindäki gurluşy 1954 nji ýylyñ 28-nji fewralda günortan tamamlady. Bomba synag edilende gämide we uçarda bolan takmynan 10 müň adam partlamany synlady.

Partlama 1954-nji ýylyň 1-nji martynda sagat 06:45-de boldy. Partlama güýji hasaplananlardan 2,5 esse ýokary bolup, 15 Mt boldy, şolardan 5-si birleşme reaksiýasyndan we 10-sy termon ýadro zarýadyny gurşap alýan uranyň gabygynyň bölünmeginden çykdy. Bunkerdäki synçylar partlamanyň täsirini güýçli ýer titremesi hökmünde häsiýetlendirip, bunkeri "tupanly deňizdäki gämi" ýaly hasap etdiler.

Hasaplanan güýjüň artykmaçlygynyň sebäbi, energiýa goýberilişine baha berlende, zarýadda bar bolan beýleki litiý izotopynyň 7Li rolunyň hasaba alynmazlygydyr. Ilkibaşda sintez reaksiýasy wagtynda diňe 6Li reaksiýa berer öýdülýärdi, ýöne başga bir izotopyň hem reaksiýa döredendigi we şeýle ýokary partlama güýjüne sebäp bolandygy ýüze çykdy.

Partlamanyň kömelek buludy çaltlyk bilen beýiklige çykdy. Bir minutyň içinde 15 km belentlige, 6 minutdan bolsa 40 km ýetdi. Partlamadan 8 minut soň iň uly belentlige ýetdi. “Kömelek gapagynyň” diametri takmynan 100 km, “ininiñ” galyňlygy 7 km e ýetdi. Toprakda we deňiz düýbüniň ýanaşyk ýerlerinde bolan partlamadan soň, diametri takmynan 1,8 km bolan ullakan bir çukur emele geldi.

Ýarylan bombadan gaty uly reaksiýa çykdy hatda bombadan çykan reaksiýa Çernobildäki atylan reaksiýa bilen deñeşdirildi.

Ýarylandan soñ bunkerdäkiler 11 sagatdan soň çykyp bildiler. Partlamadan 5 sagat soň, merkezden 55,5 km uzaklykda ýerleşýän gämiler hem sagatda takmynan 5 rentgen derejesinde ýokaşdy, bu bolsa gäminiñ ekipalaryny içerde gizlenmäge mejbur etdi.

Uzynlygy 550 km we ini 100 km bolan ýumurtga görnüşindäki zona peýda boldy. Ýadro reaksiýasynyñ ýokaşmasy şeýle bir derejä ýetdi welin, 2-nji martda ol ýerdäki 28 ABŞ goşuny uçar bilen gyssagly ýagdaýda Kwajeleine göçürildi.

Synag meýdançasyndan onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän radiasiýa derejesi Newada synag meýdançasyndaky köp sanly ýadro synagynyň merkezinden has ýokarydy. Şeýlelik bilen, Bikini şäherinden 192 km uzaklykda ýerleşýän Rongelap atolunyň demirgazykda ýerleşýän gyrasynda radiasiýa derejesi sagatda 1000 rentgen şöhlesine ýetdi (600 rentgen dozasy elbetde adamlar üçin ölümlidir)


Çar bombasy (Царь бомба) (TSAR BOMB)

Çar bombasy şu güne çenli ýarylan iñ uly ýadro bombasydyr. Dünýäniñ iñ uly bombasy hasaplanýar. Çar bombasy 1961 nji ýylda SSSR tarapyndan öndürilendir we şo ýylam synag edilendir. Bomba iñ başda 100 MT (1 MT 1 milýon tondaky TNT deñdir) soñra 50 MT düşürilendir. Bomba 27 ton agyrlykda bolup, 8 metr uzynlykda we 2 metr ini bardyr. Ýarylanda ýogynlaşmasy 64 km beýgelendir. Bomba synag edilende TUPOLEV TU-95 uçary bilen paraşutly ýere goýberilendir, bulam uçaryñ çaltlyk bilen uzaklaşmasyna peýda edendir.

Atom bombasy ýarylanda Istanbul şäheriniñ daşky gurşawy bilen 10 da 1,8 bölegini tutar.

B83 ýarylanda bolsa Istanbul şäheriniñ daş gurşawy bilen 10 da 4,8 ini alyp biler. Şöhlelenmesi deñizlerdenem çykýandyr. Bu daşky şäherlerde gaty howplydyr.

Castle Bravo Istanbul şäherinde atylsa Türkiýänin şo ýerdäki ýerleşýän meýdançasy doly ýiter we has daşlarada gaty uly maddy zyýan ýetirip biler.

A Çar bombasy Istanbulda atylsa Gresiýa çenli zyýan edip, şöhlelenmesi Ankara şäherinin golaýlaryna ýetip biler. Eger Parižde atylsa Pariž şäheri bilen birlikde daşky gurşawy 35 km çenli ýeri alyp biler. Bu bomba atylanda Kosmosdan hem arkaýyn görüner. Çar bombasy Dünýä boýunça iñ uly bombadyr.

38
363
Relax
16.04.2024 00:29

1)Adamyn gownune degme :-( gun geler senem sol adamyn yerinde bolarsyn ...


2)Ar alyjy bolma ar almanyn sony yokdur


3)yalan sozleme -hakykat bilen yalanyn arasynda ozn kosenersin 


4)Adamyn gybatyny etme -hic kim durmusda bolyan erbetlikleri dilap alyan daldir .


5)Sana ynynyp bil baglany ulanyjy bolma -Ertiki gun senem ulanularsyn


6)Hic kimin (oglanyn.gyzyn )gelejegi bilen oyun etme -oz geljegini yakarsyn ....DURMUSDA DOGRY YASAMAK KYN ...

YONE HASAPSYZ ZAT YOK .!!!!

44
184
Relax
14.04.2024 23:07

Dünýäde harby gudraty boýunça 25 sany iň güýçli döwletler:


1. ABŞ


2. Russiýa


3. Hytaý


4. Germaniýa


5. Birleşen Karollyk


6. Fransiýa


7. Ýaponiýa


8. Ysraýyl


9. Saud Arabystany


10. Günorta Koreýa


11. Birleşen arap Emirlikleri


12. Kanada


13. Eýran


14. Şweýsariýa


15. Awstraliýa


16. Türkiýe


17. Hindistan


18. İtaliýa


19. Yrak


20. Singapur


21. Şwesiýa


22. Päkistan


23. İspaniýa


24. Katar


25. Belgiýa

30
331