JYN TAÝPALARY we MILLETLERI
Jynlar göze görünmeýän, adamlar bilen bile ýer ýüzünde ýaşaýan mahluklardyr. Olar taýpa-taýpa bolup ýaşaýarlar. Ýaradylyşlary-da adamyñ ýaradylyşyndan has irki döwürlere degişli hasaplanýar.
Otdan ýaradylan bu taýpalaryñ we jemgyýetleriñ aýry-aýry atlary we milletleri bar. Bular:
Betr
Betr taýpasy bilen ýaşaýan jynlar adamlary gaharlandyrmaga, gygyrmaga we çagyrmaga üns berýärler.
Bular ýaly adamlaryñ gözi wagtyñ geçmegi bilen hiç zat görmän başlaýar. Erbet adamlaryñ arasynda gezmegi halaýarlar.
• Ammar
Bu taýpa degişli jynlar esasan öýleriñ içinde ýaşaýar. Seýrek ýagdaýda-da nolsa käbirleri öýlerde edilýän hereketlere görä ýaşaýar. Arak-şerap içilýän, Allanyñ adynyñ ýatlanmaýan, nazy-nygmatlaryñ arak-şeraba ýanalyp iýilýän hojalyklaryñ saçagyna-da ýanaşýar.
• Gu:l
Haýsam bolsa bir ýeriñ içerki raýonlarynda göçhä-göçlükde ýaşaýarlar. Gorkunç görnüşde her dürli keşbe girýärler we adamlaryñ ýüregine gorky salýarlar. Käbir wagtlarda adamyñ garşysyna mähnet bir zat bolubam çykyp bilýärler.
• Demon
Bu taýpanyñ mahluklary özlerini hudaý hökmünde görkezýär. Ynandyryp bilme güýçleri diýseñ ýokary bolan demonlar adamlary keşp we ses bilen aldaýar.
• Amir
Tebigy we adamlaryñ ýaşaýan tenha we tebigy ýerlerinde ýaşaýarlar.
Pis gylykly jynlardyr. Yslam akydasynyñ daşynda galyp, musulman adamlara sataşmagy gowy görýärler.
• Dasim
Bu mahluklar iýip-içmegiñ şeýtany hökmünde-de tanalýar we adamlaryñ iýip-içýän wagtynda peýda bolýar. Bissimillasyz iýilýän naharlardan ogurlap garnyny doýurýarlar. Hatda şeýle naharlara gusmak bilen iýlip oturan nahary hapalaýarlar. Şeýdibem psihologiki taýdan adamlaryñ ýykylmagyna sebäp bolýarlar.
• Arwah
Enäniñ garnyndaka ýa-da çagalyk döwründe adamlara musallat bolýarlar. Beden we ruhy taýdan täsir edýärler. Hiç bir sebäpsiz çagasy bolmaýan aýallara-da musallat bolýan mahluklar şu taýpadandyr. Olar enäniñ ýatgysyna girip çagalary bogýarlar.
• Hazep
Ybadat ediljek bolnanda kalbyña howsala salýan we ybadat etdirmezlige synanyşýan mahluklardyr. Edýän bet işleriniñ hemmesi diýen ýaly şowuna bolýar. Adamlaryñ günä işlere bulaşyp galmagyna çäksiz begenýärler.
• El Ebýaz
Bu taýpada ýaşaýan jynlar welilere we pygamberlere musallat bolupdyr. Pygamberlere tär edip bilmeseler-de, alymlaryñ mejlisine girip pikirleri bulaşdyrypdyr. Her meselede adamlara erk edip bilmäge güýji ýetýär.
• Ifrit
Jynlaryñ arasynda iñ güýçlileridir. Adamyñ endamyna aralaşyp, musallat bolýarlar. Aralaşan endamynyñ eýesini däliredýärler. Jynsy meýiller babatda-da bolmajak birnäçe zatlary isleýärler. Weledizynalaryñ (binika çagalaryñ) dünýä inmegini ýola goýýarlar. Howp taýdan alanda ýokary derejede bolýarlar. Adamlaryñ ölmegine sebäp bolup bilýärler. Bu mahluklaryñ ýaşaýan ýerinde guşlar we ýyrtyjy haýwanlar ýaşap bilmeýär.
• Marid
Bu taýpanyñ jynlary asylzada gatlakda ýer alýarlar we iñ howplularydyr. Olaryñ şeýtan bilenem, Hudaý bilenem işleri bolmaýar. Olar ateist jynlardyr. Adamlar bilen gatnaşyk saklamaýarlar we çagyrylan ýagdaýynda ölüm bilen gutaran netijeler ýüze çykyp bilýär.
Adamlaryñ we ýyrtyjy haýwanlaryñ keşbine girip bilme ukyplary bar. Kontrollyk edip bilme ukyplarynyñ bardygy üçin ähli şeýtanlary kontrollary astyna alyp bilýärler.
• Lietli
Bu taýpanyñ jynlary adyny urkaçy jynlardan alypdyr. Adatdan daşary görnüşde adamy was-wasa düşürýärler. Adamlarda çakdanaşa derejede ukuçyllyk we özüni bilmezlik ýagdaýyny döredýärler.
• Metun-Mesit
Adamlaryñ eşidýän zatlary bilen meşgullanýarlar. Adamlary gorpyñ gyrasyna äkidýänçä gidişýärler we şony edip oñarýarlar.
• Müsfer
Injir agaçlarynyñ arasynda, sähralyklarda, ekin meýdanlarynda aýlanmagy gowy görýärler. Boýy 140 sm bolan bu jynlar umuman alanda erbet niýetli däl. Olar adamlardan bimaza bolmadyk ýagdaýynda zyýan etmeýärler.
• Musabbar
Bu taýpanyñ jynlary gowaklarda ýaşaýar. Gaýalyk ýerleri olaryñ iñ köp aýlanýan ýerleri. Boýlary hem 90 sm bolýar. Adamlary halamaýan jynlaryñ görnüşine girýär. Çalt we köplük bolup hereket edýärler. Maşgala ýakynlyklary güýçli bolan musabbar taýpalary köplük bolup hüjüm edýärler.
• Şeýtan
Şeýtan aslyna seredilende ýeke jyndan emele gelipdir. Şeýtan adamlara islese görnüp, islemese görünmän bilýär.
Welhan
Bu jynlar gündelik durmuşdaky närseleri ulanmagy gowy görýär. Olar adamlaryñ maddy güýçlerini ulanýarlar we zyýan ýetirýärler.
• Wesnan
Bu taýpada ýaşan mahluklar ukynyñ şeýtany hökmünde-de tanalýar.
• Zellenbur
Söwda bilen meşgullanýan islendik kişi bilen ham-çam bolýan taýpa. Söwdada aldawçylyga ýüz urdurmak we ýaramaz haryt satdyrmak olaryñ söýgüli pişesidir. Munuñ sebäbi-de söwdagärlere hilegärlik etdirmek, adamlara zyýan çekdirmek we zyýan etmekdir.
• Juhenna
Iñ doñýürek we iñ öçli taýpalaryñ arasynda ýer alýar. Bu taýpanyñ jynlary adamlary hiç halamaýar. Erbet adamlar bilen gatnaşyk açyp, doga-jady üçin ýardam edýärler. Sabyr-takatsyz bu jynlaryñ aýdanyny etmeseñiz, şobada maşgalañyza musallat bolup bilýärler.
• Kulýas
Kulýas taýpasy iñ köplük we iñ howply jyn taýpasydyr. Adamlara aşyk bolup bilýän bu taýpa hamana taýpalaryñ žandarmasy we poliseýi ýalydyr.
• Nusaýbin
Gurhany diñläp musulman bolan ilkinji jyn taýpasydyr. Çakdanaşa derejede güýçleri bolýar.
• Zuzula
Zuzula taýpasy adamlara garşy ynsapsyzlyklary bilen tanalýar. Hazynaly ýerleri tapyp bilýärler. Käbir ýurtlaryñ halkynyñ arasynda gadymy döwürlere degişli altynlary şu taýpanyñ gömendigini we olary ýene şularyñ çykaryp biljekdigini aýdýan gep-gürrüñler bar.
kitapcy
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.