Eger düşündirişde mätäçlik çekýän bolsa ol aforizm şowsuzdyr.
L.Wowenrag
* * *
Akly danalaryň pähimleri bilen tanyşmak ajaýyp türgenleşikdir: ol aklyňy artdyrýar we ýiteldýär.
I.Gerder
* * *
Çuňňur pikirler edil aňymyza urlan demir myhlar ýalydyr, olary hiç zat çekip çykaryp bilmez.
Deni Didro
* * *
Söz asyra, pikir asyrlara degişlidir.
N.Karamzin
* * *
Gysgajyk pähimler adamlaryň kalbyna düşüp, kök ýaýradýarlar, gülläp miwe berýärler hem-de mydama hereket edýärler.
F.Bodenştadt.
* * *
Gowy pikirler beýlekileri hem gowy pikirlenmäge itergi berýär.
W.Belinskiý
* * *
Halk pähimi adaty aforizm ýaly aýdylýar.
N.Dobrolýubow.
* * *
Söz-asyrlara galýan ýeke-täk zat.
U.Hezlitt
* * *
Owadan aňlatma owadan pikiri bezeýär we aýap saklaýar.
W.Gýugo.