https://owrenmeli.app/67740-aforizmalar.html#comment
Relax
07.05.2024 10:18
♣ Dünýäde hiç bir däli, öz däliligini boýun aljak derejede däli däldir.
♣ Maña şeýle diýýärler: "Öñler beýle däldiñ, indi içiñi hümledip ýörsüñ..." Menem şeýle diýdim: "Içi bilen ümmülleşip ýören kalp sizi näme etsin eýse?".
♣ Adam biler bolsa, söz ~ jan diýmekdir. Söze mynasyp bolmak, adama başga jan berýärem diýýärler.
♣ Bir tohum eçildiñmi, gunçasyny al. Bir däne eçildiñmi, agajyny al. Bir pudak eçildiñmi, tokaýyny al. Dünýämi berdim saña, mende gal!
♣ Iñ uly bagt - adamyñ öz halaýan zady bilen meşgul bolmagydyr.
♣ Endigiñe öwrülipdir: nutuk diñleýärkäñ uklap galýarsyñ. Sen beýdip uklap ýörjek bolsañ, dañ atjagyndan, körleriñ ýurdunda çaşynyñ patyşa boljagyndan habaryñ ýok!
♣ Mende şeýle bir täsin pikir bar: ölenimden soñra birje gün ýaşamak we dostdur duşmany etmişleriniñ üstünde tutmak isleýän...
♣ Eýtdiñ, beýtdiñ... garaz garaşdyra-garaşdyra garaşmaga öwrenişdirdiñ. Ençe wagt geçensoñam gelen bolduñ. Men indi seniñ özüñden seniñ zaryñy çekmegi has gowy görýärin...
♣ Bilbil gülüñ zaryndaka, haýsy läle onuñ derdine derman bolup biler?!.
♣ Aldawçy adamyñ jynsy näme bolsa şol bolsun, intellektual derejesi bihaýadyr...
♣ Näçe gynansam-da, nädip ölşümi ýazyp bilemok. Iñ köpem şoña gynanýaryn. Bir ýazyjy başyndan geçiren ähli zatlaryny ýazsa-da, ölümini ýazyp bilmeýär. Ýogsa bolmasa, ölüm ýaşaýyşyñ iñ aýgytlaýjy pursaty ahyryn...
♣ Biz bir kagyzyñ arka we öñ tarapy ýaly. Müdimilik bile, emma hiç wagt bir-birimizi görüp bilemzok...
♣ Meniñ ýaly garybyñam haky iýilermi? Näme üçin diýseñizläñ? Sebäbi meniñ hiç hili arkam ýok. "Ýetimiñ üstüne ýylan oklanlarynda "Wah, arkam..." diýip ýöne ýere aýtmandyr ahyryn...
♣ Dälilik - iñ ygtybarly goragdyr.
♣ Ýalñyzlygyñam al-da, gel meniñ ýanyma! Gorkma, içimiz gysmaz. Seniñ ýalñyzlygyñ meniñ ýalñyzlygym bilen ümmülleşer. Biz bolsa dymarys!!!
♣ Kartalara seretdim, hiç birinde öýüñ ýok. Ensiklopediýalaryñ gatyny açdym, hiç birinde keşbiñ ýok. Sözlükleri agtardym, hiç birinde adyñ ýok. Aýnada özüme bakdym, seni gördüm. Seniñ menden başga ýeriñ ýok...
♣ Häzirki döwürde ýolda gaçyp galan pul tapmak iş tapmakdan has añsat...
34
172