Relax
07.06.2024 18:52

Her gün köçelerde, metrolarda, marketlerde, ýanymyzda bolan müñlerçe, millionlarça adam... Näme üçin nirädir bir ýerlere haýdaşyp barýarlar, nämüçin hemişe ellerindäki telefona dümtünip barýarlar?

Kim bu adamlar? Nähili ýaşaýarlar?

Gowy adamlarmy ýa erbetmi?

Ogrumy, jümrimi, ugursyzmy, utgasyzmy?

Durmuşdaky esasy matlaplary näme?

Maña meñzeýärlermi ýa-da men olara meñzeýärinmi?


* * *


Her gün millionlarça adamyñ arasynda gezip ýörkäm käte aklyma şu soraglar gelýär.

Köçede köpçüligiñ arasyndakam... Ýa-da metroda. Ýa-da uçarda. Ýa bolmasa supermarketde. Liftde...


* * *


Meselem, "Istiklal" prospektinden ýa-da "Taksim" meýdanyndan geçende. Hemmeler durman surata düşýär. Belli bir bölegi öz-özüni surata alanda özünden göwnühoş: Selfi şadyýanlygy bu!

Bular ýaly "möhüm" surata düşüşlikler wagty olaryñ arasyndan geçmek gelşiksiz. Hiç kimiñ "arasyna düşesim" gelenok. Emma olaryñ yzy gutarmasa näme. Biri gidýär, başga biri gelýär. Ýörär ýaly däl.

Sypaýyçylyk edeniñ bilen bolaýanok...


* * *


Adamlar nämüçun beýle köp surata düşýär? Munça selfi nämä gerekkä?

Ýüzlerçe, müñlerçe gezek surata düşýänler öwrülip şol "ajaýyp pursatlaryna" seredýärlermikä beri? Seredende näçe gezek seredýär?

Bu işe beýle özüñi aldyrmagyñ añyrsynda "taryhda galma" höwesi barmyka ýa?

"Şol pursat" şol fotosurat bilen saklanýar. Wagt durýar, pylan-pysmydan...

Wee... Eee?..


Nämüçin el telefonynda surata beýle köp düşülýär? Akylly telefonlar muny mugtuna edýär diýipmi?

Käşgä tölegli bolsady. Meselem her surata bir lira. Girdejisi-de köçede entäp ýören eýesiz itlere bagyşlansa. Eýýäm gorsanyp oturanlaryñyzyñ bardygyny bilýärin. Käbirleriñiz gowy görýärsiñiz, käbirleriñiz "hoşniýetlilik edýärsiñiz", käbirleriñiz gorkýarsyñyz we ýigrenýärsiñiz.

Umuman hemmäñiz diýen ýaly itleriñ ýanyndan geçende olardan has gymmatlydygyñyza ynanýansyñyz. Men däl.


* * *


Adamlar ýene-de bu telefonlarda köp gürleşýär. Köplenç (garşydaş tarapy ýanyñyzda görmezligiñ belli bir derejede aşyp bolmaýan ynamsyzlygy bilen) belent ses bilen.

Birem käte gürleşýän adamlara "kiseden görünmejek" hereketler edilýär. Eller, gollar gürleşmäniñ akymyna görä hereketlenip bilýär. Sen arasyndan geçjek bolup ýörkäñ gözüñe barmak girerinden gorkýañ. Ýöne ol muny duýýanam däldi. Çünki gürrüñ has wajyp, özi has wajyp, barmak has wajyp...

Käte-de öz sesinden başy aýlanyp hemmelere ýöriteläp "göni efirde" çykyş edýänler bar. Aýratynam ýapyk ýerlerde. Meselem, awtobuslarda, restoranlarda, marketlerde çekip-çydar ýaly däl.

Isleseñ, islemeseñ diñlemeli bolýarsyñ: "Men şuny şeýtdim", "men şeýle diýdim", "men şeýle tankyt etdim", "men agzynyñ paýyny berdim"... Baý-baý, sen kim ekeniñ-ow, aga, uýa!..


* * *


Uçardaky epizodlar hem çekip-çydar ýaly däl. Uçulmanka we gonulandan soñ hemişe şol bir aýdylýan sözler:

"Bolýa, uçup barýas indi. Hoş onda".

"Uçup barýas, aeroportyñ gonuş zolagynyñ ýarsyny geçdik".

"Uçar howalandy, telefonyñyzy öçüriñ diýýärler..."

"Şumat gonduk, uçarda men şumat".

"Ýok, heniz düşmedim, uçar gondy, men düşemok".

"Şumat howa menziline golaýlaşyp barýas. On minutdan çykaryn".



Ýüzler, mimikalar dürli-dürli. Kimsi şadyýan görünýär, kimsi gamgyn, kimsi gaharly...

Hemmesi-de bir zadyñ pikirinde. Haýsy pikir has agdyklyk edýärkä eýse:

Synlama-görme pikirimi, bir mümkinçilik döräp topa girsem tamasy bilen gezýänimi?

"Näme bolupdyr? Maşynyny degripmi? Hökman añyrdaky günäkärdir!"

"Arada mende-de şeýle boldy. Gyra sowdum-da, tutdum ýakasyndan..."

"Aslyñ nireden? Içindenmi?"


* * *


Edil häzir şu ýerden geçip barýan adamlaryñ näçesi ganhorka? Näçesi ahlak taýdan bozuk? Näçesi ogry? Näçesi jümri? Näçesi para aldy? Ýa-da berdi?

Näçesi ýalançy diýip biljek däl. Hemmesi-de ýalançydyr. Ýöne näçe ýygylykda we haýsy ýalanlary sözländigikleri dürli-dürlidir.

Kim has ussatlyk bilen ýalan toslap bilýär? Ýa-da töhmet atyp? Şugulçylyk edip biljegi näçe?

Ýallaklap oñarjagy? Aý, ýok, onam soramaýyn. Hemmesem oñarýandyr, bilýän.


* * *


Kim bu töweregimizdäki adamlar? Nirden gelip nirä barýarlar? Nämüçin beýle gyssanýarlar? Barýan ýerleri şeýle wajypmyka?

Ýa bir zatlardan gaçyp barýarlarmyka?

Kim bular? Hakykatdanam ýaşap ýören adamlarmy? Ýa bolmasa diñe sahnada görnüp, rollaryny oýnap geçip gidýärlermi?


Hakan AKSAÝ.

kitapcy

44
335
180490
16 Iýun 2024
Adamlaryñ aladasy bitenok.ṣol aladalarmyz sebäpli wagtyñ nädip geceninem bilmeÿäs
Relax
8 Iýun 2024
@engl, owrenmela girip şol progdan saylap goysan goyular
Relax
8 Iýun 2024
@engl, play marketdan google foto yuklap alyn
perijik
8 Iýun 2024
Gowy sorag👍👍
Relax
8 Iýun 2024
@engl, Salam , soran
gulya_
7 Iýun 2024
Çuññur pikir etdirýä?!
Relax
7 Iýun 2024
@ayyaly, emojilara goyup bolonok nike name dine milaya_mm diyip yazaynn
Relax
7 Iýun 2024
@Arzuw_Owezova_, tazeden yazay
Relax
7 Iýun 2024
@ayyaly, taze nikin , haysy nike uytgetjek bolyan
Relax
7 Iýun 2024
@ayyaly, nahili nik goyjak bolyanyz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.