Relax
29.04.2024 08:28

TIKTOK SÖWEŞI



Amerikanlar Hytaýyñ TikTok ulgamynyñ ulanşygyny togtatmak isleýär.


Respublikan partiýanyñ gözegçiligindäki Wekiller mejlisi kompaniýa iki saýlaw ýoluny hödürleýän kanunnamany 65 garşy sese garşylyklaýyn 352 oñyn ses bilen makullady.


Esasy kompaniýa (\"ByteDance\") ýa-ha ulgamy satmaly bolar, ýa-da ýurt derejesinde doly gadagan ediler.


\"Amerikanlary kese ýerli duşmanlaryñ kontrolly programmalaryndan goramak hakdaky kanun\" diýip atlandyrylan bu kanunnama indi tassyklanmak üçin Senatyñ garamagyna ugradylar.


Kanunyñ tassyklanmagy öñki prezident Trampyñ birnäçe ýyl öñ prezident kararnamasy bilen \"TikTok\"-y gadagan etmäge synanyşyp başlan söweşiniñ soñky halkasydyr. Emma şol döwürde kompaniýanyñ beren şikaýatnamalaryna sereden amerikan sudlary Trampyñ bu programmany gadagan etmegine ýol bermändi.


Şeýle-de bolsa, bu söweş häzirem dowam edýär we ýokarda agzalan kanun hytaý hökümetiniñ ABŞ-nyñ içerki işlerine goşulmagynyñ öñüni almagy maksat edinýär.


Kompaniýa hytaý hökümetiniñ programmanyñ goruna el urýandygy hakdaky aýyplamalary yzygiderli ret edýändigine garamazdan, amerikanlar Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyñ ştab-kwartirasy Pekinde bolan hytaý kompaniýasynyñ üstünde gözegçiliginiñ ýokdugyna ynanmaýarlar.


\"TikTok\"-yñ hytaýly kompaniýasynyñ amerikan ulanyjylarynyñ maglumatlaryny edinmeginiñ öñüni alýan \"Tehas\" kanunnamasy hakda telim gezek beýanat berendigini-de aýtmak gerek. Emma görnüşinden şeýle beýanatlar dowam edýänem bolsa, ABŞ hiç kimi özüne gulak asdyryp bilenok.


Hakykat ýüzünde programmanyñ 1%-ne eýe we adminstrasiýanyñ üç agzasyndan biri tarapyndan wekilçilik edilýän hytaý hökümeti \"TikTok\" goruny ulanýandygyny ýerliksiz boýun alman gelýär.


Köp sanly iş \"TokTok\"-yñ agzalaryñ paýlaşýan maglumatlaryna syýasy gadagançylyk edýändigi hakda anyk subutnama ýokdugyny görkezdi.


Emma görlüşi ýaly, ABŞ-nyñ \"TikTok\" hakdaky pikiri bilen käbir ýurtlar hem ylalaşýar.


Eýýäm Hindistan, Nepal ýaly ýurtlar bu programmany gadagan etdi. Hindistan ulgamy özi bilen Pekiniñ arasynda geosyýasy dartgynlylyklaryñ bolup geçendigi sebäpli gadagan etdi.

Owganystan, Belgiýa, Awstraliýa, Kanada, Daniýa, Ýewropa bileleşiginiñ ýurtlary, Taýwan, Täze Zelandiýa ýaly beýleki ýurtlaram programmanyñ döwlete degişli enjamlarda ulanylmagyny gadagan etdiler.

Bu meseläniñ täzeden üns merkezinde goýulmagynyñ sebäbi, programmanyñ amerikan halky üçin diñe güýmenje platformasy bolmakdan çykyp, geçen aýlaryñ dowamynda Gaza uruşy boýunça habar çeşmesine öwrülmegi.

ABŞ-daky jöhitler programmany algoritmlerinde ysraýyl tarapdarlygyny edýänlerden has köp palestin tarapdarlygyny edýän seslere üns bermekde aýypladylar.

Programma şol bir wagtyñ özünde geçen hepde Kongresiñ agzalary bilen aragatnaşyga geçmegini we olara kanunnama garşy ses bermekleri üçin basyş etmeklerini teklip edýän klipler hödürläp, köpçülikleýin manipulýasion taktikallary ulanmakda-da günäkärlendi.

Bu meselä amerikanlaryñ ýarysyndan gowragy üns berýär, şeýle-de programmanyñ ABŞ-da 170 million ulanyjysy bar.

"TikTok"-yñ 2023-nji ýyldaky jemi 120 milliard dollarlyk global girdejisiniñ içinde ABŞ-da gazanan puly geçen ýylka garanda kyrk esse köpelip, 16 milliard dollara ýetdi.

Bu görkezijiler juda köp we edil häzirki wagtda mejbury satyş ýa-da gadagan edilme bilen ýüzbe-ýüz bolam kompaniýa degişli. Hytaý hökümeti programmanyñ mejbury satylmagyna gazaply garşy çykýandygyny aýtdy.

Birnäçe gün öñ Hytaýyñ Daşary işler ministrliginiñ press-sekretary ABŞ-nyñ programma garşy "garakçy mantygy" bklen hereket edýändigini öñe sürdi.

Programmanyñ potensial müşderisiniñ kimdigi entek belli däl. Geçmişde prezident Tramp şuña meñzeş proseduralary amala aşyrmaga synanyşanda, "Microsoft" satyn alma ylalaşygy boýunça "TikTok" bilen gepleşikleri geçiripdi, emma bu gepleşikler netije bermändi.

Yzyndan "Oracle and Walmart" ABŞ-daky operasiýalaryny satyn almak üçin kompaniýa bilen ylalaşyga gelipdi, emma bu ylalaşygam Baýden hökümetiniñ ylalaşygy gözden geçirmek pikirine gelmeginiñ yzyndan ýatyp galypdy.


Wekiller mejlisiniñ kanunnamany tassyklamagy hytaýly kompaniýany kyn ýagdaýda goýdy, çünki ol amerikan hökümetine garşy hukuk ýoly bilen göreşmäge mejbur bolar.

Bu göreş arkaly bäsdeşi Trampyñ ýeñişi bilen Baýdeniñ wezipe möhletiniñ gutarmagy umydy bilen dawada belli karara gelinmegini gijikdirmäge synanyşar. Kompaniýa Tramp döwründe edenini gaýtalaýar, şol wagtam dawada belli karara gelinmegini Baýden üstün çykýança gijikdirmäge synanyşypdy.

Ýöne ýeke-täk ironiýa bulam däl, hytaýlylaryñ amerikan hökümetiniñ söz azatlygyny çäklendirýän, metbugat azatlygyny bozýan ýa-da parahatçylykly ýygnanyşyk geçirme hukugyny gadagan edýän kanunlary kabul etmeginiñ öñüni alan ABŞ-nyñ Konstitusiýasynyñ Birinji üýtgeşmä eýerilmäge çagyrmagy-da geñdi.

Amerikanlar bolsa muña tutaryk hökmünde Hytaýyñ öz ýurdunda eden işlerini, ýagny daşary ýurt mediýa serişdeleri bilen sosial mediýa saýtlaryny gadagan etmegini görkezýärler.


Abdylla RADDADI,

Kitapcy

Saud Arabystanly derñeýji žurnalist, ykdysatçy hünärmen.

24
148
ATOMIC
2 May 2024
gowy bolupdyr😁
Relax
2 May 2024
Salam postlañy doly we dogry görnüşde paýlaş gysga iki setir bolmasyn.@Karaleva_,
Relax
2 May 2024
@sadajaaa, Salam bolya
Akram_Beshimov
1 May 2024
Aydymcy yigitlerde birinji durany
Relax
1 May 2024
@Akram_Beshimov, halykberdimi haysy ?
Akram_Beshimov
1 May 2024
@Relax, blok bolan däldirmi, profiline girip bolanok mendede, bmw suratly profili
Relax
1 May 2024
@Akram_Beshimov, kod ka wagt hemmede sheyle bolya biraz barlap dursun geler
Akram_Beshimov
1 May 2024
Halykberdi Ataýew
Relax
1 May 2024
@Akram_Beshimov, gowy ozin gowmy , kod gelenokmyka , yada yuklenmedi diyip durmykaa?
Akram_Beshimov
1 May 2024
Gowumy dos, bir haýyş bardy. Tkm aydymçy ýigit nikli agza hasabyna girip bilenokmyş birnäçe wagtdan bäri, şony görip bermegiñ haýyşt etdi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.