Relax
12.05.2024 09:24
Gurhan aýatlaryna we hadyslara salgylanyp geçirilen barlaglar esasynda jynlaryñ iki dürli görnüşiniñ bardygy anyklanypdyr. Birinji topar olaryñ fiziki aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Beýleki topar bolsa häsiýetleri bilen baglanyşykly...
Fiziki taýdan topara bölen alymlar esasan üç dürli görnüşiñ gürrüñini edýärler. Bular:

a). Gara itiñ sypatynda (gara reñkiñ şeýtany güýçleri üýşürme babatda has güýçlüdigine ynanylýar) görünýän jynlar;.


b). Ýylanyñ sypatynda görünýän jynlar;


ç). Ýeliñ sypatyna girýän jynlar. Özem bu toparyñ iýip-içmeýändikleri pikir edilýär.

Bir ýerden başga ýere çalt gidip we jisimleriñ içine girip bilýändiklerini orta asyrlarda ýaşap geçen yslam alymy Ibn Teýmiýe: "Jynlar adamlaryñ we haýwanlaryñ tüýsüne girip bilerler" diýip düşündiripdir. Jynlar Adam atadan öñ ýaradylypdyr.


Pygamberimiziñ (s.a.w) şeýle diýendigi rowaýat edilýär: "Itler özbaşyna bir millet bolmasa, öldürilmeklerini buýrardym. Ýöne bir milleti ýok etmekden gorkdum. Olardan şar gara reñklisini öldüriñ. Çünki bu olaryñ jynlaryndandyr".
Pygamberimiz (s.a.w) bu barada ýene-de şeýle diýipdir: "Şübhesiz, itleriñem bir bölegi jynlardandyr. Jynlaryñ ejizleridir. Her kim nahar iýip durka ýanyna it gelse, naharyndan oña-da bersin, ýa-da iýip bolandan soñ oña iýdirsin".
Käbir alymlar bolsa bu toparlandyrmany şu görnüşde agzaýarlar: "Ganatlary bolan uçýan jynlar, ýylandyr itiñ şekline giren jynlar we bir ýerden bir ýere göçýän jynlar"...

Şuña laýyklykda netijede jynlar esasan üç topara bölünýär:
1). Howada uçip bilýän jynlar;
2). It-pişigiñ, ýylanyñ sypatyna girip bilýän jynlar;
3). Ilatly punktlara ýerleşip we zerurlyk duýýanda göçüp bilýän jynlar. (Çeşme: "el-Hâkim").
Aýatlara we hadyslara salgylananda, jynlary häsiýet taýdan şeýleräk toparlara bölüp bileris:
"Jyn" diýlen köplük san, ýagny "jynlaryñ" (jynny) göz öñüne tutulýandygyny bilýäris.
Adamlar bilen bile öýlerde ýaşaýanlara "Amir", köplük sanda "Ummar" diýilýär.
Çagalara musallat bolýanlara "Arwah" diýilýär.
Betpällilerine "Şeýtan", betpällilikde şeýtandan öñe geçenlere "Marid", betpällikde çäkden-çygyrdan çykanlara "Ifrit" diýilýär.
Jynlaryñ erkegine "Hubs", urkaçysyna "Habais" diýilýär.
Günälerden saplananlaryny "perişde" hökmünde görülýär.

Kitapcy
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
29
162
gowjamm
15 May 2024
@Relax, salam admin men hasabymy pozup berayda gaýrat et
Emirhan_
14 May 2024
@Relax, Salam hayyş etdim welin gormediñiz yaa gormedik boldunyz oytyan.
nabat_
12 May 2024
@Relax, ullakan minnetdar😇
Relax
12 May 2024
@A_♡Nazarova_, howwa
nabat_
12 May 2024
@Relax, şekili ayrylsa gelyami🙁
Relax
12 May 2024
howwa gelmeya beyle shekiler bolsa@A_♡Nazarova_,
nabat_
12 May 2024
@Relax, bildrisiß gelmeyami mundada
nabat_
12 May 2024
@Relax, sag boluñ minnetdar
Relax
12 May 2024
@A_♡Nazarova_, Salam , uýtgedildi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.