Relax
04.05.2024 07:29

Bahalaryñ beýle gymmatlamagyna sebäp boljak näme üýtgeşme bolup geçdi?

Şirmaýy kenardaky we Ganadaky uly kakao zawodlary tohuma çykarylýan çykdajylaryñ öwezini dolup bilmeýämdigi üçin önümçiligi bölekleýin ýa-da tutuşlygyna duruzma kararyny aldy


Günbatar Afrikadaky hasyllar önüme bolan talaby garşylamakda ýetersiz bolup galandygy üçin global kakao çigidiniñ gytlygynyñ hasam ýaramazlaşýan ugrundaky habaryñ yzyndan kakaonyñ bahasy geçen hepde rekord derejesine çykdy.Londondaky möhletli iş şertnamalary 10%-e golaý artyp, bir tonnanyñ bahasyny 9 müñ 500 sterling çemesi gymmatlatdy.Kakaonyñ bahasy geçen ýylam görlüp-eşdilmedik derejede galypdy, ýöne şol wagt bir tonnanyñ bahasy 2 müñ sterlingden geçmändi.Bu gymmatlaşyk bütin dünýädäki şokolad pudagyna täsirini ýetiripdi, çünki dünýäniñ bu önüme bolan işdäsi şindizem açyk we özüne gönükdirilen talap her ýyl azyndan 2% artýar.Bu ýurtda bahalaryñ beýle gymmatlamagyna sebäp boljak näme üýtgeşme bolup geçdi?Gysga wagtdaky sebäp, global kakao önümçiliginiñ üçden iki bölegini tutýan Gananyñ we Şirmaýy kenaryñ (Kot'd-Iwuar) şu ýyl ikitaraplaýyn zarba duçar bolmagy.Iki goñşy bir ýandan agaçlara ýolugan wirus ýokanjy, bir ýandanam ýaramaz howa şertleriniñ täsiri bilen iki urgy aldy.Bular aýratynam dünýäniñ iñ uly kakao öndürijisi bolan Şirmaýy kenarda önümçiligiñ peselmegine getirdi.Netijede ýurduñ kakao önümçiliginiñ dörtden bir bölegine golaýy azaldy.Emma kakao gytçylygy krizisiniñ ýeke-täk sebäbi bu däl, krizis has beteri bu pudaga ýatyrylan maýa goýumlaryñ birnäçe ýyllap bozulyp gelinýänliginiñ netijesi boldy.Bu sektora goýumlaryñ gowşamagy pudagyñ güýçden gaçmagyna, sarsgynlara, aýratynam klimat sarsgynlaryna garşy dözümsiz bolmagyna getirdi.Bulara birem önümçiligiñ diñe bir ýerde, ýagny Günbatar Afrikada alnyp barylmagy-da goşulýar.Kakao krizisi dünýädäki ekin meýdanlarynyñ 60%-ne eýe bolan we bu ýerleri janlandyryp bilme güýjüne eýe barha attýan ýaş ilatyñ ýerleşen Afrikadaky oba hojalyk pudagynyñ ýagdaýyna diñe bir şaýatdyr.Afrika şular ýaly artykmaçlyklarynyñ bardygyna garamazdan, dünýäniñ başdan geçirýän ekerançylyk rewolýusiýasynyñ daşynda galdy.Altmyşynjy ýyllardan başlap kämilleşdirilen täze tohumlaryñ we dersleriñ ekin meýdanlaryna baryp ýetmeginiñ gowulanmagy ýaly bir topar faktor dünýä derejesinde ekerançylyk hasyllylygynyñ iki essä çykmagyna ýardam etdi. Mysal üçin şeýle ýagdaý 1965-1995-nji ýyllar aralygynda bürünç önümçiliginiñ iki essä çykmagyna goşant goşdy.

Afrikanyñ ekerançylyk problemalary munuñ bilenem gutaranok:

Infrastrukturasynyñ gowşaklygy, uly böleginde syýasy durnuklylygyñ ýoklugy, ykdysady sarsgynlara garşy ejizligi birnäçe ekerançy maýadary yklyma maýa goýumlaryny goýmakdan saklaýar.Hiç bir kompaniýa töweregi demirýol, gara ýol, hatda ogurlyga garşy logistiki ýollar bilen gurşalmadyk ekin meýdanlaryna maýa goýumlaryny goýasy gelmeýär.Şonuñ üçinem Afrika häzirem ýokary tejribä ýa-da önümçiliklerini artdyrmak üçin ýeterlik çeşmelere eýe däl ownuk telekeçilere bagly.Köp sanly ekin meýdanynda eýýäm otuz ýaşdan geçen agaçlardan hasyl alynýar we täze agaç nahallary oturdylmaýar.Munuñ bir sebäbi-de, birnäçe ýurtlarda ekin meýdanlarynyñ häzirem tire-taýpa kethudalarynyñ eýeçiliginde bolmagydyr.Ýene bir sebäbi bolsa üpjünçiligiñ pesligi sebäpli banklardan maddy kömek alyp bilmeýändikleri.Meýilnamalaşdyryş derejesinde Afrika yklymy ekerançylyk meýilnamalaşdyryşdan doly diýen ýaly mahrum.Käbir afrika ýurtlarynyñ aýry-aýry eden işleriniñ daşynda yklym ýerleriniñ kartasy ýok we önümçilik meýilnamasy doly ýok diýen ýaly. Ýagny birnäçe daýhan hasylyny satmaga bazar bardygyny-ýokdugyny öwrenmezden ýetişdirýär.Mundan on ýyl öñ afrikaly daýhanlara paýlanan ýokary hasylly kartoşka tohumy munuñ aýdyñ subutnamasydyr.Daýhanlaryñ gereginden artyk kartoşkasyny satmaga ýeri ýokdy, şonuñ üçin bahalar peseldi we ekin meýdanlaryndaky hasyl entek ýygylmanka çüýräp galdy.Kakao bahalaryndaky artyş Afrikada ekerançylyk pudagynyñ gowşaklygynyñ we baý gorlara eýe bu materigiñ yzygiderli gytçylyklara uçramagyna sebäp bolan ekerançylyk pudagyna ünssüzligiñ alamatydyr.Bu ýerdäki ironiýa şunda: häli-häzirlerem Günbayat kolonializminiñ netijelerinden ejir çekýän materigiñ ýaşaýjylaryna duýulýan nebsiagyryjylykly duýgudan zyýada şokolada bolan alaçsyz mätäçligiñ dünýäni Afrikadaky bu möhïm pudak bilen gyzyklanmaga iterip biljekligidir.Häzirki wagtda Afrikanyñ Latyn Amerikada we Aziýada bolup geçenlere meñzeş giñ gurşawly ekerançylyk üýtgeşmesine zerurlyk duýýar we bu üýtgeşme üçin hökümetler derejesinde umumy tagallanyñ görkezilmegi gerek.Belli bir sebitde ýa-da belli bir ýurtda öñe saýlanyp biljek girdeji maksady bolmadyk guramalaryñ tagallalar ýa-da pudaga gönükdirilen giñ gerimli işlere eýe däl ýekebara edilen işler hiç hili peýda bermeýär.Afrikada ekerançylyk pudagynyñ gowulanmagy we aýaga galmagy bu materigi bütin dünýäniñ azyk torbasyna öwrüp biler.


Abdylla RADDADI,

Kitapcy

Saud Arabystanly derñeýji žurnalist, ykdysady hünärmen.

27
257
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.