♣ Ady soralanda iki minut ýaly pikirlenip, soñ aýdýan adamy görüpmidiñiz? "Köpbilmiş bolandygy üçin şeýdýärmişin! Kakasy şeýle öwredenmişin! "Adyñy soranlarynda-da pikirlenmän aýdaýma" diýenmişin!" Çünki köpbilmişler mydama pikirlenýärmişin...
♣ Dalak, ýürek, içege, böwrek, beýin... al hany şulardan... Ýöne bäş şaýylyk wyždany almagy bir unutma!
♣ Gündiz aýdylmaýan söz ýok eken. Şonuñ üçin öz söýýänligimi gijelerine aýdýaryn.
♣ Her ýurduñ taryhynda buýsanylýan we utanylýan sahypalar bardyr.
♣ Adam söýüp bilermikäm diýip pikirlense, onda onuñ hiç haçanam söýüp bilmejegidir. Hernä şu söýgi diýlen zatda düşünje ýok, ýogsa hiç kim hiç kimi söýmezdi...
♣ Söýüşip durkañ ýylanyñam degmezligini, hatda şol pursatda ýyldyrym ursa-da duýmazlygy isleseñ, onda elmydama yşkyñ dünýäsini pürepür boýla, hatda ajalam söýüşip durkañ janyñy almaga dözmezmişin...
♣ Terezi çekip bilmejek etmişlerimiz, ýer göterip bilmejek günälerimiz bar...
♣ Senden bir gyzym bolsun, adyna "Ýagyş" goýaly. Birem oglum bolsun, adyna "Toprak" goýaly. Ikisi dawalaşsyn, ortada "Palçyk" emele gelsin...
♣ Biziñ başymyza ol agyr kynçylyklary salanlaryñ özüne hormaty bolmandygy üçin bize-de, aslynda adam diýlen zada-da hormatlary ýokdy. Özüne hormaty ýoklar başgalara näme üçin hormat goýsun?!.
♣ Häzirki döwürde adamlaryñ ýaşamaga wagtlary bolmansoñ, öljek günlerine garaşýarlar.
♣ Düşegiñe geçende, ýüregiñ sesi seni ýatyrmaýan bolsa, düşün, onda sen ýalñyzsyñ...
♣ Belki-de, gujagyna dolar ýaly belli-külli bir söýgülimiz bolmady, belki-de biz ýalñyzdyrys... Emma şuny gowy bilmegiñizi isleýän: adam ýaly söýüp bilýänligimizdendir ýalñyzlygymyz...
♣ Wadalaşan ýerimizde duşuşdyk, wadalaşan wagtymyzda däl. Men ýigrimi ýyl ir gelip saña garaşdym, sen ýigrimi ýyl giç geldiñ. Men saña garaşmakdan ýaña garrap gitdim, sen bolsa garaşdyranyñ üçin juwanlygyña galdyñ...
♣ Watan başga zat... Watana taý boljak zat barmy!.. Bolubam bilmez...
♣ Ýaşyñyz kiçi diýip hiç bir hakykatyñ sizden ýaşyryn bolup galmagyny islämok. Çagalaryñ düşünip bilmejek zady ýokdur. Megerem, diñleýjileriñ ýaşyna görä, aýdylýan zatlaryñ düşündiriliş görnüşi üýtgäp biler.
♣ Adamdyr - çydar. Adamdyr - çeker. Adamdyr - döz geler. Aldanar -ynanar.
♣ Bir ýalñyşlyk bar: sen şeýle owadan, menem beýle aşyk bolmajak ýalydyk.
♣ Ýurt ýaşlaryñ egninde beýgelýändir.
♣ Hemme hakykatlar hakykata öwrülmänkä ýönekeý bir hyýaldan ybaratdyr.
♣ Öñem biri: "Biz muny öldürmekçi bolsak, kanuna gabat getirip öldüreliñ!.." diýenmişin. Soñra ol adamy öldürmek üçin ilki kanun ýazypdyrlar, ondan soñam kazyýetiñ ýörite çykaran hökümine esaslanyp öldüripdirler...
♣ Hernäçe galmak islesek-de, käte gitmäge mejbur bolýarys. Käte bolsa hernäçe gitmäge mejbur bolsagam, göwnüniz galmagy isleýär.
♣ Däliler ölüp biler, ýöne, heý, ölüleriñ dälireýänini gördüñizmi?
♣ Adam diýeniñ ýatlamalar toplumyndan ybarat.